Türkmen onkologlary dünýä tejribesiniň iň gowularyny ulanýarlar

turkmen-medicOnkologiýa kesellerini bejermekde häzirkizaman usullaryna bagyşlanan mas-lahat Türkmenistanyň onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Amerikanyň «Elaý Lilli» kompaniýasynyň hemaýat bermeklerinde guraldy. Maslahata gatnaşmak üçin Gazagystanyň OYKM-niň esasy ylmy işgäri, medisina ylymlarynyň kandidaty, Gazagystanyň Almaty şäherindäki medisina institutynyň onkologiýa kafedrasynyň doktoranty, lukman Suriýa Ýessentaýewa Aşgabada ýörite geldi. Ol türkmen kärdeşleri bilen ylmy-tejribe okuwlaryny geçmegi göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, onkologiýa keselleri ýaýrawy we ölüme sebäp bolýandygy boýunça şu günki günde dünýäde birinji orunda durýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahata ýygnananlar bu keseli bejermekde hil taýdan täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň we medisina işinde dünýä tejribesiniň iň oňat usullaryny ornaşdyrmagyň wajyplygyny bellediler. Foruma gatnaşyjylar häzirkizaman derman serişdelerine, hususan-da Amerikanyň «Elaý Lilli» kompaniýasynyň däri-dermanlaryna ünsi çekdiler. Häzirki wagtda bu kompaniýa ylmy barlaglarda we onkologiýa ulgamynda ulanylýan innowasion derman serişdelerini işläp taýýarlamakda dünýäde ilkinji bolup durýar.

Gazagystandan gelen onkolog lukman bu iri kompaniýanyň derman serişdelerini ulanmakdaky iki ýyllyk tejribesiniň netijeleri barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda dünýäniň 14 ýurdunda kompaniýanyň 140 sany ylmy-kliniki barlag merkezleri işleýär. Türkmen hünärmenleri hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça satyn alnan derman serişdeleriniň oňyn täsirini bellediler. Dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ulanylýan «Elaý Lilli» kompaniýasynyň derman serişdeleri näsaglarda sagalmaga we ýaşamaga umyt hem ynam döredýär. Şöhle bejerişi bilen utgaşykly ulanylanda bolsa, bu derman serişdeleri has gowy netijeleri berýär.

Barlag işlerini dowam etmegiň möhümdigini belläp, maslahata gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine aýratyn üns berýän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurtda hemme şertleriň döredilendigini kanagatlanmak bilen bellediler. Hususan-da, häzir Aşgabadyň günortasynda täze onkologiýa merkeziniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Ýurdumyzyň beýleki medisina edaralary bilen bir hatarda bu merkez hem iň döwrebap tehnika bilen enjamlaşdyrylar. Saklaýjy hirurgiýany ösdürmekden başga-da, himiýa we şöhle bejerişiniň häzirkizaman usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, alym lukmanlaryň iň soňky ylmy işläp taýýarlamalaryny peýdalanmak ýaly işler täze merkeziň ileri tutýan ugurlary bolar. Halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem möhüm orun berler. Munuň özi saglygy goraýşyň milli ulgamynyň kämilleşmegine, lukmançylyk ylmynyň ösmegine we türkmen alymlarynyň hem lukmanlarynyň döredijilik goruny hö-weslendirmäge uly itergi bolar.

Ref . Altyn Asyr

One Response

  1. […] Türkmen onkologlary dünýä tejribesiniň iň gowularyny… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: