Diabet keseline uçramak töwekgelliginiň artmagy üçin gaýtadan işlenilen etiň 50 gramy ýeterlikdir

BÜZMEÇELERI IRDEN IÝMEK ÝÜREK ÜÇIN ZYÝANLYDYR

Gaýtadan işlenilen etleriň, mysal üçin büzmeçeleriň iýilmegi ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny artdyrýar. Alymlar gaýtadan işlenilmedik täze etiň zyýany büzmeçeleriň ýetirýän zyýanyndan azdygyny çaklaýarlar.

Garward uniwersitetiniň ylmy-barlag topary milliondan gowrak adamlaryň iýmitlenişini öwrenip, geçiren işleriniň netijelerini analiz etdiler.  Olar gaýtadan işlenilen etiň bary-ýogy 50 gramynyň diabet keseline uçramak töwekgelligini artdyrýandygyny ýüze çykardyrlar.

Emma gaýtadan işlenilmedik etiň: sygyr, goýun ýa doňuz etleriniň iki esse köp mukdary iýlende-de, diabet keseline uçramak töwekgelligi ýok. Ýogsa etleriň iki görnüşinde-de: gaýtadan işlenileniň-de, gaýtadan işlenilmedigiň-de düzümindäki ýag mukdarlary deňdir.

Circulation žurnalynda çap edilen makalada alymlar gaýtadan işlenilen we gaýtdan işlenilmedik etleriň düzümindäki holesteriniň we ýaglaryň deňdigini hasaba alyp, gaýtadan işlenilen etiň zyýanlylygyny olaryň düzümine duzlaryň we konserwantlaryň goşulýandygy bilen düşündirýärler. 

Bulara kakadylma we duzlama usullary bilen gaýtadan işlenilen et önümleri, şol sanda büzmeçeler we salyami degişlidir.

Duzuň arterial gan basyşyny ýokarlandyryp, ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelligini artdyrýandygy mälimdir.

Haýwanlarda geçirilen ylmy synaglaryň netijesinde duz birleşmeleriniň aterosklerozyň döremegine we glyukoza bolan tolerantlygyň peselmegine eltýändigi kesgitlenildi. Bu bolsa öz gezeginde ýürek keselleriniň we diabetiň ýüze çykmagyna ýardam edýär.  

Et iýmekendikleri

Garwardyň jemgyýet saglygyny goraýyş mekdebiniň alymlar topary 20 ylmy-barlag işleriniň netijelerini derňediler. Bu ylmy-barlag işlerine 10 döletden milliondan gowrak adam gatnaşdy.

Netijede günde gaýtadan işlenilen etiň 50 gramynyň iýilmegi (mysal üçin bir büzmeçäniň ýa-da kakadylan doňuz etiniň iki sany ýukajyk kesimi) ýüregiň koronar ýetmezçiliginiň döremek töwekgelligini 42%, diabetiň döremek töwekgelligini 19% artdyrýandygy ýüze çykaryldy.

«Emma şu ýagdaýlarda gönüden-göni sebäp-netije arabaglanyşygynyň bardygyny subut edip bolmaýar. Sebäbi biziň geçiren gözegçilik işlerimizde töwekgellik faktorlarynyň başga toparlary hem hasaba alyndy» diýip, taslamanyň baş barlag geçirijisi Renata Mitç belläp geçýär.

Britaniýanyň Kardiologiýa Assosiasiýasynyň baş diýetology Wiktoraiýa Teýlor şonda-da et iýmegi halaýan adamlaryň et iýmekligi bütinleý goýbolsun etmeli däl diýip hasaplaýar.   

«Eti has kiçi böleklere bölüp, çig eti has “sagdyn” usulda, mysal üçin gyzgyn peçde taýynlaň. Şular ýaly usulda taýynlanylýan etiň “datly” ysy üçin oňa ter ýa-da guradylan spesiýalary, duz deregine bolsa burç ulanyň» diýip, Wiktoriýa Teýlor maslahat berýär. 

Britaniýanyň doňuz etini öndürýän assosiasiýasynyň resmi wekili öz gezeginde gaýtadan işlenilen etiň sagdyn iýmitlenmäniň aýrylmaz bölegidir diýip ykrar edýär.

Assosiasiýa doňuz etinden öndürilen azyklary ulanmak babatda resmi karar çykarylmazdan öň goşmaça barlag işleriniň geçirilmegini talap edýärler.

Assosiasiýanyň wekili: «Geçirilen dürli barlag işleri doňuz etiniň köp iýilmegi sagdyn iýmitlenmäniň deňagramlylygynyň saklanylmaýandygyny tassyklaýar. Şunlukda, doňuz etini hemme keselleriň “sebäpkäri” diýip hasaplap bolmaz» diýip aýdýar.

Ulanylan WEB Salgy

http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-iymitlenme-we-berhiz/sagdyn-iymit/44-buzmeceleri-irden-iymek-yurek-ucin-zyyanlydyr.html

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: