Hemişe Sabyn Peýdalymy?

soapTerjime eden Döwran Annasatow,
HTTU-nyň talyby
Köpimiz mikroblara adamyň organizmine diňe zyýan getirýän zat hökmünde garaýarys. Emma adamda goraýyş wezipesini ýerine ýetirýän 500-den gowrak mikrob görnüşleri ýaşaýar. Adamyň endamynda, agyz boşlugynda, içki organlaryň käbirleriniň nemli bardasynda özboluşly gorag perdesini emele getirýän bir topar mikroorganizmler bar.

Ol mikroblar ilkinji bolup zyýanly maddalara „topulmak“ bilen olary organizme goýberenoklar. Mundan başga-da, adamyň organizminde witaminleri emele getirýän mikroblar hem bar. Mikroblaryň gowy täsiri dürli-dürli. Meselem, içegäniň gury agramynyň on göterimini düzýän bakteriýalar we kömelejikler (adamyň garyn-içege traktynda mikroorganizmleriň 260 görnüşi ýaşaýar) iýmit siňdirişde esasy orunlaryň birini tutýan himiki hadysalara gatnaşýarlar.

Sagdyn adamlaryň adaty mikroflorasy organizme zerur bolan wajyp biologiki wezipeleri ýerine ýetirýän süýt-turşy bifido we laktobakteriýalaryndan, içege taýajyklaryndan, bakteroidlerden we enterokokkalardan ybarat. Ilkinji nobatda, olaryň kesel dörediji mikroorganizmleri ýok etmek ukyby bellärliklidir. Adaty mikrofloranyň bu wekilleriniň salmanell, stafilokokk, proteýa, kesel dörediji eşehiriýa we, esasan hem, howply bolan kandid görnüşli kömelejikler ýaly zyýanly maddalaryň köpelmeginiň oňüni alýandygy eýýäm ylma belli. Olar adamyň iýýän iýmitindäki birnäçe witaminleriň, kalsiýniň we fosforyň siňmegine hem ýardam berýärler, wajyp bolan aminokislotalaryň we witaminleriň köpüsiniň sintezini amala aşyrýarlar. Bu-da entek biziň içegämizde ýaşaýan bakteriýalaryň we kömelejikleriň oňyn täsirleriniň hemmesi däl.

Adam derisi üçin hem tebigy „mikrob örtügi“ örän gerek. Biziň endamymyza gerek bolan mikroorganizmleriň 500 görnüşi elmydama bizde ýaşaýarlar. Deriniň ýüzünde emele gelýän mikrob örtügi hemişe goragda dur. Ol „del mikroorganizmleri” ýok edýär. Gynansak-da, bakteriýalary öldürýän, bakteriýalara garşy dürli ýuwuş serişdeleriniň, esasan hem, sabynlaryň esassyz ýygy ulanylmagy sebäpli, adamlaryň köpüsinde tebigy „mikrob örtügi“ bozulýar.

Ýeri gelende aýtsak, ol hili ýuwujy serişdeleriň kesilen ýaralarda we sypjyryklarda ulanylmagy ýerliklidir. Emma welin, olaryň hemişe ulanylyp ýörülmegi maksada laýyk däldir.

Alymlar „täsin serişdeleriň“ mydamalyk täsiri astynda bakteriýalaryň özleri antibiotiklere garşy durup başlaýandyklaryna subutnama getirýärler. Meselem, stafilokkokyň käbir görnüşlerine wankomisin ýaly güýçli serişdeleriň hem täsiri gitdigiçe azalýar.

Baryp 1998-nji ýylda iň abraýly ylmy žurnallaryň biri bolan „Nature“ mikroblara garşy ýuwujy serişdeleriň köpüsiniň düzümine girýän triklozan himiki maddasy (antiseptik sabynlaryň güýjüni üpjün edýän hlorka ýa-da karbolka däl-de, hut triklozandyr) birgiden bakteriýalaryň mutasiýa etmeginiň sebäbi bolup bilýändigini belläp geçipdir. Britan alymlaryň barlaglary bolsa, beter arassa durmuşyň biziň saglygymyz üçin zyýanlydygyny görkezipdir. Hususan-da, dürli allergiýalaryň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar.

Biziň, adatça, „täsin, gudratly sabyny“ näçe wagt ulanmalydygyny we haçan ulanmany bes etmelidigimizi bilmeýänligimiz hem gynandyryjy. Bu sebäpli deriniň goranmak ukyby ýitirilýär. Derimizi has arassa saklamak bilen biz öz organizmimiziň gapylaryny has howply mikroblara açan bolmagymyz hem mümkin. Hut şonuň üçin hem, antibiotik ugrundan bilermenler „bakteriýalary öldürýän ýuwujy serişdeleriň“ satylmagyny bes etmegi maslahat berýärler.

Bedeniň arassalygy baradaky çendenaşa alada deriniň tebigy mikroflorasynyň bozulmagyna we netijede dürli keselleriň öňüniň açylmagyna sebäp bolup biler. Bu meselede, beýleki ýagdaýlarda hem bolşy ýaly, „her zadyň çaky ýagşy“ atalar sözi ýerliklidir. Mikrobiologiýa ylmy ýüz ýyldan gowrak wagt öwrenilip gelinýän hem bolsa, biziň mikroorganizmler barada bilýänimiz Ýerde ýaşaýan mikroblaryň asyl sanynyň diňe 0,4%-ine barabardygy gyzykly bolsa gerek. Adamyň organizminde ýaşaýan bakteriýalaryň sany bolsa, organizmdäki ähli öýjükleriň sanyndan 10 esse köp. Ýakyn geljekde biziň adaty zatlara bolan garaýyşlarymyzy üýtgedip biljek täze ylmy açyşlar bolsa gerek.

Mikroblar we bakteriýalar baradaky gürrüňiň soňunda birnäçe gyzykly sanlary getirmegi müwessa bildik. Görlüp oturylsa, aýanyň birnäçe gezek ýuwulmagyna garamazdan, onuň derisi hapalygyna galýan eken. Hiç bir ýuwujy serişde aýadaky ähli bakteriýalary ýok edip bilmeýär. Meselem, örän arassa görünýän ellerde her inedördül santimetrde 100 mikroorganizm galýar. Kimdir biri bilen elleşip salamlaşanymyzda öz elimizdäki 16 million bakteriýa beýleki eldäki şonça bakteriýa bilen „tanyşýar“.

http://tm.zaman.com.tr/tm

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: