Suw doňup buz bolan ýagdaýynda

iceBuzlar
Suwuň fiziki hem-de himiki häsiýetlerinde beýleki maddalara garanyňda täsin bir tapawut bar. Adaty bolşy ýaly gyzdyrylanda maddanyň göwrümi giňelýär.
Muňa garamazdan suwuň ýylylygyny 0 derejeden +4 derejä çykarylanda onuň göwrümi kiçelýär. +4 derejeden soňra bolsa suw beýleki maddalaryňky ýaly häsiýete eýe bolýar. Suw doňup buz bolan ýagdaýynda, göwrümi kiçelmeli ýerde ulalýar we dykyzlygy azalýar. Bu sebäpden hem buz daglary on müňlerçe ton agyrlykda bolsalar hem suwuň üstünde ýüzüp gezýärler. Doňan kölleriň, deňizleriň diňe ýüzi buz bilen örtülýär.

 

Bu buz edil örti mysaly doňan ýerini gurşap alyp, suwuň aşagynda 4 dereje ýyly howa şertini döredýär. Şeýlelik bilen suwuň astynda ýaşaýan balyklar we beýleki janly-jandarlaryň ýaşaýşy dowam edýär. Ýene-de diňe bu sebäpli buz daglary batman, dünýä suw astynda galmaýar. Ýöne adamzadyň ekologik deňagramlylyga ýetirýän täsiri atmosferadaky uglerod oksidiniň mukdarynyň artmagyna getirýär. Uglerod oksidi howanyň gyzmagyna sebäp bolýan bir gazdyr. Eger onuň atmosferadaky mukdary günümizdäki ýaly artmagyny dowam etdirse, onda polýuslardaky buzlar eräp, köp ýeri suw basyp alar. Eger millionlarça ýyldan bäri partlaýan wulkanlardan çykan gaz şu wagta çenli atmosferada ýygnanan bolsady, onda wenera gezegeni ýaly 400 derejeli gyzgynlykda uglerod oksidinden emele gelen atmosfera daşymyzy gurşap alardy. Şeýle ýagdaýda ne ummanlar, ne-de buz daglary bolardy. Hemmesi bugaryp giderdi. Diýmek, ummanda ýüzüp ýören buz daglary bilen howa gatlaklarynda (0,0035) ölçegde bolýan uglerod oksidiniň arasynda täsin bir baglanyşyk bar.
Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: