ÝUSAID neşe serişdesini ulanýanlaryň arasynda AIW-yň öňüni almak boýunça okuw sapaklaryny geçirmeklige hemaýat edýär

ddAşgabat, 2009-njy ýylyň 9-njy iýuny – 2009-njy ýylyň iýun aýynyň 8-11 aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän POTENSIAL taslamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde neşe serişdesini sanjym arkaly ulanýanlaryň arasynda AIW-yň öňüni almak boýunça okuw sapaklaryny geçirer.  Okuw sapaklaryna Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň narkologiýa kafedrasynyň we neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň ilat bilen işleşýän wekilleri we hünärmenleri okuw sapaklaryna gatnaşmaga çagyryldylar.  Şeýle hem, gatnaşýanlaryň arasynda POTENSIAL taslamasynyň ýardam etmeginde Aşgabat şäherinde açylmaly, neşe serişdesini ulanýanlara lukmançylyk maslahatlary we sosial hyzmatlary bermek boyunça Söhbetdeşlik merkeziniň ilat bilen işleşýän hünärmenleri bar.

ÝUSAID-iň maliýeleşdirýän bu okuw sapaklary ilatyň töwekgel toparlarynyň arasynda AIW-yň we jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň öňüni alyş çäreleri geçirmekde ilat bilen işleşýän hünärmenleriň bilimlerini we ukyplaryny artdyrmaga gönükdirilendir.  Okuw sapaklaryny Gazagystan Respublikasynyň “Umyt” maslahat beriş – anyklaýyş merkeziniň halkara derejeli maslahatçysy geçirer.  Okuw sapaklarynyň sessiýalarynda hassalar bilen netijeli söhbetdeşligi saklap işleşmek boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
     
POTENSIAL taslamasy AIW/AIDS-iň global pandemiýasynyň garşysyna giň gerimli jogap çäreleriniň infrastrukturasyny döretmekde we AIW-yň ýaýramagyna ýol bermezlik üçin işleýän guramalaryň ulgamyny döretmekde Türkmenistanyň saglygy goraýş we derman senagaty ministrligine ýardam edýär.  Bu AIW-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hereket edýän guramalaryň ulgamyna wekilçilik edýär we amerikanyň ilatynyň ÝUSAID-iň üsti bilen yurtda amala aşyran köp sanly taslamalaryň biridir.  ÝUSAID 1993-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen saglygy goraýyşy gowulandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we jemgyýetiň başlangyçlaryny hem-de ykdysady ösüşi goldamak üçin hyzmatdaşlykda işleýär.

US Embassy in Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: