Halkara hyzmatdaşlyk

unStatistika ulgamynda halkara standartlaryna geçmegi amala aşyrmakda milli statistika edaralaryna halkara guramalary işjeň kömek berýär.

Ýewrostat bilen (1999-njy ýylda TACIS maksartnamasy başlandy) 2003-nji ýylda 6 düzüji bölek boýunça “Statistika – 5” taslama üsünlikli tamamlandy: “Daşary söwdanyň statistikasy”, “Maglumat tehnologiýalary”, “Düýpli maýa goýumlarynyň statistikasy”, “Kärhanalaryň statistikasy”, “Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýet” we “Öý hojalyklarynyň statistikasy”.

TACIS “Kärhanalaryň statistikasy” taslama boýunça Aşgabat şäherinde döwlet eýeçiligine degişli däl bölegiň kiçi kärhanalarynyň seçilmleýin synag gözegçiligi geçirildi. Taslamanyň maksady kärhanalaryň seçilmleýin gözegçiligini geçirmegiň usulyýet esaslaryny özleşdirmekden, kärhanalary saýlap almagyň usullaryny we tehnikasyny öwrenmekden, maglumatlara düzediş girizmekden, gözegçiligiň neyijelerini bahalandyrmakdan ybarat.

 

“Daşary söwdanyň statistikasy” boýunça aşakdalylar geçirildi:

  • Türkmenistan we Germaniýanyň arasynda daşary söwdanyň maglumatlarynyň deňeşdiriş seljerişi geçirildi we söwda boýunça maglumtlarda deň gelmezlikleriň sebäpleri ýüze çykaryldy;

  • Türkmenistan we Germaniýanyň arasynda daşary söwdanyň statistikasyny emele getirmegiň we çaklaýyş görkezijileri düzmegiň usulyýet ýörelgeleriniň alyş-çalyşy amala aşyryldy ;

  • Halkara standartlaryny göz öňüne tutmak bilen hasaba alynmadyk daşary söwdany bahalandyrmak üçin (Döwlet gümrük jarnamalary bilen) Türkmenistanyň gümrük gulluklarynda fiziki taraplaryň seçimleýin seljerişi geçirildi;

  • Daşary söwdada çaklaýyş modellerinden peýdalanmakda halkara tejribeleri öwrenildi we onuň esasynda Türkmenistanyň daşary söwdasynda çaklaýyş hasaplamalary amala aşyryldy.

2001-nji ýylda Aziýa ýurtlary üçin gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýet boýunça nobatdaky halkara seminarynda (Italiýa, Rim) ISTAT-yň (italýan statistikaçylary) eksperti tarapyndan işçi güýjüniň (iş wagtynyň harçlanyşynyň) seçimleýin gözegçiliginiň usuly berildi, ol soňra 2005-nji ýylda BMGÖM-iň “Türkmenistanda harytlaryň we hyzmatlaryň bazaryny özdürmegiň ileri tutulýan ugurlary” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde harytlaryň we hyzmatlaryň söwdagärleriniň söwda-ykdysady işleriniň barlagy üçin synag edildi.

 TACIS-iň “Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýet” (GEBY) taslamasynyň maksady Türkmenistanyň gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işlerini statistiki hasaba almagyň usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmekden ybarat. Taslama boýunça zähmet harajatlary usulyndan peýdalanmak bilen öý hojalyklarynyň seçimleýin synag gözegçiligi geçirildi (2002 ý.), gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýetiň we goşmaça hasaplamagyň usullarynyň düzüm seljerişi amala aşyryldy, GEBY-ny bahalandyrmagyň usullary ulgamynda we olary milli hasaplara goşmakda halkara tejribeleri öwrenildi.

TACIS-iň  “Düýpli maýa goýumlaryň statistikasy” taslamasynyň maksady halkara standartlaryna laýyklykda maýa goýumlarynyň statistikasynyň täze usullaryny ornaşdyrmakdyr, olar statistiki maglumatlary ýygnamak, ulgamlaşdyrmak we ýaýratmak üçin we bitewi usulyýet esasynda makroykdysady taslama boýunça seljeriş üçin peýdalanylyp bilner. Taslama boýunça aşakdaky çäreler amala aşyryldy: Germaniýanyň maýa goýumlarynyň statistikasyny öwrenmek, statistikanyň tejribesine ornaşdyrmak üçin MHU-nyň talaplaryna laýyk gelýän täze statistiki sowalnamany işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň iki sebitinde synag gözegçiligini geçirmek.  

 TACIS-iň “Öý hojalyklarynyň statistikasy” taslamasy boýunça gözegçiligiň gowşak jähtlerini kesgitlemek üçin öý hojalyklarynyň statistikasynyň gündelik ulgamyny tükelleşdirmek amala aşyryldy, statistika edaralarynyň işgärleri bilen SPSS programmasyny we maglumtlaryň seljerişini öwretmek boýunça okuw geçirildi, öý hojalyklarynyň synag gözegçiligi geçirildi. Taslamanyň maksady öý hojalyklarynyň statistikasynyň usulyýetini we guralyşyny kämilleşdirmekden we olary halkara standartlaryna laýyk getirmekden, aýlyk gözegçilikden çärýekleýin gözegçilige geçmekden ybarat.  

TACIS-iň “Maglumatlar tehnologiýalary” taslamasy häzirki zaman programmalaryndan peýdalanmak bilen, Türkmenistranyň statistika ulgamynda maglumatlar tehnologiýalaryny ösdürmegiň uzak möhletli strategiýasyny işlemegi öz öňünde maksat edip goýdy. Taslama boýunça işleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde maglumatlaryň usulyýet binýadynyň fiziki modeli döredildi, ulgamlaýyn tehnologiýalar gurşawynda we sebitleýin merkezi edaranyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy düýpli gowulandy, milli statistika edaralaryň işgärleriniň öňde baryjy tehnologiýa boýunça bilim derejeleri ýokarlandy.   

Türkmenmillihasabatyň (Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti) we Ýewrostatyň (TACIS) milli statistikany halkara standartlaryna geçirmek boýunça bilelikdäki işleri “Statistika-8”, “Statistika-9” taslamalarynyň çäklerinde dowam etdirildi. 

TACIS-iň Statistika-8 maksatnamasy boýunça “Sarp ediş nyrhalarynyň indeksine (SNI) gözegçilik etmegiň we hasaplamagyň statistiki usulyýetini kämilleşdirmek”, “Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň sanawyny döretmek” boýunça işler göz öňünde tutuldy.

   “Sarp ediş nyrhlarynyň indeksine (SNI) gözegçilik etmegiň we hasaplamagyň statistiki usulyýetini kämilleşdirmek” taslamasynyň maksady halkara standartlaryny we milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, sarp ediş nyrhlaryny hasaplamagyň usulyýetini we gözegçiligiň guralyşyny kämilleşdirmekden ybarat (aýratyn-da oba ýerlerinde). Ilki esasy (halkara) we milli ekspertleriniň tagallalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan sowalnama ýurduň iki welaýatynda synag edildi. Soňra saýlanyp alnan sebitlerde (çäkler boýunça – şäher, oba, görnüşi boýunça – döwlet, döwlete degişli däl) söwda nokatlarynyň listingi geçirildi. Geçirilen listingiň binýadynda sarp ediş nyrhlaryna mundan beýläk yzygiderli (gündelik) gözegçilik etmek üçin söwda nokatlary saýlanyp alyndy (sanawy düzüldi).

“Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň sanawyny döretmek” taslamasy oba hojalygynyň statistikasyny kämilleşdirmegi, döwlet statistiki hasabaty bilen gurşalyp alynmadyk şahsy hojalyklar boýunça goşmaça maglumatlary (önümçilik harajatlary, aralyk sarp ediş, oba hojalygyny ýöretmek üçin öý hojalyklaryna hyzmatlar we ş.m.) ýygnamagy, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň sanawyny döretmegi öz öňlerinde maksat edip goýdular. Iki welaýatda (Mary we Lebap welaýatlarynda) sowalnama işlenip taýýarlanyldy we synag edildi. Seçimleýin synag gözegçiligi oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan öý hojalyklarynyň 3000 sanysynda geçirildi.

 TACIS-iň Statistika-9 maksatnamasy aşakdaky düzüji bölekleri öz içine alýar: “Türkmenistanda iş bilen meşgullanýan ilatyň, işleýänleriň zähmet hakynyň töleginiň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek”, “Senagat kärhanalarynyň düzüm gözegçiligi”.

“Senagat kärhanalarynyň düzüm gözegçiligi” düzüji bölegiň maksady kärhanalaryň statistikasynyň görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek we senagat kärhanalarynyň düzüm gözegçiligini geçirmegiň usullaryny özleşdirmek bolup durýar. Taslamanyň çäklerinde senagat kärhanalarynyň düzüm gözegçiligi geçirildi.

 TACIS-iň Statistika-9 taslamasy boýunça “Türkmenistanda iş bilen meşgullanýan ilatyň, işleýänleriň zähmet hakynyň töleginiň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek” (2007 ý.) temasyndan “Zähmet bazarynyň statistikasy” boýunça iki sany synag gözegçiligi geçirildi:

  • öý hojalyklarynyň binýadynda işçi güýjüniň seçimleýin gözegçiligi;
  • ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynyň kärhanalarynyň we guiramalarynyň işçi güýjüne harajatlarynyň seçimleýin gözegçiligi.

Synag gözegçilikleriniň maksady işçi güýçleriniň gözegçiligi we işçi güýçlerine harajatlar boýunça soragnamalaryň zähmete ukyplylygyny ýüze çykarmakdyr.

Öý hojalyklarynyň iri bir wagtlaýyn geçirilen seçimleýin gözegçiligi – 1998-nji ýylda Bütindünýä bankynyň (BB) we 2003-nji ýylda Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) tehniki taýdan goldaw bermegi bilen geçirilen ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň statistikasyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.  Bu gözegçilikler öý hojalyklarynyň gözegçilikleriniň maksatnamalaryny (maglumatlary ýygnamak we işlemek), öý hojalyklarynyň seçiminiň usulyýetini kämilleşdirmäge, ýaşaýyş derejesine gözegçilik etmäge we maglumatlar binýadyny döretmäge ýardam etdi.

MHU-ny Türkmenistanyň statistikasyna ornaşdyrmakda halkara guramalarynyň: Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG), Halkara walýuta gaznasynyň (HWG) Türk, hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (TIKA) ekspertleri uly kömek berdi.

 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 1995-nji ýyldan bäri HWG-nyň missiýalary bilen berk hyzmatdaşlyk edýär we milli hasaplamalaryň görkezijileri hasaplananda halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça ähli missiýalaryň görkezmelerini ýerine ýetirmekde uly üstünlikler gazandy. Meselem, holding peýdasyny hasaplamak HWG-nyň eksperti tarapyndan düzülen maksatnama boýunça geçirilýär; salgytlary we iýmitlere ýeňillikleri deňeşdirilýän nyrhlarda hasaplamak HWG-nyň eksperti (Lisbet Riwas) tarapyndan maslahat berlen usulyýet boýunça geçirilýär; ykdysadyýetiň maliýe böleginde söwda boýunça jemi goşulan gymmat HWG-nyň ekspertiniň görkezmesi boýunça deňeşdirilýän nyrhlarda gaýtadan hasaplanyldy; guramaçylykly däl, gizlin we  hasaba alynmadyk işleri hasaba almak gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti ölçermek boýunça Gollanma laýyklykda (OECD, IMF, 2002) alnyp barylýar.  

 

2008-nji ýylda TIKA-nyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine Statistika institutynyň ekspertleri (Türkiýe) geldiler. Türkmenistanyň milli hasaplaryny kämilleşdirmek boýunça belli bir işler geçirildi.

Bu tapgyrda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti HWG-nyň sebitleýin konsultanty (Dewi Manraj) bilen berk hyzmatdaşlyk edýär. Ekspertiň maslahat bermegi boýunça “Çärýekleýin milli hasaplar boýunça gollanma” (HWG, Waşington, 2001 ý.) hasaplamalar üçin maýanyň, çärýekleýin jemi içerki önümiň sarp edilişini bahalandyrmak üçin maglumat taýýarlanylýar.

Milli statistikany gowulandyrmak ulgamynda we onuň halkara standartlaryna geçmeginde BMG-nyň, hususan BMG IG, ÝUNISEF, BMGÖM gulluklary işjeň kömek berýärler.

 

Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG IG-nyň ilat öwreniş ulgamynda 2000-2004-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda iki netijäni almak üçin çäreler ýerine ýetirildi. 1 netije – Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň (Türkmenmillihasabatyň) ýanynda ilat we nesil saglygy, seljeriş we ýaýratmak boýunça maglumatlary ýygnamak üçin binýady giňeltmek. Ilatyň statistikasy we onuň nesil saglygy boýunça maglumatlary ýygnamagyň, seljermegiň we ýaýratmagyň milli ulgamyna Syn berildi, ol üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Geçirilen synyň esasynda 1995-2000-nji ýyllar üçin ilat, saglygy goraýyş we nesil saglygy boýunça maglumatlar binýady döredildi, ol ulanyjylara (Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Bilim ministrligine, Durmuş üpjünçiligi ministrligine, Ykdysadyýet we ösüş ministrligine we ş.m. ) elektron görnüşinde ýaýradyldy. Migrasiýany hasaba almagyň häzirki zaman ýagdaýyna we ony kämilleşdirmegiň ýollaryna Syn berildi we neşir edildi. Hereket edýän administratiw stastistika içerki wagtlaýyn migrasiýanyň doly we anyk hasaba alynyşyny ýöretmäge mümkinçilik bermeýär.Ony gowulandyrmak üçin BMG IG we BMGÖM bilen bilelikde 2001-nji ýylda migrasiýa meseleleri boýunça öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi, onuň binýadynda, şeýle hem administratiw statistikanyň maglumatlarynyň esasynda “Türkmenistanda ilatyň migrasiýasyna gözegçilik” temasy boýunça Hasabat taýýarlanyldy, ol üç dilde (türkmen, iňlis we rus dillerinde) çap edildi. Sowalnama (soragnama) Bütindünýä bankynyň halkara eksperti tarapyndan seredilendigini we gowy baha berlendigini bellemek gerek. Geçirilen gözegçilik bar bolan ilatyň hasaba alnyşyny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Bulardan başga-da daşarky we içerki migrasiýanyň sebäpleri ýüze çykaryldy, bu ýurduň Hökümetine ony düzgünleşdirmek üçin anyk çäreler görmäge mümkinçilk berýär.

BMG IG we BMGÖM, Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar instituty bilen bilelikde “Türkmenistanda gender tapawutlarynyň sosial-ykdysady faktorlary” atly ýygyndy üç dilde taýýarlanyldy we çykaryldy.  Aýallaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä konferensiýasynyň hereketleriň Platformasynyň 206a maddasyna laýyklykda (Pekin, 1995 ý.) milli statistika gulluklary adamlara degişli maglumtlary jyns alamatlary we ýaşy boýunça bölmek bilen, maglumatlaryň jemgyýetde erkekleriň we aýallaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri we soraglary görkezer ýaly edip ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, seljerilmegini we berilmegini üpjün etmeli. Türkmenistanyň Bütindünýä konferensiýasynyň hereketleriň Platformasyna goşulmagy “Türkmenmillihasabat” institutyna (häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti) ýurtda gender statistikasyny ösdürmek boýunça wezipäni ýükledi. 1998-2003-nji ýyllarda “Türkmenmillihasabat” instituty döwlet statistiki hasabatynyň tutuş sanawyna jyns boýunça görkezijileri bölüp girizmek bilen gender statistikasyny giňeltmek boýunça uly işleri geçirdi. Bu ýygyndynyň neşir edilmegi ýurtda erkekleriň we aýallaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi. (199-njy ýylda “Türkmenmillihasabat” bilen Türkmenistanda BMGÖM-nyň ýanyndaky aýallaryň ösüşi boýunça gurama bilen bilelikde “Türkmenistanyň aýallary we ösüşde gender tapawutlary ” ýygyndy goýberildi).

2001-nji ýylda Garaşsyzlygyň 10 ýylynda “Türkmenistanda ömrüň dowamlylygynyň faktor seljerişi” tema boýunça gözegçilik geçirildi, ol üç dilde (türkmen, iňlis we rus dillerinde) goýberildi. Bu gözegçilik ömrüň dowamlylygyny artdyrmagyň gorlaryny ýüze çykarmak üçin geçirildi. Şeýle gözegçiligiň öň Türkmenistanda geçirilmändigini bellemek gerek. Gorlary ýüze çykarmak döwlet tarapyndan çäreleriň kabul edilmegi üçin, şol sanda ömrüň ortaça dowamlylygynyň görkezijisini 71,4 ýaşa çenli ýetirmek göz öňünde tutulýan “Türkmenisatanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry” Milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm bolup durýar. Gözegçiligiň netijeleri 2020-nji ýyla çenli döwürde ýurduň ilatynyň çaklanylýan sany hasaplananda göz öňünde tutuldy. BMG IG bilen bilelikde Türkmenmillihasabat “Genstat Region” maglumatlar binýadyny döretdi, ol tutuş Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň (welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň, etraplarynyň) gender ösüşi boýunça maglumatlary öz içine alýar we peýdalanmak üçin dolandyryş edaralaryna, degişli pudaklaýyn ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edralaryna CD-disklerde iberildi.  

BMG IG 2 netijäni durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň ýanynda 2001-nji ýylda Ilat öwreniş meseleleri boýunça gözegçilik we taýýarlaýyş Merkezi döredildi. Bu Merkezde ilat öwreniş boýunça Pudagara geňeşi hereket edýär, oňa demografiýa degişli bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary girýär. Pudagara geňeşde meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar we demografiýa, saglygy goraýyş ulgamynda statistikany we seljerişi gowulandyrmak boýunça çözgütler kabul edilýär.

2003-nji ýylda BMG IG bilen bilelikde nesil saglygy we aýallaryň çaga dogurmaga ukyply ýaşyny kesgitlemek boýunça gözegçilik geçirildi (ýurduň ähli sebitlerinde 1500 öý hojalygynyň seçimleýin gözegçiligi), bu çaga dogluşy boýunça maglumatlary (RÝNÝ-laryň maglumatlary azaldylyp görkezilýär) we ilatyň tebigy hereketi boýunça çaklaýyş görkezijilerini takyklamaga mümkinçilik berdi.

“Türkmenmillihasabat” BMGÖM bilen bilelikde 1997-2000-nji ýyllarda Adam ösüşi barada milli hasabaty taýýarlamaga (türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi), 2003-nji ýylda “Müňýyllygyň jarnamasy BMG: Türkmenistanyň ösüşi ” milli ýygyndyny taýýarlamaga gatnaşdy.

1997-nji ýylyň iýun aýynda BMGÖM bilen bilelikde “Türkmenistanda ýaşaýyş şertleriniň we sosial ösüşiň gözegçiligi” geçirildi. Seçimleýin gözegçiligiň netijeleri boýunça ýaşaýyş şertleri,  kommunal hyzmatlar bilen, uzak peýdalanylýan harytlar bilen üpjünçilik, ilatyň girdejileriniň we çykdajylarynyň derejeleri kesgitlenildi, iş bilen meşgullyk, saglygy goraýyş, migrasiýa meseleleri görkezildi.

BMGÖM-iň goldaw bermegi bilen geçirilen işçi güýçleriniň (1999 ý.), iş bilen meşgullyk we zähmet bazarynyň (2001 ý.) ýörite seçimleýin  gözegçiligi zähmet statistikasyny, zähmet resurslarynyň balanslarynyň hasaplamalaryny gowulandyrmaga, Türkmenistanyň Hökümetine ilatyň iş bilen meşgullygyny ýokarlandyrmak boýunça görkezmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Geçirilen gözegçilikler ýurduň zähmet mümkinçiliklerini, tutuş ýurt boýunça, sebitler boýunça, ykdysadyýetiň pudaklary we bölekleri boýunça ilatyň iş bilen meşgullygyny emele getirmegiň umumy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Oba ilatynyň ykdysady işine, ýaşlaryň ýykgyn edýän ugurlaryna we işe ýerleşdirmegiň mümkinçilkerine jikme-jik gözegçilik edildi.

“Bazar ykdysadyýeti şertlerinde iş bilen meşgullygyň we zähmet hakyna tölegiň seljerişi we olary düzgünleşdirmegiň ýollary” BMGÖM-iň tehniki taýdan goldaw bermegi bilen amala aşyryldy (2003 ý.). Gözegçiligiň netijesinde aýlyk we sagatlaýyn zähmet hakyna töleg barada, 180 hünär topary boýunça işgärleriň işlän wagtlary barada maglumat alyndy.

2002-nji ýylda BMGÖM-iň taslamasynyň çäklerinde mellek ýerleri bolan öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi. Mellek ýerleri bolan öý hojalyklarynyň 0,5%-i bilen sorag-jogap alyşyldy. Gözegçiligiň netijeleri oba hojalygynyň meseleleri boýunça gündelik stastistikanyň maglumatlaryny takyklamaga mümkinçilik berdi.

BMGÖM bilen bilelikde 2001-2003-nji ýylda döwlet eýeçiligine degişli däl (hususy) bölegiň ösüşiniň ýörite gözegçiligi geçirildi.

2000-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň ösüşiniň toplumlaýyn seçimleýin gözegçiligi” geçirildi. Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylaryň seljerişi geçirildi:

  • hususy kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy;
  • hususy we karz serişdeler, esasy we dolanyşyk serişdeleri bilen üpjünçilik derejesi;
  • nyrh emele gelişiniň şertleri, hususy kärhanalarynyň harytlaryna isleg we teklip, satuw bazarynyň ýagdaýy;
  • hususy kärhanalaryň hereket edýän salgyt we bank ulgamyna uýgunlaşmagy;
  • bu kärhanalarda işgärleriň iş bilen meşgullygy, zähmet hakynyň derejesi we sosial kepillikler.

Bulardan başga-da, hususy kärhanalşary ösdürmegiň mümkinçilkleri kesgitlenildi we olara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi boýunça  çäreler işlenip taýýarlanyldy. 

        Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine we şu maglumata gyzyklanma bildirýän beýleki ulanyjylara iberildi. Şonuň ýaly hem, gözegçiligiň gysgaça netijeleri “Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy” ýygyndyda çap edildi (2000 ý.).

2001-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmegiň şertleriniň gözegçiligi” geçirildi. Gözegçilik hususy telekeçilikde hojalyk işleriniň şertlerini öwrenmeklige gönükdirildi.

Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar geçirildi:

  • iş bilen meşgullyk we girdejiler, maýa goýum işjeňligi meseleleri boýunça, karz serişdeler bilen üpjünçilik, salgyt salnyşy we daşary ykdysady işleri ýöretmek boýunça hojalyk işleriniň seljerişi geçirildi;
  • statistiki hasaba alyşyň tejribesine hususy telekeçiler üçin statsitiki hasabatyň formasy ornaşdyryldy, onuň esasynda häzirki wagtda Türkmenistanda işleýän hususy telekeçileriň statistiki sanawy hereket edýär;
  • hususy telekeçilikde kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna iberildi. Gözegçiligiň maglumatlary  “Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy” ýygyndyda çap edildi (2002 ý.).

2002-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda döwlet eýeçilgine degişli däl bölekdäki kärhanalaryň maýa goýum işjeňliginiň faktorlaryna gözegçilik” geçirildi. Döwlet eýeçilgine degişli däl bölekdäki kärhanalaryň maýa goýum işjeňliginiň faktorlarynyň doly gurşalyp alynmagyny üpjün etmek, şonuň ýaly hem gowy hilli maglumat almak üçin bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň uçdantutma gözegçiligi we Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi.  Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar geçirildi:

  • Türkmenistanda emele gelen maýa goýum şertleriniň, maýa goýumlarynyň ösüşine, iş bilen meşgullyga girdejilere täsir edýän esasy faktorlaryň seljerişi geçirildi;   
  • bu ulgamda seljeriş geçirmek üçin maglumatlar binýady döredildi;
  • Türkmenistanyň hususy kärhanalary boýunça maýa goýumlaryny goşmaça hasaplamalaryň usulyna goşmaçalar işlenip taýýarlanyldy;
  •  döwlet eýeçilgine degişli däl kärhanalaryň maýa goýum işlerini mundan beýläk sazlaşdyrmak boýunça (şol sanda  bu ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça) teklipler taýýarlanyldy.

2000-2004-nji ýyllarda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda eýeçiligiň ähşli görnüşlerindäki kärhanalara we hususy telekeçilere salgyt salnyşynyň meselelerine gözegçilik” geçirildi. Gözegçilikde eýeçiligiň görnüşleri boýunça, sebitler we ykdysadyýetiň pudaklary boýunça salgyt salnyşynyň hereket edýän shemasynda hojalyk subýektleriniň gazanan ykdysady netijelerine gözegçilik edildi. Hojalyk subýektleriniň ykdysady ösüşi bilen býujetiň salgyt girdejileri bilen üstüniň doldurylyşynyň arabaglanyşygynyň derejesi kesgitlenildi. Hususy telekeçileriň girdejilerine salgyt salnyşynyň meselerine gözegçilik edildi. Nyrh emele geliş meselesi we olaryň salgyt tölenişine ýetirýän täsiriniň derejesi öwrenildi. Ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli däl (hususy), şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli böleklerinde nyrh emele gelişiniň peýdalanylýan shemasynyň seljeriş geçirildi.

Gözegçiligiň netijeleri boýunça döwlet eýeçiligine degişli däl kiçi kärhanalar boýunça statistiki hasabatyň formasyna we bu kärhanalaryň işleriniň esasy görkezijilerini goşmaça hasaplamagyň usulyýetine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna iberildi. Gözegçiligiň netijeleri Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanuny taýýarlanylanda peýdalanyldy.

  2004-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG tarapyndan Türkmenistan üçin ösüşe ýardam etmek boýunça BMG-nyň bäş ýyllyk (2005-2009 ý.ý.) Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi (ÝUNDAF). ÝUNDAF-yň maksatnamasy halka we Türkmenistanyň Hökümertine milli ösüş maksatlaryna ýetmäge BMG-nyň ýardam etmegine gönükdirilen. Ol hyzmatdaşlygyň özara baglanyşykly üç sany ulgamynda: ykdysady we sosial syýasaty we meýilnamalary işläp taýýarlamak, esasy sosial hyzmatlary daşky gurşawda jemlenýär, onda BMG Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin toplanan tejribeden, tehniki ekspertizadan, maliýe serişdelerinden peýdalanyp biler.

Bu maksatnamanyň çäklerinde milli statistika edaralary tarapyndan BMG-nyň goldaw bermegi bilen aşakdaky taslamalar amala aşyryldy:

–  “Döwlet maliýe statistikasyny kämilleşdirmek üçin maslahat hyzmatlaryny bermek” (2005-2006 ýý.) taslamasy BMGÖM bilen bilelikde geçirildi. Taslamanyň maksady kärhanalaryň maliýesiniň stastistikasynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekden, maglumatlary we hasabatlary ýygnamak ulgamyny  gowulandyrmakdan, şeýle hem halkara standartlaryny döwlet maliýe statistikasyna ornaşdyrmak boýunça işlerden ybarat;

– “Statistiki mümkinçilkeleri ösdürmek” taslamasy BMGÖM bilen bilelikde geçirildi (2004-2006 ýý.),  onuň maksady: gündelik dolandyryşda zerur bolan yktybarly maglumaty öndürmek üçin, ykdysady we sosial ösüşiň netijeliligine gözegçilik üçin (maglumtlar binýadyny döretmek we ş.m.) milli statistiki ulgamyny gowulandyrmakda goldaw bermek;     

– “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň resmi däl böleginde gözegçilik” taslamasy BMGÖM ýardam bermegi bilen geçirildi (2005 ý.). Resmi däl bölegiň möçberlerini bahalandyrmagyň we ölçermegiň usulyýet meselelerini çözmek üçin öý hojalyklarynyň döwlet eýeçiligine degişli däl bölegiň kärhanalarynyň, hususy telekeçileriň ýöriteleşdirilen gatyşyk gözegçiligi geçirildi. Bu gözegçiligi geçirmegiň usuly ýörelgeleri zähmet boýunça statistikaçylaryň      15-nji Halkara konferensiýasynda (1993ý.) milli hasaplar ulgamynyň üstüni doldurýan öý hojalyklarynyň kiçi bölegi hökmünde resmi däl bölek boýunça maglumatlaryň klassifikasiýalary we ony ýygnamagyň usullary barada kabul edilen kararlara esaslanýar. Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar amala aşyryldy:

  • milli statistika şertlerinde resmi däl işler boýunça ýöriteleşdirilen gatyşyk gözegçiligiň täze usulynyň synagy amala aşyryldy;
  • gözegçiligiň usul esaslary işlenip taýýarlanyldy we tejribede dünýä tejribesinde resmi däl bölegi ölçermegiň we bahalandyrmagyň wezipelerine laýyklykda peýdalanyldy;
  • resmi däl bölek barada jikme-jik statistiki maglumatlary ýygnamak işleri geçirildi, oňa öý hojalyklarynyň, döwlet eýeçiligine degişli däl bölegiň kärhanalarynyň (şol sanda kiçi kärhanalaryň), hususy telekeçileriň korporirlenmedik kärhanalarynyň sany we häsiýetnamasy barada, olaryň önümçilik işleri, iş bilen meşgullyk, maýa goýumlarynyň möçberleri, girdejileriň emele gelişi, iş şertleri we bar bolan kanunçylyk çäklendirmeleri, şonuň ýaly hem ykdysadyýetiň resmi we resmi däl böleklerinde emele gelen meýiller barada maglumatlar hem goşulýar.
  • Resmi däl bölekde iş bilen meşgullygyň bahalandyrmasy we emele gelen demografik ýagdaýlardan we gender aýratynlyklaryndan ugur alyp iş bilen meşgullyk meseleleri boýunça alnan netijeleriň toplumlaýyn seljerişi geçirildi.

– “Türkmenistanda harytlar we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary” taslama 2005-nji ýylda BMGÖM bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslama resmi däl bölegi, döwlet eýeçiligine degişli däl bölekde söwda nyrhynyň üstesini hasaba almak bilen haryt dolanyşygynyň möçberleriniň bahalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Taslama aşakdaky netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi:

  • Türkmenistanyň sebitleriniň ykdysady statusyny kesgitlemek maksady bilen sebitara şahmat balansynyň modeliniň esasynda (matrisa) ýurduň sebitlerinde harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň ösüşiniň toplumlaýyn seljerişi geçirildi;
  • Türkmenistanda seçimleýin gözegçiligiň maglumatlaryna görä ýurduň sebitlerinde harytlaryň we hyzmatlaryň satuw möçberlerini bahalandyrmagyň usuly işlenip taýýarlanyldy, gündelik statistikanyň maglumatalry boýunça söwda möçberleriniň tapawutlary kesgitlenildi;
  • tutuş ýurt boýunça we sebitler boýunça JIÖ hasaplananda görkezer ýaly (söwda üstesiniň indeksini hasaplamagyň usulyny işläp taýýarlamak) söwda pudagynda gündelik we deňeşdirilýän nyrhlarda jemi goýberlişi bahalandyrmaga  usulyýet çemeleşemeleri kämilleşdirildi;

– “Türkmenistanda magumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň elýeterliligini bahalandyrmak” taslamasy (2005-2006 ýý.) BMGÖM bilen bilelikde geçirildi we ilata  hyzmatlaryň şu görnüşleriniň  elýeterliligini  kesgitlemek üçin  iberildi;

–   “Hususy bölek bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda maglumatlar hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary” taslama  (2005-2006ýý.) BMGÖM-nyň ýardam bermegi bilen geçirildi. Taslamanyň maksady adam mümkinçiliklerini ösdürmek maksatlary bilen maglumatlar hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemekden ybarat. Taslama aşakdaky maksatlara ýetmäge mümkinçilik berdi:

  • maglumatlar hyzmatlarynyň bazarynyň sebitleriň ykdysady ösüş şertlerine, ilatyň ýerleşişiniň demografik şertlerine, bilim derejesine we tölege ukyplylygyna baglylygynyň seljerişi geçirildi;
  • sebitleriň maglumat hyzmatlaryna mümkinçilkleri we sarp edijileriň islegine baglylykda ony artdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi;
  • eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalar tarapyndan we fiziki taraplaryň amala aşyrýan maglumat hyzmatlarynyň möçberleri we hili bahalandyryldy.

– “Ilat öwrenişiň, nesil saglygynyň we gender meseleleriniň arabaglanyşygy barada düşünjäni ýokarlandyrmak” taslamasy BMG IG-nyň goldaw bermegi bilen amala aşyryldy (2005-2009ýý.). Maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň, seljermegiň milli mümkinçilikleriniň hasabatlaryň, aýratyn-da sosial-ykdysady görkezijileriň, ilat öwrenişiň we ösüşiň  seljerişiniň we düzülişiniň halkara standartlaryna laýyklygynyň üpjün edilmeginden ybarat;

– BMG IG-nyň “Ilat öwreniş nesil saglygy barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we ýaýratmak üçin halkara standartlaryny girizmek” taslamasy 2005-2009-njy ýyllarda amala aşyryldy. Taslamanyň netijesi – nesil saglygy, ilat öwreniş we ösüş boýunça esasy görkezijileri hasaplamagyň esasy ugurlaryny we usulyýetini halkara standartlaryna laýyklykda işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;

– “Türkmenistanda ilatyň iş bilen meşgullygynyň we girdejileriniň gender jähtleri” taslama Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginiň mysalynda BMG IG bilen bilelikde 2005-nji ýylda ilatyň iş bilen meşgullygy we girdejileri ulgamynda emele gelen ýagdaýy seljermek üçin we gender tapawutlaryny ýüze çykarmak üçin geçirildi. Gözegçiligiň alnan netijeleri  ýurduň ähli sebitlerinde ilat öwreniş ulgamynda gender we beýleki meseleler boýunça ilatyň (öý hojalyklarynyň agzalarynyň) pikiriniň seçimleýin sosiologik gözegçiligini geçirmek zerurçylygyny ýüze çykardy;

– “Reproduktiw saglyk, gender meseleleriniň, ilat we ösüşiň arabaglanyşygy meselelerinden ilatyň habardarlygy” taslama BMG IG bilen bilelikde geçirildi (2006 ý.).  Bu gözegçiligiň maksady Türkmenistanyň ilatynyň reproduktiw saglyk, gender meseleleriniň, ilat we ösüşiň arabaglanyşygy meselelerinden  habardarlygyna gözegçilik etmekden ybarat;

 

– “Çagalaryň bähbitleri üçin ösüşiň strategik gözegçiligi, meýilleşdirilişi” taslama ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň görkezijilerine gözegçilik etmek maksady bilen  geçirildi we aşakdaky çäreleri öz içine aldy: “Devinfo” programmasynyň maglumatlar binýadyny döretmek, kompýuter enjamlary bilen üpjün etmek, milli statistika edaralarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri üçin ”Devinfodan” peýdalanmak boýunça seminarlary geçirmek (2004-2007ýý.);

– “Köp klasterli görkezijileriň gözegçiligi” “MIKS-3” (2006 ý.) ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen geçirildi. Gözegçilik Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi  we ýaňy ýakyndaky halkara ylalaşyklarynda – 191 döwlet tarapyndan, ýagny BMG-nyň ähli agzalary tarapyndan 2000-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen Müňýyllygyň Jarnamasynda, 2002-nji ýylyň maý aýynda BMG-nyň agzasy bolan 189 döwlet tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Ýörite sessiýasynda çagalaryň ýagdaýy boýunça kabul edilen “Çagalaryň ýaşaýşy üçin ýaramly dünýä”  hereketleriň Meýilnamasynda bellenen maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek zerurçylyklary netijesinde ýüze çykdy. Ýaňy ýakyndaky 4 we 5 MÖM üçin  “2015-nji ýyla   yzyna hasaplamak” hasabatda, “MIKS-3” gözegçiligiň netijeleri Türkmenistana 2015-nji ýyla maksatlara ýetmegiň ýolunda bolan 68 ýurduň arasynda 6-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi;

– “Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy” taslama ÝUNISEF bilen bilelikde amala aşyryldy (2007 ý.). Bu taslamanyň maksady “Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy” atly doklady taýýarlamakdan ybarat, onuň esasyny ýurtda meseleleriň giň görnüşleri boýunça çagalaryň ýagdaýyna gözegçilik, şonuň ýaly-da ony gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri kesgitlemek düzdi. Doklad döwlet statistikasynyň resmi materiallaryna, maglumatlaryna, şonuň ýaly hem ýörite gözegçilikleriň netijelerine esaslanýar;

– “Ýaşlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň peýdalanylyşyna gözegçilik” taslamasy ÝUNISEF bilen bilelikde amala aşyryldy (2007 ý.). Bu gözegçiligiň maksady  ýaşlaryň (aýratyn-da çagalaryň) iş bilen meşgullygynyň we Türkmenistanda zähmet ulgamynda kepillikleriň üpjün edilişiniň häzirki zaman meýillerini öwrenmekden ybarat. Gözegçilik aşakdakylara mümkinçilik berdi: 1 – Türkmenistanda we onuň sebitlerinde zähmet ulgamynda çagalaryň we ýaşlaryň ýagdaýy barada esasy maglumatlary almaga  (5-18 ýaşda); 2 – ýaşlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň kepillikleri barada halkara kadalarynyň we milli kanunçylyklaryň  ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga; 3 – eneleriň/terbiýe berýänleriň çaga hukuklarynyň kepillikleri we ýaşlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň kepillikleri ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygy barada habardarlyk derejesini ýüze çykarmaga;

– “Türkmenistanda obalaryň, şäherçeleriniň we şäherleriň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň derejesiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň sosiologik gözegçiligi” taslama BMGÖM bilen bilelikde durmuşa geçirildi (2007ý.). Ilatly ýerleriň we öý hojalyklarynyň bu seçimleýin gözegçiliginiň maksady sosial-durmuş infrastrukturanyň bar bolan ulgamyny we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şonuň ýaly-da öý hojalyklarynyň zähmete ukyply agzalarynyň ykdysady işlerini   bahalandyrmak boýunça jemgyýetçiligiň pikirini öwrenmekden ybarat. Geçirilen gözegçiligiň esasy netijeleri (jemgyýetçilik pikiri) Türkmenistanyň Prezidenti G. Berdimuhamedowyň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň gutarnykly görnüşi taýýarlananda peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine iberildi;

– “Ýaşlaryň nesil saglygy, bu gurşawda özüni alyp baryş meseleleri bilen ýaşlaryň habardarlyk derejesi” taslama (Türkmenistanyň öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi) BMG IG bilen bilelikde 2008-nji ýylda amala aşyryldy. Geçirilen gözegçiligiň netijesinde aşakdakylar ýüze çykaryldy: ýaşlaryň nesil saglygy we maşgalany meýilleşdirmek meselelerinde habardarlyk derejesi; kontrasepsiýanyň makul bilinýän usullary; “raýat nikasyna” garaýyş;   AIW/AIDS we deri keselleri barada habardarlyk; bar bolan zyýanly endikler; ata-ene we ulular bilen gatnaşygy.

Stat.gov.tm

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: