AIW/AIDSiň öňüni almak: Çagalaryň we AIDSe garşy göreşiň hatyrasyna birleşeliň

hivÇagalar özge çagalaryň aýdanlaryna gulak gabartmaga ýykgyn edendirler. Bu düşünje AIDS keseliniň öňüni almak boýunça tälim beriji maksatnama üçin esas edilip alyndy. Has anyk aýdylanda, şu düşünje AIW/ AIDSiň öňüni almak meseleleri boýunça güýz lagerini geçirmekde itergi bolup hyzmat etdi. On günüň dowamynda 16 ýaşdan 19 ýaşa çenli ýetginçekleriň 30 golaýy AIW/AIDSiň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar.

Şonuň bilen bir hatarda olar täze durmuş endiklerini we öz deňdeşleriniň hem şol mesele boýunça bilim-düşünjesini artdyrmak usulýetini öwrendiler. Lager Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasy bilen ÝUNISEFiň bilelikdäki tagallalarynyň we BMGniň AIW/AIDS boýunça bilelikdäki maksatnamasynyň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Migrasiýa baradaky Halkara Guramasynyň goldawy netijesinde geçirildi. Maksatnama AIW/AIDSiň öňüni almak meselelerini boýunça milli Maksatnama laýyklykda geçirildi we Bütindünýä AIDS güni mynasybetli Türkmenistanda başlanan maglumat kampaniýasynyň nyşanyna öwrüldi. Geçirilen özara gatnaşygy, işewirligi talap ediji ýumuşlaryň netijesinde lagere gatnaşan ýaşlar indi AIW/AIDSiň döremeginiň sebäplerini we onuň howplary barasynda has köp bilýärler we jemgyýetiň ýaş agzalary hökmünde özleriniň ýer ýüzi möçberinde millionlarça adamlaryň janyna howp salýan bu derdiň öňüni almakda neneňsi goşant edip biljekdigi bilen içgin gyzyklanýarlar. Sözüň doly manysynda adamlaryň janyny ölümden halas edýän bilimiň eýesi bolan güýz lageriniň gatnaşyjylary wagyznesihat berijilerdir-ündeýjiler hökmünde ýurduň welaýatlarynyň bäşisine hem iberildi. Olar gozgalýan meseleler boýunça öz deňduşlarynyň aň-düşünjesini artdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etdirmek maksadyna hyzmat etmelidirler. Häzirki wagta çenli bütin ýurt boýunça üç ýüz çemesi ýetginçekler AIW/AIDSiň öňüni almak meseleleri boýunça öz deň-duşlary tarapyndan geçirlen şular ýaly tälim beriji okuwlara gatnaşdylar. AIDSiň öňüni almak boýunça şular ýaly maglumatyň goşmaça derejesinden maşgalalar, ene-atalar we jemgyýetler peýda taparlar diýlip garaşylýar. “Şular ýaly lagere gatnaşmaga mümkinçiligiň tapylanlygyna men örän minnetdar”, diýip gatnaşyjylaryň biri diýdi. Gatnaşyjylaryň ýene-de biri bolan Aýna Allaberdiýewa bolsa şeýle diýdi: “Biziň lagerde alan maglumatymyz we öwrenen ukyplarymyz biziň her günki durmuşymyzda peýdaly bolar. Men şol alan bilimlerimi we maglumatymy töweregimizdäki ýaşlara ýetirýändigime örän buýsanýaryn”.

Unicef Turkmenistan

Okaň =>

Unicef

One Response

  1. Salam . Nahili ? Sag bol .

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: