Çagalar, Terbiýäniň Jadyly Dünýäsi

father - babyTerbiýäniň jadyly dünýäsi
Durdymyrat Rejebow,
TDMI-niň mugallymy
Çaga körpelikde edep, bilim-terbiýe bermek bilen onuň zehinini, başarnyklaryny, ukyplaryny dogry ugra gönükdirmek zerurdyr. Çagany islendik ugra gönükdirmegiň ilkinji şerti ony nämedir bir zada gyzyklandyrmakdyr. Çagany mejbur etmek gowy netijelere getirmeýär.

Meselem, 2-3 ýaşly çaga saz çalmagy öwretmek üçin ilki onuň saza höwesiniň döremegine amatly şertleri döretmeli. Çaga san sanamagy öwretmek üçin ilki onda sanlary gyzyklanmany döretmeli. Çagada suratkeşlige gyzyklanmanyň döremegi üçin onda galamlaryň we kagyzyň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Çaga üçin onuň gyzyklanýan zatlaryna şert döretmän, nämedir bir zada isleginiň döremegine garaşmak peýdasyzdyr.

Çagalaryň birnäçesi üçin „okamak“ sözi o diýen ýakymly däl. Näme üçin?!

Okamaga mejbur edilmegi çaganyň garşysyna gitmek bilen baglanyşykly ýagdaýlary ýüze çykarýar. Tersine, okamagy çaganyň lezzet almagy bilen baglanyşdyryp bolsa, üstünlik bizi tapar.

Çaga ýaramaz okaýandygy üçin hemişe nägilelik bildirilýär, käýelýär. Şonuň üçin çaga okamak, öwrenmek bilen baglanyşykly çekýän azaplaryny öz ýanyndan nädogry hasaplaýar.

Çaganyň haýsydyr bir ugra özünde dörän gyzyklanmalary bes etmegi mümkindir. Onuň bilesigelijiliginiň çägi ýokdur. Çaga bilesigelijiligi dünýä göz ýetirmeginiň ilkinji şertidir, onuň akylynyň ösmegi üçin zerurdyr.

Çaganyň haýsy gyzyklanmalarda ukyplaryny ýüze çykaryp biljegini bir bada bilmesegem, olary ösdürmek borjumyzdyr.

Uly adamlar şol bir zady gaýtalap ýörmegi halamaýarlar. Ýöne çaga welin beýle däl. Çaga şol bir eşiden ertekisini gaýta-gaýta diňlemegi halaýar. Bu onuň beýnisiniň dogry ösmegine oňaýly täsir edýär. Gaýta-gaýta aýdylan ertekini, aýdymy ýa goşgyny ýat tutmak bilen, çaganyň olaryň haýsydyr birine syny oturýar. Şol eser barada üznüksiz sowallar berýär. Netijede, onda dünýä baradaky garaýyşlar kemala gelip ugraýar.

Çaga hyýallaryny ulular hakykatdan daş hasaplasa-da, aslynda ol irki döredijiligiň gözbaşy bolup durýar. Meselem, çaga haýwanjygy şekillendirýän oýnawajy alyp berdiňiz. Ol bu haýwanjyk barada haýsydyr bir hadysa ýa ertekä baglanyşdyryp, gyzykly wakalary toslap biler. Onuň öz hyýaly garaýşy bar. Bu garaýyş onuň sadaja döredijiligini oýaryp biler.

Saz ilki bilen çaganyň ukyplylygyny we ünsüni jemlemek başarnygyny terbiýeleýär. Şunuň bilenem saz gowy häsiýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Saz çalyp bilýän çagalaryň köpüsi şadyýan, gujurly bolup ýetişýärler, jemgyýetde ilhalar adamlar bolup, köpe ýaraýarlar.

Çagalara gysgajyk, akgynly, ýatda galyjy goşgulary hödürlemek gerek. Bu goşgular çagada ýakymly duýgulary döredýär. Çagajyk ömürboýy ýatlap gezer ýaly manyly goşgular, rowaýatlar, ertekiler onuň sözleýiş dilini hem ösdürýär.

Goşgy täsirsiz, gurak, lenji çykan sözlerden düzülen bolsa-da, mejbur etseňiz, çaga ony ýatlap biler. Ýöne bu ýagdaýda goşgy çaganyň ruhy dünýäsini bezäp bilmeýär. Goşgy janly, tebigat we haýwanat dünýäsi bilen baglanyşykly bolanda çaganyň hyýaly dünýäsinde hemişelik orun tapar, onuň pikirlenişini, dünýägaraýşyny, ýakymly duýgularyny ösdürer. Ýatkeşlik türgenleşdirilmese, akylyň kütelmek howpy bar.

Çaganyň arassa kagyza çalymdaş beýnisinde körpelikde gowy yzlar galsa peýdaly. Şonuň üçinem ata-ene perzendine ýaşka hakyky zat bilen harsal zady saýlamagy öwretse, utuş gazanar.

Çaga žipowisiň has çylşyrymly eserlerine düşünmez öýdüp, oňa ýönekeýje suratly kitapçalary hödürlemek bilen çäklenilmeli däldir. Çaganyň aňynda harsal eserler orun tutsa, ol ulalanda hem hakyky eserleri tanap bilmez, soň-soň olary baga ugra gönükdirmek-de kyn bolar.

Çaga 1 ýaşyndan başlap, öýkünjeňlige meýilli bolýar. 2-3 ýaşynda bolsa, ol diňe öz deň-duşlaryna däl, ululara-da aňly-başly öýkünip başlaýar. Şonuň üçinem çagalaryň ýanynda özüňizi alyp barşyňyza üns beriň. Sögünip geplemek ýaly häsiýetleri hem çaga derrew özüne kabul edip alýar. 3 ýaşly çagalar hereketleriňe, gepleýşiňe, ýöreýşiňe öýkünmäge ukyplydyrlar. Çaga öýkünýänligi üçin käýemäň. Öýkünmek bilen çaganyň döredijilik ukyplarynyň hem ösýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Çaga galam tutmagy başarýar. Ony reňkli galamlar bilen üpjün ediň. Ol elbetde, duş gelen ýere çyzyp başlar. Kagyz berseňiz, egri-gyşyk çyzyklar çeker, biraz salymdanam kagyzy ýyrtyp başlar. Bu çaganyň özüni ýüze çykarmasydyr.

Çaganyň surat çekmegi, oýunjaklaryny çaşyrmasy, kagyz ýyrtmasy onuň döredijiliginiň ösmegine oňaýly täsir edýär. oňa her ädimde duýduryş berip durmak maslahat berilmeýär.

Oýunjaklaryň köp bolmagy çagany basmarlaýar, onuň ünsüni bulaşdyrýar. Çaga oýunjaklaryň birisinde dürli oýunlary toslap, has gowy oýnaýar. Onuň hyýalynda bir bölek tagta ýa çäýnegiň döwük gapagy dükanlardaky gymmatbahaly oýunjaklardan has gyzykly bolup biler. Şonuň üçinem çagada adaty bolmadyk pikirlenişi we oýlap tapyjylygy ösdürmek isleýän bolsaňyz, oňa islän oýnawaçlarynyň ählisini äbermäň!

Çaga taýýar oýnawajy äberenden her hili şekilleri düzmäge niýetlenen toplumlary sowgat bermek peýdalydyr. Oýnawaç düzülýän toplumlar bolsa, çaga geň oýnawaçlary (meselem, jaý gurmak, täze maşyn düzmek…) düzmäge höwes döredýär. Şeýlelikde, onuň pikirlenişi, döredijilik ukyplary ösüp başlaýar.

1 ýaşyna ýetmedik çaga palçyk ýa kagyz berip göreliň. Çaga olary belli bir maksatsyz elläp görer, ony öwrener. Olary ellemek bilen şekilini üýtgedip görer we oňa geň galyp syn eder. Kem-kemden ol palçyga belli bir şekil berip, kagyzdanam gämi ýasamagy öwrener. Bular çaganyň döredijilik ukyplarynyň irki döwürde ösmegine ýardam edýär.

Çagany esasy hereket maşklary (sport) bilen körpelikde türgenleşdirmek gerekdir. Beden ösüşi körpäniň akyl ösüşine hem örän oňaýly täsir edýär.

Bu gün türkmen öz pähim-paýhasyna esaslanyp, atalaryň kämil terbiýeçilik mekdebini ýörelge edinip, öz perzendini terbiýeleýär. Türkmen terbiýesi belent kämillige barýar.

Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: