Duzuň we unuň hiline gözegçilik etmek ulgamlarynyň kämilleşmegi barada seminar

saltÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligi, ÝUSAID we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi duzuň we rençlendirlen unyň hiline gözegçiligi kämilleşdirmek maksady bilen tälim beriji okuw geçirdiler. Türkmenistanyň bu ugurda sebitde ilkinjileriň hatarynda bolup, ýurduň her bir hojalygy üçin ýodlanan duzy elýeterli edip goýmagy şeýle seminaryň geçirilmegine sebäp boldy. Duzuň öndürlişine we ýaýradylşyna gözegçilik etmek we baha bermek ulgamynyň Türkmenistanda häzire çenli eýýäm ýola goýlup, alnyp barylýanlygy üçin, geçirlen şol seminaryň maksady şol ulgamy berkitmek we şol bir wagtyň özünde rençlendirlen unuň onümçiligine gözegçilik ulgamyny ýola goýmak boldy.

Türkmenistanyň uny demir bilen rençlendirmek babatynda milli ygtyýarnamasy bar. Bu bolsa çagalaryň we aýallaryň akyl we beden taýdan has gowy ösmeginiň kepili bolar. “Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde biz ýodlandyrlan duzuň hiline gözegçilik edýän ulgamy ýola goýduk, şonuň bilen bir hatarda-da unuň rençlendirilmegine we hiline gözegçilik etmek ulgamy işe girizmek boýunça iş alnyp baryldy.  Geçirlen seminarda şeýle gözegçiligiň dowamly bolmagyna ýardam ediji çäreleriň meýilnamasyny teklip etmäge mümkinçilik tapyldy”, diýip Türkmenistanyň arassaçylyk we keseliň öňüni alyş gullugynyň başlygynyň orunbasary Annamyrat Orazow nygtady. Bu seminara senagatyň un we duz öndüriji pudaklarynyň wekilleri, arassaçylyk we keseliň öňüni alyş gullugynyň milli merkezleriniň wekilleri we Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň agzalary gatnaşdylar. Öndürilýän unuň köpüsini we kabul edilýän çörek önümlerini netijeli reçlendirmekde Türkmenistan sebitde öňde baryjy orna eýe we, bu ugurda alnyp barylýan işler edilen tekliplere laýyklykda alnyp barylsa, has hem uly üstünliklere eýe bolar”, diýip uny rençlendirmek boýunça maslahatçy jenap Piter Ranum nygtagy.

Unicef Turkmenistan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: