Janyň saglygy we iýmitiň hili

Turkmens-IranIýmitiň hili – janyň saglygy
Ösmäge, hereket etmäge hem-de işlemäge ukyplylyk – bularyň hemmesi adamyň iýmiti kabul etmek şertinde mümkin. Iýmit üçin adam düzümi boýunça dürli iýmit önümlerini sarp edýär. Iýmit önümleriniň häsiýetleri onuň obýektiw aýratynlygy bolup, olar sarp edilende ýüze çykýar.

 

Iýmit önümleriniň peýdalylygyny we iýmitde adamyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ukyplylygyny kesgitleýän häsiýetlerine olaryň iýmitlik gymmaty (himiki düzümi, energetiki ukyplylygy, biologik we fiziologik gymmaty, siňijiligi), fiziki we tagam häsiýetleri (daşky görnüşi, konsistensiýasy, tagamy, ysy), iýmitlik zyýansyzlygy, sarp etmäge taýýarlygy we saklanýanlygy degişlidir.
2009-njy ýylyň 28-nji aprelinde „Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda“ kabul edilen Türkmenistanyň kanuny munuň subutnamasydyr. Şu kanun ilatyň saglygyny goramagyň bähbidi üçin iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Kabul edilen kanunda iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy bilen baglanyşykly umumy düzgünleri, iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi, iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan talaplar, ýaramaz hilli we adamyň saglygy üçin howply hasap edilýän iýmit önümleri, materiallar we önümler, olary başga maksatlar üçin peýdalanmak ýa-da ýok etmek barada giňişleýin beýan edilipdir.

Siziň ünsüňizi iýmit goşundylarynyň adam bedeni üçin ähmiýetine çekesim gelýär, bularyň getirilmegine, ulanylmagyna we ilata ýerlenilmegine bildirilýän umumy talaplar ýokarda agzalan kanunyň 22-nji maddasynda beýan edilýär. Iýmit goşundylary – önüme özüne çekiji görnüş we reňk bermäge hem-de onuň saklanylyş möhletini köpeltmäge öndüriji-kärhanalara mümkinçilik berýän ýönekeý we arzan usuldyr. Iýmit goşundylary adam organizminiň biohimiki gatnaşyklaryna goşulyp bilýär. Daş ýerlerden getirilýän köp tiz zaýa bolýan iýmit önümlerine iýmit goşundylary goşulmasa, olar zaýalanyp bilýär.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny, “Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryny ýerine ýetirmek we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň “01” Sanjar 2007 senedäki “Iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy kadalaryna we düzgünlerine” üýtgetme girizmek baradaky ą 372-nji buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň “01” Sanjar 2007 senedäki ą 11-nji karary esasynda E 128 gyzyl reňkleýjini 2G (Red 2G) iýmit goşundysynyň iýmit önümlerini öndürilende ulanylmagy gadagan edildi we bu iýmit goşundylaryny ulanmak arkaly taýýarlanan iýmit önümleriniň söwda nokatlaryna getirilmezligine, saklanylmazlygyna, satylmazlygyna gözegçiligi güýçlendirmekligi soralýar.

Iýmit goşundylarynyň köpüsi Russiýa döwletinde hem häzirki wagtda gadagan. Şular ýaly çözgüt “köpçülikleýin infeksion görnüşli däl keselleriň öňüni almak” maksat bilen kabul edildi. Britan alymlary emeli iymit reňkleýjili azyk önümlerini çagalaryň rasionyndan doly aýyrmagyna ene-atalara maslahat berýärler. Iýmit önümlerini standartlaşdyrmak boýunça Britan gullugy emeli iýmit reňkleýjileriň we çagalarda giperaktiwliligiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. E toparyň käbir iýmit goşundylarynyň gysgaça häsiýetnamasy: E 211- natriniň benzoaty. Munuň özi benzoy kislotasynyň natriý duzy bolup, konserwantyň wajyp funksiýasyny ýerine ýetirýär, miwe suwlaryň turşamagyna päsgelçilik berýär, bakteriýalaryň ösmegine ýol bermeýär. Ony köp iýmit önümlerine – gazlandyrylan suwlardan we çipslerden başlap, tä ete çenli goşýarlar. Eger-de iýmit goşundysyz taýýarlanan iýmit önümlerini ulanmaga mümkinçilik bar bolsa, ol mümkinçiligi ulanmalydyr.

Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: