Korporatiw Uniwersitet

uniwersitetHäzirki döwürde ýokary, orta we ýöriteleşdirilen okuw jaylarynyň hetdi hasaby ýok. Ol okuw jaýlarynda mugtynada, puluňada okadýarlar. Ýöne şol okuw jaýlaryny gutaran badyňa iş tapaýmak aňsat däl. Amerikada, Týrkiýede, Orsýetde we beýleki ýurtlarda ýokary bilim alyp gelen adamlaryň sanynyň Aşgabatda müňlerçesi bar bolsa gerek. Ýöne olary döwlet edaralary-da, hususy kärhanalarda işe alyberenoklar. Olaryň içinde öz okan ugryndan iş tapýanlaryndan tapmaýanlary köp.

Elbetde, men bu ýerde takyk bir maglumatlary getirip biljek däl. Ýöne iş tejribäme salgylansaň, bir iş ýeri üçin açyk çagyryş yglan edneiňde 500-e golaý arza (resume) gelip gowyşýar. Köpüside daşary ýurtda bilim alyp gelen ýaşlar. Emma menejerler ýene-de işe alaýmaga başarjaň kadrlaryň ýoklugyndan zeýrenýärler. Sebäbi täze okuwy gutaranlaryň olaryň alan biliminden başgada känbir iş tejribesi ýok. Olary işe gözükdirýänçäň alty aý, bolmasa bir ýyl gerek. Men bu mesele boýunça daşary ýurtlardaky ýagdaýa seredip gördüm. Hemme ýeriň horazy deň gygyrýar. Ýöne olar 80-nji ýyllaryň ahyrynda bir zada köp üns berip başlapdyrlar. Häzirki döwürde oňa Korporatiw Universitet (Corporate University) diýip at berýärler. Şeýle uniwersiteti 1961 nji ýylda “McDonald’s” açypdyr. Maksat teoriýany we praktikany kompaniýanyň edýän biznesiniň talaplaryna laýyk getirmeklik, kompaniýanyň ähly bölümlerinde ýeke-täk korporatiw medeniýeti ornaşdyrmaklyk bolupdyr. Häzirki döwürde şeýle uniwersitetler şu aşakdaky meseleleri çözýär: kompaniýalardaky bar bolan bilimleriň systemalaýyn dolandyrylmagyny, kompaniýanyň içinde bar bolan tejribeleriň işgärleriň arasynda yzygiderli alşylyp-berişilmegi, bilimde ulanylýan tehnologiöalaryň yzygiderli kämilleşdirilmegine,işgärleriň her biriniň başarnyk mümkinçilikleriniň ösmegine we kompaniýanyň öz iş ýörediş medeniýetini we onuň gymmatlyklaryny üpjin etmeklik. Onuň hususy trening merkezlerinden artykmaçlygy ol okuwlaryň ýönekeý işçiden başlap, ähli menejerler üçin elýeterliligi we bilimleriň haýsysynyň we näçesiniň gereklidigine garap okatmaklyga mümkinçilik berýär. Täze kadrlary ýetişdirilimegine itelge berýär. Onsoňam ol okuwlar daşyndan getirilýän maslahatçylaryň hem ornuny tutýan ýerleri az bolmaýar. Eger-de kompaniýanyň içinde agzalalyklar ýa-da başga bir kynçylyklar bar bolsa, ony Korporatiw Uniwersitetiň gurnaýan okuwlarynyň kömegi bilen aradan aýryp bolýar. Ol täze ideýalaryň döremegine ýardam berýär. Häzirki mahalada “çaý başynda” edilýän we soňra hiç kimiň üns bermeýän gürrüňdeşliklerini ol okuwlar çalyşyp bilýär. Adatça şol “çaý başy” gürrüňlerde köp zadyň başy agyrdylýar. Onsoňam ol okuwlar kompaniýanyň gözegörümliliginide ýokarlandyrýar.
Elbetde, Korporatiw Uniwersiteti açanyň bilen ýokarda agzalan artykmaçlyklary derrew-derrewden ýetip bolmaýar. Ol Uniwersiteti dolandyrmak hem gerek. Ýone ol başga bir makalanyň temasy.
Ref . INNOVATION

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: