Ýürek we akyl baglanyşygy

Literacy-ClassAdam dünýä inende onuň ýüreginde gelejegiň uçguny bolýar. Şol uçguny söndürmän saklamak, tutaşdyrmak, uly oda öwürmek adamyň bütin ömrüniň manysyna öwrülýär. Durmuşda şol uçguny, ody güýçlendirjek zatlara garanyňda olary haýallatjak, söndürjek ýagdaýlar, sebäpler has köp bolýar. Adam şol ody söndürip biljek zatlar bilen bolan göreşde bekeýär, taplanýar, akyllanýar.Adamynyň gylyk-häsiýetlerini ilki bilen akyl däl-de, ýürek kesgitleýär.
Operasiýa arkaly oturdylan ýürekdäki maglumatlar şol ýüregi alan hassa geçip, onuň hereketlerini, gylyk-häsiýetlerini ýüregiň öňki eýesiniňkä meňzedýär diýen maglumatlar hem bar.

Adamlar biri-birlerine baha berenlerinde köplenç ýüz keşplerine, daş sypatlaryna däl-de, gylyk-häsiýetlerine (ýüreklerine) garap baha berýärler. Durmuşda gowy diýilýän adamlara garanyňda, gylyk-häsiýeti erbet diýilýän adamlar seni has pikirlenmäge, tijenmäge mejbur edýär. Şonuň üçin hem ýagşylyk basym ýatdan çykarylýar, ýamanlyk hiç wagt ýatdan çykmaýar. Elbetde, hassalyk bolmasa saglygyň, ölüm bolmasa ömrüň manysy, bahasy bolmazdy.
“Ýüreksiz akyl zalym, akylsyz ýürek akmak bolýar”. Akyl gaty artyberende azlara peýdaly, köplere peýdasyz bolýan pursatlary hem köpelýär. Ýürek hemme funksiýalary boýunça şol sanda biologiki organlygyny saklap gelýär. Emma ýürek duýgularynyň oýanmagyna sebäp bolýan zatlar akylyň täsirlerinden köpelip, kynlaşyp, çylşyrymlaşyp ýüregi heläk edýän pursatlaram köpelip barýar. Durmuşy akyl näçe çylşyrymlaşdyrsa-da, ýürek söýmän, ýigrenmän, begenmän, gynanman bilenok.
Çagany terbiýelemekde ene mähri juda zerur bolýar
Ejiz, näzik ýüregiň akylyň täsirlerine çydap bilmejekdigi üçin çaga ilki ýürek duýgulary berlipdir. Şol ýürek birneme özüni tutandan soň akyl berlip başlanýar. Çaga ýüregi mähre mätäç bolýar. Şonuň üçin hem Alla enelere juda duýgur ýürek beripdir. Çagany dünýä indirmekde, soň ony terbiýelemekde enäniň şol mähri örän zerur bolýar. Ene ýüregi bilen çaga ýüreginiň arasynda bolýan gatnaşykda, duýgularda şol gadymylyk saklanyp, olar biri-birlerini goldaýarlar, baýlaşdyrýarlar, ýyladýarlar, çuňlaşdyrýarlar, sagaldýarlar, berkidýärler, şatlandyrýarlar, güýçlendirýärler. “Beýik ýürek beýik ynsanda, ýagny enede bolýar” (F.M. Dostoýewskiý). Ene bilen bolan gatnaşyk belli bir möhlete çenli çaganyň we enäniň duýgularyna esaslanýar. Soň, kem-kemden duýgularyň täsirlerinden çaganyň aňlamak, pikirlenmek, ýatda saklamak arkaly netije çykarmak ýaly ukyplary gün saýyn artyp, manylaşyp başlaýar. Şol günden başlap çaga ene dünýäsinden kem-kem daşlaşyp, öz dünýäsini gurup başlaýar. Çaga terbiýelemekde ene üçin diňe ýürek duýgulary ýeterlik bolman başlaýar.
Dil biteninden çaga gören zatlaryna düşünmek üçin ilki bilen enesine gitdigiçe köp soraglar berip başlaýar. Şol soraglara berlen dogry jogaplara görä hem çaganyň akyly, hereketleri baýlaşýar, manylaşýar. Bu ýagdaý her bir eneden terbiýeçi hökmünde güýç, gaýrat, takatlylyk, bilim, intellektual dereje talap edýär.
Ýaşa görä terbiýe üýtgeýär
Adam bütin ömrüne terbiýelenmeli, kämilleşmeli. Ýöne ýaşlaryna görä çaganyň, ulularyň terbiýe almak mümkinçilikleri, ukyplary, islegleri birmeňzeş bolmaýar. Şolara görä hem berilýän terbiýäniň aýratynlyklary bolýar. Adamynyň akyl derejesi, gylyk-häsiýetleri diňe bir tebigy ukyplara we beýleki alamatlara däl-de, olara täsir edýän durmuşa hem bagly bolýar. Ynsan ömrüniň dürli döwürlerinde oňa berilýän terbiýäniň, bilimiň netijeleri hem birmeňzeş bolmaýar. Şol aýratynlyklara esaslanyp ynsan ömrüni dört döwre bölýärler.
Başdaky döwründe çagalary ösümlige meňzedýärler. Onuň esasy talaplary ösümlikleriňki ýaly, iýmit, suw, howa bolýar. Akyly ösdürmek, kämilleşdirmek çäreleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýlarda kämillik ýaşyna ýetenlerinde hem akyl taýdan göýdük, duýgulary boýunça ösümliklere mahsus bolan köp alamatlaryň saklanyp galýanlary hem bolýar. Olar iş edenlerinde gaty ýeňil gopýarlar,adamlar bilen gatnaşyklary gaty sada. Edýän işleriniň netijeleriniň uzaga çekmegini halamaýarlar, sabyr-takatlary ýetenok. Sada, ýeňil durmuşy, ösümlikler ýaly iýmäni, içmäni halaýarlar. Ýöne gowy “hasyl” bermeýärler. Dünýägaraýyşlarynda kiçi ýaşlaryndaky çagalaryňka çalym edýän ýagdaýlar köp bolýar.
Soň ikinji döwürde, çaga ulaldygyça onuň gylyk häsiýetlerinde haýwanlara mahsus bolan alamatlar köpelýär. Şonuň üçin hem oňa haýwanlaryňka meňzeş gylyk-häsiýetleriň döwri diýilýär. Soň akyl ösüp, kämilleşip, ýaşyna görä özgermese, kämillik ýaşynda ýetginjekleriň arasynda çagalygyň şol döwrüne mahsus bolan gylyk-häsiýetli adamlar hem bolýar. Olar üçin içki dünýä ýok, diňe daşky dünýä bar. Öz bähbitleri üçin ikirjeňlenmek, utanç-haýa, günä diýen ýaly ýagdaýlary duýmaýarlar, olara düşünmeýärler. Olaryň daşky dünýä uýgunlaşmak ukyplary fantastiki derejede bolýar.
Üçünji – romantiki döwür. Ýetginjeklik ýaşyndakylaryň köpüsine mahsus bolşy ýaly, kämillik ýaşyna ýetenlerinde hem romantiki, ýetginjek derejesinde galýan adamlar bolýar. Olar esasan akyllarynyň däl-de, duýgularynyň talaplaryny kanagatlandyrmagyň aladasynda bolýarlar.
Dördünji – progmatiki topar. Hakyky we peýdaly zatlary tiz kesgitlemäge ukyply bolýarlar.
Edep-ekram, gylyk-häsiýet, utanç-haýa ýaly häsiýetleri näçe terbiýeleseň hem olaryň nirede, näwagt, nähili, näme üçin ulanylmalydygyny hemişe akyl kesgitlemeli. Eger duýgular akyldan öňde hereket etseler, adamynyň ýalňyşýan pursatlary köp bolýar. Tüsselän akyl, hiç bir garşylyk görkezmän hyjuwyň yzyna düşüp gidýär. Akylsyz hyjuw, gylyk-häsiýet hemişe gorkuly, ýerliksiz, ýalňyz bolýar.
Etjek bolýan hereketiňde günäňi duýmak seniň ýüregiňiň ony ýazgarýandygynyň alamaty. Şeýle ýagdaý adamyny terbiýeleýär. Hyýalyňda ýaramaz hereket etmek niýeti bolanda günäňi duýmak utanç, haýa diýen duýgyny oýandyryp, şol işi etmekden ýürek saklaýar. Seniň şol islegiňi basmarlaýar, ondan ýüz öwürdýär, seni gaharlandyrýar, iň bolmanda şol hereketi etmekligiň möhletini soňa geçirip, akyla oýlanmak üçin wagt berýär
Başda çaganyň özüni alyp barşyny esasan ene-atasynyň makullamagy, öwmegi, sylaglamagy, garşy bolmagy, ýazgarmagy ýaly ýagdaýlar kesgitleýär. Çagalykdan başlanýan utanç, haýa diýen duýgy özüniň gözbaşyny ene-atalardan, olaryň durmuşlaryndan alýar, atalaryň aýdanlaryny däl-de edenlerini edýärler.
Soň borç barada düşünje döreýär. Borjuňy duýmagyň esasynda özüňi edepli, terbiýeli alyp barmaklyk döreýär. Öz islegleriňi durmuşa geçirmekde halkyň arasynda hormatlanýan pikirler, kada-kanunlar, däp-dessurlar bilen esaslandyrmak, utgaşdyrmak zerurlyklary döreýär. Bu ýagdaý ýetginjeklik döwürde has hem möhüm, uly orun tutýar. Onda ulularyň ýetginjekler barada edýän terbiýeçilik aladalarynyň ünsden düşürilmezligi, gowşamazlygy zerur.
Kämillik ýaşyna ýetenlerinde fiziki taýdan ýeterlik ösüp ýetişenem bolsalar, döwrüň talaplaryna görä, akyl, ahlak taýdan kämillik derejesine ýetmän galýanlar hem az däl. Olaryň hereketlerinde, edýän işlerinde, pikirleniş derejelerinde çagalara, ýetginjeklere mahsus bolan alamatlar duýulýar.
Çagalykdan başlap ýüregiň arzuwlary köp bolýar. Başda ol arzuwlary durmuşa geçirmekde ene-atalaryň akyllary zerur bolýar. Soň ýetginjek ýaşyna ýetenlerinde örüleri giňelýär, ene-atalaryň olara göz-gulak bolmaklary gowşaýar. Ýetginjeklerde akyla garanyňda duýgular, has hem lezzet almak duýgulary, güýçli bolýar. Akyl ýetmezçiliginde ýürek akmak bolýar. Onuň ýoluny ýitirip azaşýan pursatlary köpelýär.
Akyl bilen ýürek aýakdaş gitmeli
Boş wagtlaryny manyly, peýdaly geçirmeklige mümkinçilik bolmadyk ýagdaýlarda ýetginjekler özleri ýalylar bilen üýşüşip, ýürege düşüp başlaýar. Emma başga bir manyly, wagt geçirmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýda, ýa bolmasa manyly, gowy netijeli işe ýaltalyk edip, olar öňki ýygnanyşyklaryna barýarlar. Ol ýerde akyl üçin hiç zat bolmaýar, diňe manysyz lezzet bolýar. Bu ýagdaýdan ýadan ýürek başga lezzetleri talap edip başlaýar. Şeýle ýagdaýa düşen ýaşlaryň köpüsi hötjetlige tutanýerlilik, adamkärçilige ýaranjaňlyk diýip düşünýärler. Durmuş akyly köp talap edýär. Diňe ýeterlik akyla tabyn bolanda duýgular, lezzet almak düşünjesi manylaşýar. Zähmet bilen kämilleşmeýän akyl, ýürek kütelýär, sandan çykýar. F.Wolteriň ýazmagyna görä “Zähmet bizi üç ýetmezçilikden halas edýär: azgynlykdan, ýürekgysmadan we mätäçlikden”. Onsoňam, diňe gömük bolanlary üçin özlerini bagtly duýýanlaram az däl. “Betbagtlar” akyllylarda, “bagtlylar” samsyklarda köp bolýar.
Akyl hyjuwly ýüregi köşeşdirmeli. Terbiýäniň ilkinji maksady ýürek duýgularyny manylaşdyrmak, çuňlaşdyrmak, olara erk etmegi öwretmek. Onuň üçin akyly hem kämilleşdirmeli. Terbiýelenen, çuňlaşan ýürekde öňki duýgular, islegler bolmaýar. Akylyň kömegi bilen manylaşan täze duýgulardan ýagtylanan ýürek öň ýalňyşlyk bilen gowy gören zatlaryny ýigrenip, öwenlerini ýamanlap başlaýar. Akylyň şeýle derejesine ýeten ýetginjek durmuşda diňe öz bähbidini däl-de, başgalaryňam bähbitlerini göz öňünde tutýar. Durmuş ýolunda azaşmazlyk üçin diňe dogumly, gaýratly ýüregiň bolmagynyň ýeterlik däldigine, akylyň hem zerurdygyna düşünýär.
Çagalyk döwrüne garanyňda ýetginjeklik döwründe özbaşdak çözülmeli meseleler barha artýar. Özünden göwni geçmek, ahlak tarapdan pese gaçmak, nadanlyk, mertebäň pese gaçmagy ýaly ýaramaz ýagdaýlardan her bir ýetginjegiň özi goranmasa öňa hiç kim kömek edip bilmeýär. Diňe manysyz ýürek hyjuwlaryna kowalaşýan ýetginjekleri ýollaryndan azaşdyrýan akylly nejislerem ýok däl. Olar başgalaryň ahlak artykmaçlyklaryny bagyşlap bilmeýärler. Onsoňam gylyk-häsiýetleri gowy ýetginjekler köplenç türkana bolýar. Olary aldap ýollaryndan azaşdyrmak aňsat bolýar. Şeýle ýagdaýa düşmezlik üçin kör ýüregi kämil akyla tabyn etmeli. Dargan ýürekdäki duýgulary jemläp akyla tabşyrmaly. Goý, ol olary seljerip ýüregi dogry ýola salsyn. Umuman, akyla daýanman, ýüregiň yzyna düşmek adamyny ýolundan azaşdyrýar.
Kümüş Dine Bezeg Üçin Dal
Orsýetli bilermenler kümüşden täze alternatif derman döredendiklerini aydyarlar. Kümüş elemendiniň saglyga peydaly taraplaryny “nanotehlogiya” arkaly birleşdirip bilen Rus ylmy işgarlerina göra antibiýotikler yakyn wagta orunlaryny kümüş molekuyarlardan bolan dermanlar bilen çalşar. Çünkü bu kümüş molekulyarlar ynsanyň organizmasyny has hem kuwwatlandyryp, olar wirus we bakteriýaly yok edyar.Adam saglygy üçin hiç hili zeper yetirmeyan kümüşiň iň tapawutly tarapy bolsa, mikrooranizmalaryn ýaşamagyna rugsat bermeyanligidir.Kümüş gatançly dermanlaryn yakyn wagtda rus bazarlaryna çykmagyna garaşylýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri Aşgabatda
Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli bölümleriniň ýolbaşçylary üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebit býurosy tarapyndan bilelikde guralan iki günlük seminar öz işini tamamlady. Seminara gatnaşyjylar real we durnukly ösüş nukdaýnazaryndan ilatyň saglygyny goramagy kämilleşdirmegiň ýollaryna seredip geçdiler. Bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň nusgasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň maslahat beren ýörelgelerine laýyklykda guralýar. Munuň özi hyzmatlaryň elýeterliligi we ýokary hilliligi, maliýeleşdirişe strategiki çemeleşme, işgärler we habarlar ätiýaçlyklarynyň kemala getirilmegidir, olar maýa goýumlary we okatmagy, şeýle hem gözegçiligi we dolandyryşy utgaşdyrýan ýolbaşçylygy talap edýär. Foruma gatnaşan halkara ekspertleri Türkmenistanda lukmançylyk desgalarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerini, işgärleri taýýarlamak maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge maksada gönükdirilen çemeleşmäni belläp geçdiler. Şonda bu ugurda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk işgärlerini taýýarlamagyň 6 ýyllyk binýatlaýyn möhletiniň dikeldilendigi, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň açylandygy, dissertasiýa geňeşleriniň işiniň ýola goýlandygy bellenildi. Olar ylmyň we subut ediji lukmançylygyň wezipelerine laýyk gelýär, bu bolsa lukmanyň netijeli işiniň esasy bolup durýar we tutuşlygyna saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek boýunça strategiýanyň özenini düzýär. Türkmenistanda saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň hünärmenlerine—feldşerlere we şepagat uýalaryna möhüm orun berilýändigini Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň ekspertleri belleýärler, olaryň işi ilatyň saglygynyň görkezijilerine ep-esli derejede öz täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň taslamalaryna ýokary baha berildi, olaryň gurluşyklary tutuş ýurt boýunça alnyp barylýar. Seminarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň Türkmenistana zerur bolan ähli maslahatlar kömegini, aýratynam işgärleriň bilim we taýýarlanylmagy babatda şeýle kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy.

Türkmenistan Saýty

Advertisements

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: