Göz kesellerini bejerýän merkeziň taslamasynyň tanyşdyrylyşy

eye testTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan duşuşyga Türkmenistanyň medisina jemgyýetçiliginiň wekilleri, şeýle hem Hospitalia International kompaniýasynyň wekilhanasynyň direktory Karl Weýland çagyryldy. Bu kompaniýa ýurdumyzyň halkara lukmançylyk merkezleriniň ählisini diýen ýaly häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etdi.

Göz kesellerini bejerýän merkez türkmen paýtagtynyň günortasynda ýerleşýän Halkara lukmançylyk merkezleriniň direksiýasynyň klinikalarynyň hataryna goşular. Onuň taslamasy döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça «Çalyk Holding» türk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, täze ýöriteleşdirilen edaranyň peýda bolmagy häzir şu iň häzirki zaman halkara lukmançylyk merkezleri tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşini epesli artdyrmaga mümkinçilik berer. Şol merkezlerde iň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly keseli anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryndan peýdalanylýar.

Karl Weýland dünýä ülňüleriniň derejesine ynamly çykýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryna ýokary baha berip, köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýratyn durup geçdi. 1996njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Halkara lukmançylyk merkeziniň gurulmagy şol hyzmatdaşlygyň başyny başlady. Garaşsyz Türkmenistanyň iň täze taryhyndaky ilkinji lukmançylyk şäherjigi hem öz gözbaşyny şol merkezden alyp gaýdýar. Soňra hyzmatdaşlygyň bilelikdäki taslamalarynyň üsti ýurdumyzyň beýleki iri saglygy goraýyş desgalary — Iç keselleriniň halkara lukmançylyk merkezi, durky doly täzelenen meşhur «Arçman» şypahanasy, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň «Ene mähri» merkezi we paýtagtymyzdaky hemde welaýatlardaky keseli anyklaýyş merkezleri, ýurdumyzyň beýleki lukmançylyk merkezleri we hassahanalary bilen ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, Fresenius ProServesiň golçur kärhanasy bolan Hospitalia International keselleri bejeriş edaralaryny gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça dünýäniň esasy kompaniýalarynyň biridir. Häzirki wagtda dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdunda işleýän bu kompaniýa soňky 40 ýylyň dowamynda bütin dünýäde uly hassahana toplumlaryny döretmek boýunça 500den gowrak taslamany üstünlikli tamamlady. Türkmen lukmanlary bilen köpden bäri we ygtybarly hyzmatdaşlyk edýän bu kompaniýa täze Merkezi enjamlaşdyrmak işiniň tabşyryl­magy tötänden däldir. Ol ýakyn wagtda dabaraly ýagdaýda açyljak Kelle we boýun kesellerini bejerýän halkara merkeziň garşysynda ýerleşer.

Taslama laýyklykda, täze oftalmologiýa klinikasy pyýadalar üçin niýetlenen galereýa arkaly birleşdirilen iki sany korpusdan ybarat bolar. Alty gatly birinji bina özüne kesel anyklaýyş we bejeriş bölümlerini birleşdirer. Beýleki köp sanly lukmançylyk edaralarynda bolşy ýaly, täze Merkez hem iň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün ediler. Mysal üçin, lazer operasiýalaryny geçirmek üçin bu ýerde lazeriň mälim bolan ähli görnüşleri ulanylar. Iň täze enjamlaryň arasynda elektron mikroskopy bar. Ol geçirilen ylmybarlag işlerini düýbünden täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, merkeziň enjamlar bilen üpjünçiligi eýýäm häzirden onuň sebitde deňitaýynyň bolmajakdygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Täze klinikanyň ikinji korpusy synag bazasydyr. Onuň mümkinçilikleri häzirki zaman oftalmologiýasynyň derwa­ýys meseleleriniň çözgüdini, göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň täze usullaryny gözlemäge gönükdirilen düýpli ylmybarlaglary geçirmäge mümkinçilik berer. Merkezde wiwariýli wetlaboratoriýa bolar. Şeýle laboratoriýa diňe akademik S.N.Fýodorow adyndaky Göz mikrohirurgiýasynyň pudagara ylmytehniki toplumynyň Federal döwlet edarasynda (Russiýa) bar. Lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylýan keselleriň öňüni almagyň, näsaglary bejermegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we häzirki zaman usullarynyň lukmanlaryň hünäriniň ýokary derejede bolmagyny talap edýändigini nazara almak bilen, Merkeziň hünärmenleri Ýewropanyň esasy lukmançylyk merkez­lerinde ýörite taýýarlyk geçerler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, nobatdaky täsin lukmançylyk Merkeziniň döredilmegi ýurdumyzda oftalmologiýa ylmynyň ösdürilmegine, şeýle hem raýatlarymyzyň saglygyna döwlet tarapyndan uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Raýatlarymyzyň abadançylygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutul­ýan ugurlarynyň biridir.

Çykyş edenler döwlet Baştutanynyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň öz ösüşinde hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Olar milletiň Lideriniň adyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, özlerine bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Altyn Asyr

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: