AIW-yň öňüni almak boýunça täze merkezini açýarlar

AIWÝUSAID/POTENSIAL AIW-yň öňüni almak boýunça täze merkezini açýarlar
Aşgabat, 2009-njy ýylyň 23-nji iýuny – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän POTENSIAL taslamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen milletler guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi (UNODC) bilen bilelikde Aşgabat şäherinde neşe serişdelerini ulanýanlaryň arasynda AIW-yň öňüni almak boýunça täze “Söhbetdeşlik merkezini” açdy.

 

Täze “Söhbetdeşlik merkezi” 4-nji Saglyk öýüniň binasynda ýerleşýär we Aşgabat şäheriniň neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.  “Söhbetdeşlik merkeziniň” esasy maksady neşe serişdesini ulanýanlara lukmançylyk we sosial hyzmatlary bermeklik, olara düşündiriş söhbetdeşlikleri hem maslahatlary arkaly AIW-yň öňüni almak.  Şeýle hem merkezde suwa düşmeklik, eşikleriňi ýuwup ütük etmeklige we başga hyzmatlara mümkinçilik berilýär.  Zerur bolsa neşe serişdesini ulanýan adam lukmançylyk hyzmatlaryny almaga ugradylar.  Bu merkez POTENSIAL taslamasy arkaly ÝUSAID tarapyndan hemaýatkärlik edilip, Jon Snou Korporasiýasynyň ylmy barlaglar we işgärleri taýýarlamak boýunça instituty tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat şäherinde neşe serişdesini ulanýanlar üçin ilkinji merkezdir.

POTENSIAL taslamasy AIW/AIDS-iň global pandemiýasynyň garşysyna giň gerimli jogap çäreleriniň infrastrukturasyny döretmekde we AIW-yň ýaýramagyna ýol bermezlik üçin işleýän guramalaryň ulgamyny döretmekde Türkmenistanyň saglygy goraýş we derman senagaty ministrligine ýardam edýär.  Bu AIW-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hereket edýän guramalaryň ulgamyna wekilçilik edýär we amerikanyň ilatynyň ÝUSAID-iň üsti bilen yurtda amala aşyran köp sanly taslamalaryň biridir.  ÝUSAID 1993-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen saglygy goraýyşy gowulandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we jemgyýetiň başlangyçlaryny goldamak üçin hyzmatdaşlykda işleýär.

US Embassy in Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: