Gyzzyrma garşy göreşmegiň bütindünýä güni

malariaDüýn medisina jemgyýetçiligi Gyzzyrma garşy göreşmegiň bütindünýä gününi belledi. Ol 2007-nji ýylyň maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 60-njy sessiýasynda esaslandyryldy. Bu sene howply kesele garşy netijeli göreşi üpjün etmek boýunça global tagallalaryň zerurdygyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, gyzzyrma dünýäniň ilatynyň 40 göterimine howp salmagyny dowam edýär. Her ýyl 500 milliondan gowrak adam gyzzyrma duçar bolýar, bir milliondan gowrak adam bolsa bu keselden ýogalýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň endemik ýurtlarynda 2015-nji ýyla çenli gyzzyrmany ýok etmek baradaky maksatnamasyna» goşuldy we öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Täze sebitleýin strategiýanyň çäklerinde Türkmenistanda «2005-2010-njy ýyllara çenli döwür üçin Türkmenistanda gyzzyrmanyň öňüni almak» milli maksatnamasy we «Türkmenistanda (2008-2010 ý.ý.) gyzzyrmany ýok etmek boýunça milli baş meýilnama» hereket edýär. Şu resminamalara laýyklykda maksada gönükdirilen çäreler geçirilýär, döwlet şolar üçin uly möçberde serişdeleri gönükdirýär. Sanitariýa-bilim işlerine, epidemiologiýa gul-lugynyň we maglumatlar gullugynyň berkidilmegine, işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Gyzzyrmany ýok etmek bilen bagly bolan ylmy-barlag işleri we çäreler geçirilýär. Gyzzyrma bilen bagly täze ýagdaýlaryň 2006-njy ýyldan bäri ýüze çykmandygy bu uly möçberli işleriň netijesi boldy.

Bu maglumatlar, halkara ekspertleriniň pikirine görä, Türkmenistanyň sebitde gyzzyrmany ýok etmek hakynda halkara sertifikatynyň ilkinji eýesi boljakdygyny uly ynam bilen tassyklamaga mümkinçilik berýär. Şu gün bu wakanyň öň ýanyndaky çärelere badalga berildi.

Ref . Altyn Asyr

One Response

  1. […] Gyzzyrma garşy göreşmegiň bütindünýä güni […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: