Dońyz dümewi

influenza_virus01.05.2009 Dońyz dümewi howpy barha ýaýbańlaşýar
Meksikada wirusyń ýaýramagynyń öńüniń alynmagy üçin berk çäre görüldi.
Meksikada fabrikler, mekdepler, kino teatrlar, naharhanalar bilen birlikde edaradyr kärhanalaryń bir bölegi wagtlaýyn ýapyldy.
Meksikada Saglygy goraýyş ministrligi, öń dońyz dümewi şübhesi bilen günde ýüzlerçe adamyń hassahana ýüz tutandygyny, emma bu sanyń düýn 46-a çenli aşaklandygyny bildirdi .
Meksikada dońyz dümewi sebäpli 176 adam aradan çykdy.
Bejeriş maksady bilen Meksikadan Amerika getirlen bir çaga halas edilip bilinmedi.
H1N1 wirusyna häzire çenli üç materikde 11 ýurtda gabat gelindi.

30.04.2009 Dońuz dümewi wirusy çaltlyk bilen ýaýraýar

Meksikada dońuz dümewinden şübhelenilýän adamlaryń sany 2,498-e ýetdi. Olaryń 311 sanysy hassahanalarda saklanýar.

Mekdeplerden restoranlara çenli ähli ýer ýapyk.

Meksikanyń Prezidenti Filip Kalderon hassalygyń täsirini azaltmak üçin halkdan maý aýynyń 1-i bilen 5-i arasynda öýünden çykmazlygyny isledi.

Hassalygyń ikinji duralgasy bolan Amerikanyń Birleşen Ştatlarynda hem wirus sebäpli ilkinji ýitgi çekildi.

Amerikada dońuz dümewine sezewar bolanlaryń sany 68 adama ýetdi.

ABŞ-nyń Prezidenti Barak Obama wirusa garşy göreşmek üçin kongresden 1,5 milliard dollar sorady.

29.04.2009 Dońyz dümewi howpy barha ýaýbańlaşýar

Global derejede howsala döreden dońyz dümewi howpy barha ýaýbańlaşýar.

Meksikada 159 adamyń ölendigi beýan edildi. Hökümet bulardan 7 adamyń dońyz dümewi sebäpli ölendiginiń anyklanandygyny bildirdi.

Ýurtda bu kesele duçar bolanlaryń sany 2498 adama ýetdi. Bulardan 1311 adam hassahanada bejeriş astyna alyndy.

Meksikada mekdeplerden naharhanalara çenli jemgyýetçiler ýerler ýapyldy.

Amerikanyń Birleşen Ştatlarynda hem hassalyga duçar bolanlaryń sany 68-e çenli baryp ýetdi.

Kaliforniýa ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Nýu Ýorkdaky mekdeplerden birinde hem ýüzler

çe okuwçynyń bu hassalyga duçar bolandygy öńe sürülýär.

ABŞ-dan Prezident Barak Obama, wirusa garşy göreş üçin kongresden 1,5 milliard dollar isledi.

Wirus bütindünýä howp salmaga dowam edýär.

Fransiýadan Taýlanda çenli birnäçe adam bu hassalyk sebäpli bejeriş astyna alyndy.

Kosta Rikada hem bir adamda dońyz dümewi wirusyna gabat gelindi.

Täze Zelandiýada 14, Kanada-da hem 13 adamyń bu hassalyga ýolugandygy beýan edildi.

28.04.2009 Dońyz dümewi howpy barha ýaýbańlaşýar

Meksikada 2 müńe golaý adam dońyz dümewi şübhesi bilen bejeriş astyna alynan bolsa, ölenleriń sany 152 adama ýetdi. Ýurtda 6-njy maýa çenli mekdeplerde okuw ýatyryldy.

ABŞ-da hem bu hassalyga duçar bolanlaryń sany 50 adama baryp ýetdi.

Prezident Barak Obama, H1N1 wirusynyń aladalandyrýandygyny emma hzirki wagtda adatdan daşary çäre görülmegine hajatyń ýokdygyny belledi.

Beýleki tarapdan Obamanyń Meksika guran saparynda salamlaşan adamy arheolog Filip Solis hem dońyz dümewi sebäpli aradan çykdy.

Filip Solisiń Obama bilen salamlaşandan 24 sagat soń aradan çykmagy Ak Tamy howsala düşürdi. Obama-da dońyz dümewi bilen baglanşykly hiç hili şübhäniń ýokdygy nygtaldy.

Edil dümewleme we sowuklama ýaly dem alyş ýollary arkaly adamlardan bir birine ańsatlyk bilen ýokaşyp barýan dońyz dümewi wirusy Ýewropa çenli baryp ýetdi.

İspaniýadan soń Germaniýada we Şotlandiýada hem şol hassalyga ýoluganlaryń bardygy anyklandy.

Günorta Koreýada hem bu wirusa gabat gelinendigi aýan edildi.

BMG-nyń Baş sekretary Pan Gi Mun bolsa, hassalyga garşy halkara derejesinde arkalaşyk çagyryşyny berdi.

28.04.2009 Akdag, wirusa garşy çäre görlendigini belledi

Saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag, Türkiýede dońyz dümewi hassalygyna gabat gelinmändigini nygtamak bilen raýatlaryń aladalanmaly däldigini ýatlatdy.

Stambulda öz işine başlan Halkara halk saglygy kongresiniń açylyş dabarasyna gatnaşan Rejep Akdag, bu wirusa garşy çäre görlendigini belledi.

Ministr Akdag, Meksikadan geljek ýolagçylaryń lukmanlaryń gözegçiliginden geçiriljekdigini nygtady.

Bütindünýä Halk saglygyny goraýyş jemgýetleri federassiýasynyń başlygy Prof. Paulo Buss hem, bu wirusdan goranmak üçin gerek bolan sanjymyń taýarlanmagynyń 2-3 aý wagt alyp biljekdigini belledi.

Ref. TRT-World Türkmençe

Advertisements

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: