3 habar : ýokanç kesel , Kanada-da dońuz dümewi , 3 aýlyk bäbejik aradan çykdy

YeastInfectionGlobal derejede ýokanç kesel abanýar

Dońuz dümewine sezewar bolanlaryń sany 30 müńe çenli baryp ýetdi
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, dońuz dümewiniń ýaýbańlaşmagy sebäpli 41 ýyl soń ilkinji gezek “global derejede ýokanç keseliń abanýandygyny” yglan etdi.
Bu karar, 74 ýurtda dońuz dümewine sezewar bolanlaryń sanynyń 30 müńe çenli baryp ýetmegi sebäpli kabul edildi.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, wirusa garşy dermanyń mümkin gadar gysga wagtda taýarlanmagyny isleýär.
Emma ýolbaşçylar, dermanyń sentýabr aýyndan öń taýar bolup bilmejekdigini bildirdi.
Meksikada dońuz dümewi sebäpli 141 adam öldi.

 

Kanada-da dońuz dümewi sebäpli 6 adam aradan çykdy

Gresiýada 19 adamda dońuz dümewi wirusynyń bardygy anyklandy
Dońuz dümewi howpy dowam edýär.
Kanadada ýene-de bir adam dońuz dümewi sebäpli aradan çykdy.
Şeýlelikde Kanada-da dońuz dümewi sebäpli aradan çykanlaryń sany 6 adama çenli baryp ýetdi.
Germaniýanyń paýtagty Berlinde 23 ýaşyndaky bir zenanda H1N1 wirusynyń bardygy anyklandy.
Germaniýada dońuz dümewi sebäpli hassahanalarda bejeriş astyna alynan adamlaryń sany 170-e ýetdi.
Gresiýada hem 19 adamda dońuz dümewi wirusynyń bardygy anyklandy.
Ysraýylda 17, Palestinde hem 2 adamda dońuz dümewi wirusynyń bardygynyń anyklanandygy beýan edildi.
Dońuz dümewi sebäpli 3 aýlyk bäbejik aradan çykdy

Dünýäde 35 müń 928 adamda wirusa gabat gelindi
Dońuz dümewi ýaýbańlaşmaga dowam edýär.
Argentinada dońuz dümewi sebäpli 3 aýlyk bäbejik aradan çykdy.
Argentinaly ýolbaşçylar, 3 aýlyk bäbejigiń H1N1 wirusyny nireden we nähili ýagdaýda alandygynyń anyk bilinmeýändigini ýatlatdy.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy 76 ýurtda 163 adamyń dońuz dümewi sebäpli aradan çykandygyny we dünýäde 35 müń 928 adamda wirusa gabat gelinendigini bildirdi.

TRT-World Türkmençe

Advertisements

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: