3-nji Ýaş Alymlar Simpoziumy (Chicago 2009)

TASA2009Ýañy ýakynda, Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Illinois ştatyndaky Çikago şäherinde adatdan daşary bir gün boldy. Gözel Çikagonyñ merkezini bezäp oturan İntercontinental Otelinde, beýleki döwletleriñ baýdaklary bilen bilelikde, Türkmen döwletiniñ ýaşyl tugy hem al-asmanda pasyrdady. Türkmen Ýaş Alymlarynyñ 3-nji Simpoziumyna gatnaşmak üçin, dünýäniñ çar künjünden gelen Türkmen alymlary, bu ýere toplandylar. Açylyş dabarasyna Amerikanyñ dürli ştatlarynda kandidatlyk ýa-da doktorlyk işini alyp barýan ýaş alymlar bilen bilelikde, türkmen ýaşlary üçin mekdep bolup ýaşaýan baýry alymlar hem gatnaşdylar.

Ýaş Alymlar Guramasynyñ gurujylaryndan Kakajan Kömürow gurama barada gepläp, türkmen ýaşlarynyñ ylmy kämilliginiñ we üstünliginiñ wajyplygy, olaryñ öñlerindäki böwetler barada durup geçdi. Şeýle hem simpoziumyñ harajatlarynyñ, bütinleý türkmen ýaşlarynyñ goşantlary netijesinde amala aşyrylandygyny nygtady. Dünýä belli türkmen alymy, matematika ylymlarynyñ doktory  Allaberen Aşyraliýewiñ “men etmesem kim eder” diýen şahsy pelsepesi baradaky, Eýran türkmenlerinden professor Arazberdi Tumajyñ geçen çarkandakly we kynçylykly ýoly dogrusyndaky, Texas ştatynda ylmy iş alyp barýan doktor Jumageldi Jumaýewiñ we Yrak türkmenlerinden Mahmud İzzat Mahmudyñ ýaşlara beren öwüt ündewleri we olaryñ Türkmenistanyn gelejegi üçin edýän işleriniñ wajyplygy baradaky eden çykyşlary, ullakan gyzyklanma döretdi. Olar ýaşlara alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlik  arzuw edip, şeýle ýygnanşyklaryñ höwrüniñ köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem, şunyñ ýaly dabaraly işi alyp barýan we gurnamaga ýardym eden ýaş alymlardan Baýram Saryýewe, Ahmet Mamedowa, Turkmen Design we simpoziumyñ esasy guramaçylyk işlerini alyp baran Merdan Kakajanowa minnetdarlyk sowgatlary gowşuryldy.

           Simpoziumyñ ikinji gününde, bolsa türkmen alymlarynyñ çykyşlary diñlendi. İrden başlan simpoziumy Eýranly alym Arazdurdy Tumaç açdy we öz alyp barýan işi barada gymmatly maglumatlar berdi. Kök öýjükleriniñ zamananyñ ösen tehnologiki enjamlary bilen özleşdirilmegi barada alyp barýan işi, medisina ulgamyndaky gymmaty baradaky gürrüñler hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Professor Allaberen Aşyralyýew matematika ylmy baradaky gürrüñine, “matematika ylymlaryñ şasy” pelsepesinden ugur alyp dowam etdi. Ol sosiýal durmuşda matamatikanyñ wajyplygy we türkmen matamatikleriniñ taryhda galdyran yzlary barada gyzykly gürrüñ berdi. Juma Jumaýewiñ uky keselleri baradaky ylmy işi we Orazgylyç Orazgylyjowyñ maşgala lykmançylygy baradaky we Türkmenistan we Amerikanyñ Birleşen Ştatlary bilen deñeşdirip gürrüñ beren işleri, diñleýjileriñ göwnünden turdy. Arslan Zomow bolsa, energiýanyñ Türkmenistandaky tygşytlylygy we onuñ üpjünçiligi dogrusynda maglumat berdi.

            Ýaş alymlardan Perman Goçyýew, Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary üçin taýýarlan proýekti barada gürrüñ berdi. Biribirinden garaşsyz iki guramanyñ alyp barjak işi we onuñ peýdalary barada nygtan Perman Goçyýew, Türkmenistanyñ ylym we bilim syýasatyna goşant boljak bu proýektiñ dowam etjekdigini belläp geçdi. Fransiýada nebit we gaz barada ylmy iş alyp barýan Wepa Nazarowyñ bolsa, Nabucco proýekti we onuñ peýdalary, şeýle hem Türkmenistandaky gaz energiýasynyñ tygşytlylygy we gaz eksportynyñ gelejegi bilen baglanşykly statistiki maglumatlary uly gyzyklanma bilen diñlendi. Baýram Rahymgulyýewiñ türkmen edebiýaty, has takykragy türkmen romanynyñ kemala gelmegi we geçen ýoly barada eden çykyşy hemmeler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmen edebiýaty, onda-da türkmen romany barada Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda ylmy iş alyp barýan Baýram Rahymgulyýew, ilkinji türkmen romany bolan Hydyr Derýaýewiñ Ganly Penjeden romany we onyñ ykbaly barada gyzykly gürrüñler berdi. Hudaýnazar Atageldiýew we Bezirgen Weliýew, bütin dünýäniñ pişe edinip gyzyklanýan ekonomiki çökgünlik we onuñ sebäpleri barada statistiki maglumatlar bilen çykyş etdiler. Türkmenistan ekonomikasy barada hem durup geçen ýaş ekonomistler, bu çökgünçiligiñ Türkmenistana täsiri we nädip ýeñip geçmelidigi barada öz pikirlerini paýlaşdylar.  Aman Gurdow, Amerikanyñ Birleşen ştatlaryndaky bilim sistemasy barada gürrüñ beren bolsa, Gülşirin Orazowa Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynda ylymyñ we bilimiñ has hem ösdürilmegi barada taýýarlan proýektini hödürledi. Ýene bir guwanmaly çykyşlaryñ biri bolsa, Tahyr Alladurdyýew tarapyndan diñleýjiler bilen paýlaşyldy. 1016-njy ýylda geçiriljek dünýä olimpiýadasy üçin dalaşgärlik konkursyna goşulan Çikagony tanatmak dogrysynda taýýarlan “Why not Chicago” (Näme Üçin Çicago Bolmasyn!) atly wideo proýekti bilen birinji ýere mynasyp bolan Caspian Media and Design topary, ullakan alkyşa mynasyp boldylar. Alva Robinson Orta Aziýaly Talyplar guramasy hakynda maglumat berdi. Şeýle hem Aýnabat Ýaýlymowa Global Fond Ulgamynda döredilen  (Global Network Fund) Orta Aziýa Ylymlar Fondy barada gyzykly maglumatlar berdi.

Simpozium, türkmen alymlarynyñ şanyna taýýarlanan türkmen agşamy bilen tamamlandy. Dürli naz nygmatlar bilen bilelikde bişirilen Türkmen palawy we gowurmasy, Amerikanýn Birleşen Ştatynda giñden ýazylan türkmen saçagyna  öwüşgin berdi. Dünýaniñ dürli künjeklerinden gelen yüz ellä golaý türkmen ýaşlary we ýaşulylary agşam naharyndan soñra, Türkmenistanyñ gelejeginiñ abat bolmagy, ýudumyzyñ abadançylygy we gözel ülkämiziñ mundan beýläk-de has gülläp ösmegi üçin arzuw etdiler. Soñra bolsa, simpoziuma gatnaşyp, netijeli çykyş eden ýaş alymlara minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

 
                                                                        Taýýarlan Baýram Rahymgulyýew
 
Chicago 2009 summary

Turkmen-American Scholars Association

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: