Çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň

BabySAGLYK: Türkmenistan çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini girizýär

Türkmenistanyň lukmançylyk edaralary Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemelerini ulanyp başlady we şol kesgitlemeleriň durmuşa geçirlişine gözegçilik etmek üçin ýörite iş topary döredildi.

Çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäni kabul etmek bilen Türkmenistan h ö k ü m e t i ç a g a l a r y ň ýaşamaga we ölmän galmaga bolan hukugynyň berjaý edilmegi ugrunda tagalla etjekdigini subut edýär. Türkmenistanyň şeýle kakar gelenliginden ugur alyp, merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini durmuşa geçirýärler we bu ugurda tagalla etjekdigine söz berýärler. Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmek öňki Sowet döwriniň muňa degişli tekliplerinden bir ädim tesmegi aňladýar we öňler düşük boldy, ýa-da öli dogdy diýlip hasap edilen bäbekleriň diri galyp ýaşamagyna bir mümkinçilik bolar. Şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň şeýle çözgüdi täze dogan bäbekleriň ideginiň gowylandyrmak lygyna, ölmän galmagyna we kömek edilmegine we mundane beýläk hem çaga we ene ölüminiň azalmagyna, galyberse-de Ösüşiň müňýyllyk maksatlaryna üstünlikli ýetmeklige tarap gönükdirlen uly tagalladyr.

TürkmenistanyňDünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy bolan ÝUNISEF –iň , Dünýä Saglyk Guramasynyň (DSG), Birleşen M i l l e t ler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Edarasy ÝUSAID-iň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kesellere Gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziniň (KGM) başlangyçlary tarapyndan goldanylýar.

Unicef Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: