“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Himiýa instituty

chemistryHimiýa instituty Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň düzüminde 1957-nji ýylda döredildi. 1997-nji ýylda ol “Gün” ylmy önümçilik birleşigi bilen birleşdirilip tä 2007-nji ýyla çenli şu at bilen “Türkmendökünhimiýa” Aksioner jemgyýetiniň düzümine girizilip Türkmenistanyň Energetika we Senagat ministrliginiň ýgtyýarlygynda boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Sentýabr aýynyň 24—i güni çykaran kararyna laýyklykda Himiýa instituty döredilip öňki öz adyna eýe boldy we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň düzümine girizildi.

Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary:

1. Ýod-bromly suwlary hemmetaraplaýyn gaýtadan işlemek (ýody, bromy seýrek duşýan elementleri, duzlary almagyň tilsimatyny işläp düzmek we önümçilige hödürlemek).

2. Garabogazgolyň şerebeli duzlaryny gaýtadan işlemegiň täze tilsimatlaryny işläp düzmek we önümçilige hödürlemek.

3. Türkmenistanyň mineral baýlyklaryny (bentonit toýuny, selestin magdany, okislenen goňur kömri) rejeli peýdalanmagyň ussullaryny işlemek.

4. Türkmenistanyň Nebit-gaz ýataklarynyň häsiýetlerini, gurluşyny, himiki düzümini öwrenmek we olardan rejeli, netijeli peýdalanmagyň usullaryny işlemek.

5. Agyz suwy arassalamak üçin zerur bolan serişdeleri, koogulýantlary öndürmegiň tilsimatyny işläp düzmek.

6. Suw geçiriji turbalaryň we enjamlaryň çökündilerinden, kesmekden, arassalamagyň usulyny işläp düzmek.

7. Türkmenistanyň ýerli çig mallarynyň – goňur kömriň, fosforit magdanynyň,

kükürdiň esasynda biostimulýatorlary, organo-mineral dökünleri, almagyň usullaryny işläp düzmek we olaryň netijeliligini öwrenmek.

8. Ýurduň ekologiki meseleleriniň üstünde işlemek, kärhanalaryň ekologiki pasportlaryny işlemek, daşky gurşawa zyňyndylaryň çäklendirilen mukdaryny kesgitlemek.

9. Halk hojalygynyň dürli pudaklary, senagat kärhanalary üçin önümçiligiň tehnologiki reglamentlerini düzmek.

10. Täze guralan kärhanalar üçin çig malyň ýangyjyň, energetiki harajatlarynyň, material gymmatlyklarynyň harçlanýan mukdaryny kesgitlemek.

11. Himiki reaktiwleriň önümçiligini ýola goýmak üçin olaryň alynyş tehnologiýasyny işläp düzmek.

12. Türkmenistanyň himiýa kärhanalary üçin taslama-bahalandyrma resminamalaryny işläp düzmek.

Himiýa instituty öndürýän önümi:

  • Nessler reaktiwi;
  • Aşgar elektroliti;
  • Nitrat natriýa.

Salgysy:
Aşgabat şäheri, 2029, Esgerler köçesi, 92 jaý
Tel.: 34-05-08, 34-41-71
Faks: 34-41-13
Е-mail: chem@online.tm

One Response

  1. […] “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Himiýa instituty […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: