BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) tarapyndan guralan duşuşyg

 unisefTürkmenistan — UNISEF: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
Çaganyň irki döwürde ösüşine täzeçe, netijeli çemeleşmeler düýn türkmen paýtagtynda başlanan ýörite seminarda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meselä öwrüldi.

BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri—çagalar ýazyjylary, şahyrlar we suratkeşler, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň, şol sanda Bilim, Medeniýet we teleradioýaýlymlar, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we çagalara degişli meseleler bilen belli bir derejede iş salyşýan beýleki edaralaryň jogapkär işgärleri çagyryldy. Geňeşçi hökmünde türkmen paýtagtyna Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda işläp, baý tejribe toplan halkara eksperti Barbara Koluski geldi.

UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Sampe Lalungpa ýygnananlary mübärekläp, hut irki döwürde çaganyň durmuşdaky ukyplarynyň we häsiýetleriniň kemala gelýändigini göz öňünde tutanyňda, orta atylan bu meseläniň wajypdygyny we möhümdigini aýratyn belledi. Aşgabatdaky edaranyň ýolbaşçysy şu günki seminaryň gün tertibi barada aýtmak bilen, forumyň bu örän perspektiwaly ugurdaky milli maksatnamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň we mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda UNISEF çagalara degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň has işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bäri çagalaryň hukuklarynyň we olaryň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek arkaly özüniň ýaş raýatlary üçin durmuşda has oňaýly şertleriň döredilmegine degişli meseleleriň çözülmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Ýurdumyzda iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG-niň Çagalar Gaznasy bilen birlikde çaganyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, terbiýeçilik we bilim boýunça täze usullaryň ornaşdyrylmagyna hem-de milli derejede ileri tutulýan ugurlar we Müňýyllygyň ösüş baradaky maksatlary bilen berk bagly bolan beýleki köpsanly wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilen taslamalar tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär.

Ýygnananlar ilkinji ýyllardan başlap çaganyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda, ilki bilen, ene-atalaryň we terbiýeçileriň çaga garaýşynyň örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny hem-de olardan çaga mähirli çemeleşmegiň we aýratyn üns berilmeginiň talap edilýändigini nygtadylar. Munuň özi yzygiderli we yhlasly dowam etdirilýän proses bolup, çaganyň durmuşyna içgin aralaşylmagyny talap edýär, çaganyň her bir güni bolsa akyl ýetirmegiň we bilelikdäki döredijiligiň şatlygyna ýugrulan bolmalydyr. Şonda çagalar baradaky we çagalar üçin bilim berýän materiallar aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar, olary işläp taýýarlamak üçin çagalaryň ösüşiniň barşynda olaryň psihologiýasyna düşünmek zerurdyr.

Dört günlük seminaryň barşynda oňa gatnaşyjylar çagalar we ulular üçin niýetlenip, oňat bezelen kitaplary, suratlardan ybarat kitapçalary, şygarly ýazgylary we telewizion ýazgylary işläp taýýarlamaly bolar. Olary taýýarlanlaryň pikirine görä, munuň özi çaganyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine degerli ýardam bermelidir. Seminar tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylaryň ählisine degişli sertifikatlar gowşurylar.

Ref. Altyn Asyr

One Response

  1. […] BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF) tarapyndan guralan… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: