Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

9Uniwersitet barada
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir.
Ozalky oba hojalyk instituty 1930-njy ýylda esaslandyrylan. 1998-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine öwrüldi.

 

Uniwersitetiň 6 fakultetiniň we 16 kafedrasynyň alymlary oba hojalygyny ösdürmegiň düýpli meselelerini işläp düzmäge işjeň gatnaşýarlar. Şol işleriň özenini Türkmenistanyň esasy baýlygy bolan pagtanyň we dänäniň ýokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň täze tilsimaty; tohumçylyk; ýüpekçilik; mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek; suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derýasynyň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek; suwy tygşytly ulanmagyň ähmiýetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak; oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aýawly saklamak; maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek baradaky önümçilik üçin zerur ylmy-amaly teklipleri işläp düzýärler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň düzümi

Jemi: 6 fakultet, 16 kafedra

    * Rektorlygyň ýanynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasy
    * Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy

    * Oba hojalyk tehnikalary fakulteti Ýokary derejeli tehnikalar kafedrasy
    * Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy

    * Mirapçylyk we suw gurluşygy fakulteti Mirapçylyk kafedrasy
    * Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy
    * Ýer serişdeleri kafedrasy

    * Pagtaçylyk fakulteti Pagtaçylyk kafedrasy
    * Tutçylyk we pileçilik kafedrasy

    * Däneçilik fakulteti Däneçilik kafedrasy
    * Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy

    * Maldarçylyk fakulteti Mallary köpeltmek we idetmek kafedrasy
    * Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy

    * Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy
    * Tebigy süýmleri egirmek kafedrasy
    * Mata önümçiligi we tikinçilik kafedrasy

Biziň salgymyz:  744012, Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesi, 143

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: