Doňuz dümewi barada soraglar

flu Eýsem doňuz dümewi nämekä?
• Adamlara ýokaşýarmy?
• Adamlara nähili ýagdaýda geçýär?
• Doňuzyň etini iýenlere doňuz dümewi ýokaşarmy?
• Ýokanç kesel haýsy ýurtda ýüze çykdy?
• Doňuz dümewine garşy adamlar üçin sanjym barmy?

 

Doňuz dümewi näme?

Doňuz dümewi umuman doňuzlarda gabat gelinýän A görnüşli wirusdan döreýän dem alyş ýollaryndaky hassalyk hökmünde bilinýär we ol çalt depginde ýaýrap bilýär. Doňuz dümewi (swine influenza, “swine flu”), doňuzlarda gabat gelinýän dem alyş ýollary keselidir.

Hassalanmak ähtimallygy ýokary, ölüm ähtimallygy bolsa pesdir ( 0/0 1-4). Wirus doňuzlaryň arasynda dem alyş ýollary arkaly, göniden ýa-da aýlawly ýollardan we hassalyga duçar bolandygynyň alamatlaryny görkezmeýän (asimptomatik) wirusly doňuzlar arkaly ýokaşyp bilýär. Hassalyk doňuzlarda bir ýylyň dowamynda ýüze çykyp bilýär. Yssy sebitlerde bolsa, güýz we gyş paslynda has ýokarlaýar. Kabir ýurtlar doňuz sürülerini yzgiderli ýagdaýda doňuz dümewine garşy sanjym etdirýär.

Ynsanlardaky grip, ýangy, dümewleme wirusy ýaly doňuzlardaky doňuz wirusy hem yzgiderli ýagdaýda üýtgeýär. Doňuzlaryň dem alyş ýollarynda ynsan, doňuz we guş dümewi wiruslaryna gabat gelinýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna görä, Meksikada ynsanlaryň ölmegine sebäp bolan doňuz dümewi wirusy A/H1N1 wirusydyr. Bu wirus bir adamdan beýleki bir adama ýokaşyp bilýär. A/H1N1 wirusy ynsan, doňuz we guş dümewi wiruslaryndan emele gelýär.

Adama ýokaşýarmy?

Hawa, doňuz dümewi doňuzdan ynsana we bir adamdan beýleki bir adma ýokaşýar. Wirusa garşy ynsanyň öz özünü tebigi ýagdaýda goramak ukyby ýokdur. Bu sebäpli, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy hassalygyň belli çägi geçmegiň bäri ýanynda bolandygyny nygtamak bilen, ýokanç keseliň göwrüminiň giňäp biljekdigi barada duýdyryş berýär.

Umuman alnanda kliniki alamatlary möwsümleýin dümewlere meňzeş bolmak bilen birlikde, bellige alynan wakalar alamaty görülmezden ýokaşýan we ölüme sebäp bolýan agyr sowuklama çenli baryp ýetýän üýtgewli aýratynlygy bardyr.

Adamlara nähili geçýär?

Ynsanlara doňuz dümewi hassalygy doňuzlardan ýokaşýar. Mundan başga-da doňuzlar bilen hiç hili arabaglanşygy bolmadyk adamlarda hem doňuz dümewine gabat gelinýär. Hassalyk bir adamdan beýleki bir adama ýakyndan gepleşmek arkaly hem ýokaşyp bilýär.

Doňuzyň etini iýenlere doňuz dümewi ýokaşarmy?

Doňuzyň etininin iýilmegi bilen doňuz dümewi wirusy ýokaşmaýar. Wirus dem alyş ýollary arkaly ýokaşýar. Doňuz dümewi wirusy 70 gradus ýylylykda ölýär.

Ýokanç kesel haýsy ýurtlarda ýüze çykdy?

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna göra doňuz dümewiniň halkara derejede nähili ýagdaýda ýaýbaňlaşandygy bilinmäýär. Hassalygyň ABŞ-da, Demirgazyk Amerikada, Günorta Amerikada, Ýewropada, Şwedsiýada, İtaliýada, Afrikada, Keniýada, Hytaýda we Ýaponiýada ýüze çykandygy anyklandy.

Ynsanlar üçün doňuz dümewine garşy sanjym barmy?

Doňuzlar üçin bu wirusa garşy sanjym bar. Emma ynsanlar üçin heniz sanjym ýok. Adaty dümewe garşy sanjymlaryň doňuz dümewinden gorap goramajakdygy bilinmeýär. Dümew wirusy has çalt ýaýbaňlaşyp bilýär.

TRT-World Türkmençe

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: