Ýewropa immunlaşdyrma hepdeligi bat aldy

turkmen-doctor1«Duýduryş ber. Gora. Sanjymyny al» — ine, şu günler Türkmenistanda bat alan Ýewropa immunlaşdyrma hepdeliginiň şygary şeýledir. Ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan iri halkara guramalary — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, UNISEF we BMG-niň beýleki gulluklary bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistan BSGG-nyň Ýewropa sebitine girýär. Ilatyň saglygyny goramak meselesi ýurtda döwlet syýasatynyň derejesinde bolup, öňüni alyş meselesi bolsa, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu sebitara çäräniň geçirilmegine eýýäm üçünji sapar işjeň gatnaşýar.

BSGG-nyň Ýewropa býurosynyň 2005-nji ýylda başyny başlan Ýewropa immunlaşdyrma hepdeliginiň esasy maksady örän howply, ýokanç keselleriň ýüze çykmasynyň we ýaýramagynyň öňüni alýan sanjymlaryň ähmiýetini wagyz etmekden, şeýle-de bular barada ilaty habarly etmek derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Şu ýyl esasy üns çagalaryň arasynda düşündiriş çärelerini geçirmek işine gönükdiriler. Mysal üçin, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi UNISEF bilen bilelikde immunlaşdyrma kampaniýasy üçin ýörite işlenilip taýýarlanan «Medinäniň doglan güni» atly kitapçany neşir etdi. Çagalar we täze bolan bäbekleriň ejeleri bu kitapçany immunlaşdyrma pasporty bilen bile sanjym merkezlerinde alarlar.

Öz raýatlarynyň abadançylygyna jogapkärçilikli garaýandygyny äşgär etmek bilen, Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden meýilnamalaýyn immunlaşdyrmany geçirýär. Saglygy goraýşyň halkara standartlaryny üpjün etmäge we epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty BSGG-nyň tekliplerini we döwletiň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen işlenilip taýýarlanan «2003-2020-nji ýyllar üçin immuno öňüni alyş» Milli maksatnamanyň üstünlikli işini üpjün etdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem şu maksatnamany durmuşa geçirmek bolup durýar.

Halkara bilermenleriniň şaýatlyk etmegine görä, bu maksatnama nusga alarlyk we netijeli boldy. Ony durmuşa geçirmek alty sany infeksiýalara (poliomiýelite, inçekesele, bürmege, difteriýa, gökbogma we gyzamyga) garşy edilýän sanjymlaryň ýokary derejesini (98-99 göterime çenli) gazanmaga we şeýlelik bilen, syrkawçylygy düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. 1997-nji ýyldan bäri poliomiýelitiň ýüze çykma ýagdaýlarynyň bolmandygy immunlaşdyrma çäresiniň uly üstünligi diýip aýtmak bolar. Muňa 2002-nji ýylda ýurdumyzyň «poliomiýelitden halas edilen çäkdigi» baradaky statusyň Türkmenistana berilýändigini tassyklaýan halkara sertifikaty hem şaýatlyk edýär.

Ygtybarly maliýeleşdiriş, hili oňat waksinalaryň satyn alynmagy, mugtuna meýilnamalaýyn sanjymlar, sanjym nokatlarynyň ilat üçin elýeterli bolmagy, waksinalaryň ulagly daşalan we saklanan döwürleri sowadyjy enjamlar bilen üpjünçiligi ýurtda immunlaşdyrma gullugyny ep-esli kämilleşdirdi we berkitdi.

Çaga dogluşynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini, netijede bolsa, sanjyma talabyň artýandygyny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň hökümeti şu maksada goýberilýän serişdeleri 7 esse köpeltdi. Häzirki wagtda immunobiologik seriş-deler bir gezeklik öz-özi weýran bolýan şprisler we howpsuzlyk gutulary bilen bir toplumda getirilýär. BSGG-nyň tekliplerine laýyklykda 2015-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen «Lukmançylyk galyndylary bilen howpsuz işlemek boýunça Milli maksatnama» işlenilip taýýarlanyldy. Bu maksatnama ulanylan bir gezeklik sanjym guralynyň howpsuz ýok edilmegini göz öňünde tutýar.

Ref . Altyn Asyr

One Response

  1. […] Ýewropa immunlaşdyrma hepdeligi bat aldy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: