Ýewropa/halkara hereketi we ykrar etme

turkmen-studentHalkara talyplar hereketi nämäni aňladýar
Hereketi goldamak
Hereket boýunça halkara guramalary
Akademiki ykrar etme nähili?
Akademiki ykrar etme üçin hukuk çäkleri
ENIC tory
Bäsleşikli ýa-da bölekleýin ykrar etme
NARIC tory (Ykrar etmegiň milli akademiki maglumat merkezleri)
Syýasat we usullar: Ykrar etme we Ýewropa degişli däl ýurtlar

Halkara talyplar hereketi nämäni aňladýar

Halkara talyplar hereketi ýokary okuw mekdebinde talyplaryň okuw maksatnamasynyň çäklerindäki halkara hereketiň islendik görnüşidir. Onuň dowamlylygy gysga möhletli iş saparyndan doly okuwa çenli aralykda dürli möhletli bolup biler. Daşary ýurt ýokary okuw mekdebindebindäki okuwa goşmaça herekete iş ýerinde ýa-da kollejden daşary islendik gurşawda bolmak döwri hem girýär.

http://ec.europa.eu/education/programmes/mobility_en

Hereketi goldamak

ÝB ömürlik okuw, ýaşlar, medeniýet we raýatlyk boýunça maksatnamalarynyň çäginde yzygiderli hereketi goldaýar. ÝG hereketiniň taslamalarynyň iň meşhury döräli bäri geçen 20 ýylda 2 milliona golaý ýaş ýewropalylara daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik beren Erasmus taslamasydyr. Şeýle hem ömürlik okuw maksatnamasynyň çäklerinde Leonardo da Winçi (hünär okuwy üçin), Comenius (mekdepler üçin) we Grundtvig (ýokary synp okuwçylary üçin) taslamalaryny mysal getirmek bolar. Erasmus Mundus we Tempus taslamalary ýokary bilim boýunça hereketi üpjün edýär. Hereket bilimden başga medeniýet, ýaşlar we raýatlyk boýunça maksatnamalar hem degişlidir.

Bu ugurlaryň her biriniň syýasatyny we ugurlaryny, dürli maksatnamalaryny we hereketlerini has anyk öwrenmek üçin degişli websaýtlara maslahat üçin ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Hereketiň ÝG goldawynyň köp özara baglanyşykly maksatlary bardyr. Bazary leýborist hereketi köp wagtyň dowamynda ÝG-nyň ösüş we iş ýerleri boýunça baş ugrunyň esasy bölegi, zähmet bazarynyň we geljekki hünär meýilnamalaşsyrmasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esaslyk azatlyklaryň biri we baş ugrunyň bölegi hökmünde ykrar edildi. Ol şeýle hem uzak wagt örän pes hereket hasaplandy. Bu öz gezeginde olary herekete taýýarlaýan dil päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge kömek edýän ýaş adamlaryň we ýokary bilimli adamlaryň has ýokary herekete ukyplylygynyň taýýarlygyna şaýatlyk edýär. Herekete ukyply bolmaga taýýarlygyň/açyklygyň öňe gitmegi ÝG hereketiniň işleriniň aýratyn merkezidir. Hereketiň çäreleri şeýlelikde Ýewropa raýatlarynyňadam ätiýaçlyklarynyň ösüşine wajyp hem ýokary goşant goşup, olara gatnaşmaga we Ýewropa birleşiginden peýdalanmaga kömek edip biler. Hereket Lissabon baş ugruna hem goşantdyr. Şeýlelikde, onuň mümkinçilikleri 2007-nji ýylyň dekabrynda Lissabonyň baş ugur almak boýunça iş topary 2008—2010 tarapyndan ykrar edildi, onda «Daşary ýurtda okamak şahsy ösüş we dil endikleri üçin esasy itergi bolup biler. Erasmus maksatnamasy 2 milliondan gowrak ýaş ýewropalylara daşary ýurtda okamaga mümkinçilik berdi. Köp ýaş adamlar ondan ýokary okuw biliminiň esasy bölegi hökmünde peýdalanmalydyr» diýip aýdylýar.

Çeşme: http://ec.europa.eu/education/focus/focus363_en.htm

Hereketiň maksatnamalary

AEGEE (Ýewropanyň baş ştatlarynyň talyplar birleşmesi)

AEGEE — Ýewropada 15 müň talypdan, 241 okuw şäherlerinden, 40 Ýewropa ýurtlaryndan durýan we medeniýetiň geň köpdürliliginden ybarat iň uly dersara talyplar birleşmeleriniň biridri. AEGEE dünýewi, täjirçilik däl, hiç bir syýasy partiýa bilen baglanyşykly däl guramadyr. Onuň ähli taslamalary we işleri oňa gatnaşýanlaryň meýletin işine esaslanýar.

AEGEE-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.aegee.org/su

AIESEC (Ykdysadyýet we söwda boýunça ylymlaryň milletara talyplar birleşmesi)

AIESEC — talyplar tarapyndan dolandyrylýan halkara, syýasy däl, täjirçilik däl, garaşsyz, bilim gaznasydyr. Ol ykdysadyýet we dolandyryş bilen gyzyklanýan talyplardan we golaýda ýokary okuw edaralarynyň diplomlaryny alan hünärmenlerden durýar. 84 ýurduň takmynan 800 ýokary okuw mekdebiniň we beýleki üçünji derejeli edaralarynyň uniwersitet şäherçesiniň ýerli edaralary AIESEC—iň alyş-çalyş maksatnamalaryny dolandyrýar.

AIESEC-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.aiesec.org

EESTEC (Elektrotehnika boýunça Ýewropa talyplar birleşmesi)

EESTEC — Ýewropa uniwersitetleriniň, institutlarynyň ýa-da tehnologiýa boýunça ýöriteleşdirilen mekdepleriniň elektrotehnika bilen gyzyklanýan we inzineriň diplomy bilen sylaglanýan talyplar üçin gurama. Birinji maksady halkara gatnaşyklaryny herekete getirmek we ösdürmek, piker alyşmak, şeýle hem elektrotehnika bilen gyzyklanýan talyplaryň tehniki bilimini gowulandyrmak. Birleşme talyplary beýleki ýurtlaryň senagatyna we bilim ulgamyna hödürlemegi hem maksat edinýär.

EESTEC-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.eestec.org/home

ESTIEM (Önümçilik we dolandyryş boýunça Ýewropa talyplar birleşmesi)

ESTIEM talyplaryň we tehnologiýa boýunça Ýewropa edaralarynyň arasynda önümçiligi we dolandyryşy guramagyň (IEM) çäklerinde aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin döredildi. IEM—iň taglymaty tehnologik kabul edişiň we dolandyryş endikleriniň birleşmesine daýanýar. Barlaglar IEM—iň talyplaryny esasy tehnologiýa düşünip söwda bilen meşgullanyp bilýän gymmatly hünärmenler edýän dolandyryşyň derňew kuwwatlyklary, tehniki bilimi we amaly tejribesi bilen üpjün edýär.

ESTIEM-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.estiem.org

IAESTE (Tehniki tejribe üçin talyplaryň alyş-çalyşy boýunça halkara birleşme)

IAESTE ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurtlarda olaryň okuwy bilen bagly tehniki tejribä almaga mümkinçilik berýär.

IAESTE-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.iaeste.org/network/index.html

TIME (Ýewropanyň baş senagat menejerleri)

TIME-niň manysy tehnologiýany öwrenmegiň «uzak tapgyryny» öwrenmek üçin ylmy barlaglara, okuwyň ýokary hiline we senagat pudagy bilen işjeň alyş-çalyşa esaslanýan ýokary ylmy hildäki berk borçnamadyr. Esaslandyryş düzgünnamasynda (1989-njy ýylda gol çekilen) TIME-niň esasy maksady görkezilýär: «inzenerler we senagat ýolbaşçylary üçin olary milli çäkler arkaly Ýewropa ykdysady birleşmesinde we dünýäsinde işlemäge taýýarlaýan ýokary derejeli bilim maksatnamalaryna ýardam etmek» goşa medeni esas bilen. TIME-niň tor hökmünde esasy ähmiýeti barlagy 1 okuw ýylyndan köp bolmadyk möhlete uzaldyp, «uzak tapgyryň» görnüşiniň goşa derejesine (ýagny magistrlik derejesine) getirmek bilen oňa gatnaşýanlaryň arasynda talyplaryň alyş-çalyşy üçin ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýeňilleşdirmekdir.

TIME-niň başky sahypasyna serediň:
https://www.time-association.org/home

Mari Kýuri

Mari Kýuri arkalaşyklar birleşmesi öň Mari Kýuri arkalaşygy ýa-da başga bir Ýewropa ykdysady arkalaşygy tarapyndan sylaglanan alymlaryň birleşmesidir. Ol saýlanyp alnan okuw grantlaryny öwrenýär. Mari Kýuri arkalaşygy Ýewropa ykdysady arkalaşygynda okuwa we okuw hereketine itergi berýän RTD gurluýynyň Ýewropa maksatnamalarynyň biriniň ylalaşylan taslamasynyň çäklerindäki grantdyr.

Mari Kýuri-niň başky sahypasyna serediň:
http://www.mariecurie.org

TEMPUS maksatnamasy (Ýokary okuw mekdepleriniň transýewropa hereketiniň taslamasy)

TEMPUS maksatnamasynyň gaznalarynyň ÝG-niň agza ýurtlarynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary bilim ulgamlarynyň arasyndaky taslamalary sebitleri we halklary bilelikde öwrenmäge mümkinçilik berýär. TEMPUS taslamalary hyzmatdaşlygyň 3 derejesine: bellenen, gurluş we özbaşdak hyzmatdaşlyga gönükdirilýär. Gatnaşýan guramalar ýokary okuw mekdeplerini, kompaniýalary, raýatlyk jemgyýetini we magaryf ministrliklerini birleşdirýär. Mugallymlar, edara işgärleri, talyplar, bilime gatnaşygy bolan işewür adamlar we gullykçylar bu guramalaryň agzalary bolup bilerler.

TEMPUS maksatnamasynyň başky sahypasyna serediň:
http://ec.europa.eu/education/programmes/tempus/index_en.html

Leonardo da Winçi

Leonardo da Winçi Ýewropa ykdysady arkalaşygynyň hünär öwreniş okuwynyň maksatnamasydyr. Ol okuw şertleriniň hilini gowulandyrmaga, işçi güýjiniň endiklerini we hereketini ösdürmäge, täzeçilligi höweslendirmäge we Ýewropa senagatynyň bäsleşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga çalyşýan hünär beriş okuwynyň guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldaýar.

Leonardo da Winçi maksatnamasynyň başky sahypasyna serediň:
http://ec.europa.eu/education/programmes/leonardo/leonardo_en.html

Socrates — ERASMUS

ERASMUS — Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda milletara hyzmatdaşlygy goldamak, ýewropa hereketini ýokarlandyrmak hem-de ÝGD okuwlaryň we berilýän kärleriň açyklygyny we doly akademiki ykrar edilmesini gowulandyrmak bilen Ýewropa ýokary biliminiň hilini gowulandyrmaga we derejesini mokarlandyrmaga kömek berýän SOCRATES II maksatnamasynyň ýokary biliminiň taslamasydyr. ERASMUS taslamasy talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşy boýunça birnäçe dürli paýnamalardan ybarat bolup, barlag maksatnamalarynyň (okuw meýilnamalarynyň), halkara çaltlandyrylan maksatnamalaryň, bütin Ýewropanyň bölümleriniň we fakultetleriniň arasyndaky temalar boýunça torlaryň ösüşine, dil öwreniş okuwlaryna (EILC), karz berlişiniň Ýewropa ulgamyna (ECTS) itergi berýär. ERASMUS taslamasy Ýewropa birleşiginiň ähli 25 agza döwletleriniň, Ýewropa ykdysady zolagynyň 3 ýurduň (Islandiýa, Lihtenşteýn we Norwegiýa), 3 sany dalaşgär ýurduň (Bolgariýa, Rumyniýa we Trkiýe) ýokary okuw mekdepleriinň talyplary üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda 31 ýurduň 2199 ýokary okuw mekdebi ERASMUS maksatnamasyna gatnaşýar. ERASMUS-yň döredilen wagtyndan −1987-nji ýyldan bäri 1,2 million talyp ERASMUS-yň daşary ýurtlardaky okuw maksatnamalaryna peýdalandylar. SOCRATES/ERASMUS taslamasynyň ýerine ýetirlişine Ýewropa komissiýasy doly jogap berýär.

ERASMUS maksatnamasynyň başky sahypasyna serediň:
http://europa.eu.int/comm/education/programmes/socrates_en

ERASMUS MUNDUS

Erasmus Mundus maksatnamasy ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlygyň we hereketiň maksatnamasydyr. Ol üçünji derejeli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk arkaly Ýewropa ýokary biliminiň hilini gowulandyrmaga we medeniýetara düşünşmege itergi bermäge çalyşýar. Maksatnama talyplar üçin magistraturanyň ýokary hilli Ýewropa okuwlaryny goldamak we Ýewropa ýokary okuw mekdeplerinde diplomdan soňky dilini öwrenmäge gatnaşmak üçin bütin dünýäniň alymlaryny çagyrmak, şeýle hem Ýewropa talyplarynyň we alymlarynyň üçünji derejeli ýurtlara bolan gowşan ünsüni ýokarlandyrmak bilen ýokary bilimde Ýewropa hyzmatdaşlygyny we halkara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin niýetlenendir.

Hereket boýunça halkara guramalary

Frankofoniýa boýunça ýokary okuw mekdepleriniň gullugy.

AUF esasan Afrika, arap dünýäsi, Günorta-gündogar Aziýa, Merkezi we Gündogar Ýewropa hem-de Karip deňzi ýaly fransuz dilli ýurtlarda fransuz dilinde işleýän ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we raýdaşlygy goldaýan köp taraply edaradyr. Ol ýokary bilimiň we barlagyň ösmegine hem ýardam edýär. Saýt ileri tutulýan ugurlar we maksatnamalar barada maglumat berýär, şeýle hem onuň 432 sany gatnaşyjysynyň hemmesi bilen aragatnaşyga çykýar.

Arkalaşygyň ýokary okuw mekdepleriniň birleşmesi.

ACU oňa gatnaşýanlara olaryň adam ätiýaçlyklarynyň ukyplaryny ösdürmekde, arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda akademiki we ýolbaşçy düzümiň we talyplaryň hereketine itergi bermekde hem-de ýokary okuw mekdepleri we olaryň meseleleri barada maglumat bermekde kömek etmek üçin niýetlenendir. Ol arkalaşygyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden durýar, Onuň saýty bolsa ACU-nyň arkalaşygyň ýokary okuw mekdepleriniň her ýyllyk hemme taraplaýyn neşirini öz içine alýan dürli neşirleri barada maglumat berýär.

Okuw arkalaşygy.

Okuw arkalaşygy arkalaşygyň agza hökümetlerine okuwyň açyk, uzak aralykdan we tehnologik ugurlarynyň doly artykmaçlygyny almaga, olaryň raýatlarynyň okamagyň we bilim almagyň ýokarlandyrylan we deň hukukly mümkinçiliklerini üpjün etmäge kömek bermek bilen meşgullanýar. Saýt okuw mümkinçilikleri barada maglumat, maglumatlar goryny berýär we hyzmatlary amala aşyrýar.

Ýokary okuw mekdepleriinň halkara birleşmesi.

Bu saýt edaralaryň we guramalaryň agzalaryna bütin tünýäde halkara hyzmatdaşlyk arkaly öz umumy maksatlaryna ýetmäge kömek edýär. Bu saýt ýokary bilim boýunça soňky duşuşyklar we neşirler hem-de bu ugur boýunça beýleki çeşmeler barada maglumat berýär.

Ýokary bilim barada maglumatlaryň dünýä gory (WHED).

Bu bütin dünýädäki we 180 sany ýurtdaky ýokary bilim ulgamlary we edaralary baradaky maglumat çeşmesidir.

Talyplaryň halkara birleşigi (IUS).

IUS 114 ýurduň talyplar birleşiklerini öz içine alýan, ýaşlaryň köp meselelerini çözmäge kömek bermek bilen bilim almagyň deň mümkinçilikleri üçin işjeň göreşýän halkara talyplar guramasydyr. Onuň saýty bu guramanyň işleri, şeýle hem onuň agza birleşmeleri barada maglumat berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça gurama (OECD).

OECD hökümetlere ykdysady, durmuş meselelerini we umumylaşdyrylan ykdysadyýeti dolandyrmagyň wezipelerini çözmekde kömek etmäge çalyşýar. Onuň bilim boýunça sahypalary agza döwletlerde bilim ulgamlarynyň işleri, okuwlary we bilim bilen bagly çäreleri barada maglumat berýär.

UNESKO

UNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasydyr. Onuň esasy maksady Birleşen Milletler Guramasynyň düzgünnamasy bilen berkidilen adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň, adalatlylygyň we kanunçylygyň mundane beýläkde dabaralanmagy üçin bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk arkaly milletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi bermek bilen dünýäde parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam etmekdir.

Daşary ýurtda okamak.

UNESKO-nyň daşary ýurtda okamak baradaky sahypasy dürli hukuk resminamalary we ylalaşyklary boýunça soragnamany, bütin dünýäniň ýurtlarynda hödür edilýän stipendiýalar we mümkinçilikleri öwrenmäge kömek berýän onlaýn ýolbeledi öz içine almak bilen bilimdäki hereket bilen bagly gymmatly maglumatlary berýär.

Akademiki ykrar etmek nägili?

Akademiki ykrar etme– barlaglary mundan beýläkde dowam etdirmek maksady bilen daşary ýurtda berilen käri ykrar etmekdir. Akademiki ykrar etmekde bilermenler esasan dalaşgäriň saýlanan ugur boýunça we saýlanan derejede okuwyny dowam etdirmäge ukyplydygyny kesgitlemäge çalyşýarlar. Akademiki ykrar etmäniň esasy ugurlary aşakdakylardyr:

— dalaşgärleriň öňki okuwlarda alan ynanç hatlaryny ykrar etmek;

— öz ýurdunda alan derejelerini/diplomlaryny tassyklamak we daşary ýurtda okuwyň indiki tapgyryny dowam etmäge goýbermek;

— daşary ýurtlarda okuwlaryň öňki tapgyryny gutarandan soňra öz ýurdunda okuwy dowam etdirmäge mümkinçilik bermek;

— okuwlaryň indiki tapgyrynda okuwyny dowam etdirmek üçin bir daşary ýurtdan başga bir daşary ýurda geçirmek;

— daşary ýurtda okuwy gutarandan soňra öz edarasyna gaýdyp gelmegini üpjün etmek.

Umuman akademiki ykrar etme okuwy dowam etmäge çykalgadyr. Ýöne käbir dalaşgärler daşary ýurt derejesiniň/diplomynyň ykrar edilmegi resmi talap edilmeýän hünärler (ýagny durnukly däl hünärler) boýunça hem okandygynyň ykrarnamasyny almak isleýärler. Ykrar etmegiň bu görnüşi iş berijilere garalýan daşary ýurt diplomynyň öz ýurdunyň haýsy kärine gabat gelýändigine düşünmäge kömek edýär.

Akademiki ykrar etme üçin hukuk çäkleri

Ykrar etme barada Lissabon ylalaşygy (Ýewropa ýokary bilimine degişli kärleriň ykrar edilmesi baradaylalaşyk), 1997 (165 belgili bilim test geçirmesiniň gullugy).

Ykrar etme barada Lissabon ylalaşygy boýunça komitet tarapyndan kabul edilen resminamalar.

  • Milletara bilim şertlerinde synag edilen tejribäniň gaýtadan seredilen kanunlar toplumy (PDF), 2007-nji ýylyň iýuny

Diploma goşmaça [PDF], 2007-nji ýylyň iýuny (fransuz çaklamasy) [PDF]

ENIC/NARIC hereketleriniň we hyzmatlarynyň düzgünnamasyna serediň [PDF], 2004-nji ýylyň iýuny

Daşary ýurt kärlerine baha bermegiň ülňüleri we işleri boýunça maslahatlar, 2001

Milletara bilim şertlerinde synag edilen tejribäniň kanunlar toplumy, 2001

Kärleriň halkara elýeterliligi boýunça maslahatlar, 1999

ENIC-NARIC birleşdirlen torlary tarapyndan kabul edilen resminamalar

Ýokary bilimiňdöwürleriniň umumy barabarlygy boýunça Ýewropa ylalaşygy, 1990 (138 belgili bilim test geçirmesiniň gullugy)

UNESKO-nyň Ýewropaýokary biliminiň barlaglaryny, diplomlaryny we derejelerini ykrar etmek boýunça ylalaşygy, 1979 (20966 belgili BMG-niň ylalaşyklarynyň toplumy)

 

ENIC tory

Akademiki ykrar etme we hereket boýunça milli maglumat merkezleriniň ýewropa tory.

Ýewropa geňeşi we UNESKO 1994-nji ýylda ähli Ýewropa ýurtlarynda kärleri ykrar etmek boýunça birleşen syýasaty we tejribäni ösdürmek üçin döretdiler.

Muňa goşmaça ENIC torunyň Ýewropa geňeşiniň/UNESKO-nyň 1997-nji ýylyň aprel aýynyň 11-ine Lissabonda kabul edilen Ýewropa ýokary biliminiň kärlerini ykrar etmek boýunça ylalaşygy ýerine ýetirmekde hem uly ähmiýeti bar.

ENIC torunyň sekretarýatyna Ýewropa geňeşi we UNESKO/CEPES tarapyndan wekilçilik edilýär. ENIC tory Ýewropa Birleşiginiň NARIC tory bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. NARIC torynyň sekretarýatyna Ýewropa Komissiýasy/Bilim we medeniýet meseleleri boýunça umumy edara tarapyndan wekilçilik edilýär.

Düzümi we maksatlary

Tor Ýewropa medeniýet ylalaşygyna gol çeken döwletleriň ýa-da UNESKO-nyň Ýeropa sebitiniň milli maglumat merkezlerinden durýar. ENIC milli häkimýetler tarapyndan döredilen guramadyr. ENIC guramasy kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň üýtgemeginiň mümkindigine garamazdan:

  • daşary ýurt diplomlarynyň, derejeleriniň we beýleki kärleriniň ykrar edilmegi barada;
  • daşary ýurtlaryň we ENIC guramasynyň ýerleşen ýurdunyň ikisinde hem bilim ulgamlary barada;
  • kreditler we stipendiýalar boýunça maglumaty, şeýle hem hereket we barabarlyk bilen bagly amaly meseleler boýunça maslahatlary öz içine alýan daşary ýurtda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumatlar berýär.

ENIC—iň esasy maksatlaýyn toparlary: talyplar, ene-atalar, iş berijiler, ýokary okuw mekdepleri, ýokary bilim üçin jogapkär ministrlikler we beýleki isleg bildirýän adamlar we guramalar.

NARIC tory bilen aragatnaşyk

NARIC tory ENIC toruna meňzeş, ýöne ol Ýewropa komissiýasy tarapyndan goldalynýar. NARIC — ýa-da ENIC Ýewropa birleşiginiň agza ýurtlarynda hem, beýleki Ýewropa ýurtlarynda hem hereket edýär. Bu iki tor her ýyllyk ýygnaklar (aşakda seret) we birleşdirilen websaýty ösdürmek arkaly has içgin hyzmatdaşlyk edýärler. Siz websaýtda ýokary bilim ulgamlary we ähli maglumat merkezleri bilen aragatnaşyk etmek baradaky degişli maglumatlary tapyp bilersiňiz.

2004-nji ýylyň iýunynda bu iki tor Ykrar etmek barada Lissabon ylalaşygy boýunça komitet tarapyndan makullanan ENIC-NARIC düzgünnamasyny kabul etdiler.

Ykrar etmegiň we hili barlamagyň meseleleriniň arasyndaky gatnaşygy nazara alyp, ENIC-NARIC torlary Ýokary bilimiň hiliniň barlagynyň Ýewropa tory — ENQA bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Ykrar etmek barada Lissabon ylalaşygyny amala aşyrmak, umuman, kärleri ykrar etmek üçin syýasaty we tejribäni ösdürmek maksady bilen Ýewropa Geňeşi we UNESKO ENIC toruny (Akademiki ykrar etme we hereket boýunça milli maglumat merkezleriniň Ýewropa toruny) döretdiler. Ýewropa geňeşi we UNESKO/CEPES ENIC torunyň bilelikdäki sekretarýatyny edindiler. ENIC tory Ýewropa birleşiginiň NARIC tory bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

Tor Ýewropa medeniýet ylalaşygyna gol çeken döwletleriň ýa-da UNESKO-nyň Ýeropa sebitiniň milli maglumat merkezlerinden durýar. ENIC milli häkimýetler tarapyndan döredilen guramadyr. ENIC guramasy kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň üýtgemeginiň mümkindigine garamazdan:

  • daşary ýurt diplomlarynyň, derejeleriniň we beýleki kärleriniň ykrar edilmegi barada;
  • daşary ýurtlaryň we ENIC guramasynyň ýerleşen ýurdunyň ikisinde hem bilim ulgamlary barada;
  • kreditler we stipendiýalar boýunça maglumaty, şeýle hem hereket we barabarlyk bilen bagly amaly meseleler boýunça maslahatlary öz içine alýan daşary ýurtda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumatlar berýär.

 

Bäsleşikli ýa-da bölekleýin ykrar etme.

Ýewropa geňeşiniň/UNESKO-nyň daşary ýurt kärlerine baha bermegiň ülňüleri we işleri boýunça maslahatlaryna laýyklykda «dalaşgäriň sargydyna laýyklykda ykrar etme geçirip bolmaýan ýagdaýlarda bäsleşikli ýa-da bölekleýin ykrar etmek meselesine seretmeli».

Bäsleşikli ykrar etme — dalaşgärleriň käriniň guramaçy ýurduň derejesiniň/diplomynyň dalaşgär tarapyndan aňladylýan derejesinde ykrar edilmeýändigini, ýöne oňa derek ykrar etmäge ygtyýarly guramanyň dalaşgäriň kärini köp halatlarda bu meseläni çözýän başga bir guramaçy ýurduň derejesiniň/diplomynyň derejesinde ykrar etmegi teklip edip bilýändigini aňladýar. Dalaşgär deslapky saýlan kärinden tapawutlanýan maksatnamadygyna garamazdan guramaçy ýurtda barlaglaryny dowam etdirmäge mümkinçilik alýar.

Bölekleýin ykrar etme — dalaşgäriň daşary ýurt derejesiniň/diplomynyň guramaçy ýurduň doly käri hökmünde ykrar edilmegine derek ygtyýarly guramalaryň dalaşgäre onuň görkezen käri boýunça barlaglaryň bölegi hökmünde onuň kärini ykrar etmegi teklip edýändigini aňladýar. Şonda dalaşgär onuň birinji käriniň ýetmeýän bölegini doldurmak üçin barlaglaryny dowam etdirip bilýär.

şeýlelikde, eger dalaşgäriň käriniň doly akademiki ykrar edilmesi adalatly inkär edilýän bolsa, onda ygtyýarly guramalar bilen onuň bäsleşikli ýa-da bölekleýin ykrar edilmegine mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaly.

 

NARIC tory (Ykrar etmegiň milli akademiki maglumat merkezleri)

NARIC tory 1984-nji ýylda Ýewropa komisiýasynyň teklibi boýunça döredildi. Tor ÝB-niň agza ýurtlarynda, Ýewropa ykdysady zolagynyň ýurtlarynda, Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda, şeýle hem Kiprde diplomlary akademiki ykrar etmegi we okuwyň möhletlerini gowulandyrmaga çalyşýar. Bu tor bu ýurtlaryň ýokary okuw edaralarynyň arasyndaky talyplaryň we mugallymlaryň hereketini goldaýan SOCRATES/ERASMUS Arkalaşygyň maksatnamasynyň bölegidir.

Bütin ÝB we Ýewropa ykdysady zolagynyň döwletleriniň, Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň hem-de Kipriň beýleki döwletlerde diplomlary akademiki ykrar etmek we okuwyň möhletleri bilen bagly maglumatlar we abraýly geňeşi üpjün etmek bilen talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy barlagçylaryň hereketiniň ilerlemegine kömek etmegi maksat edinýän milli merkezler bar. Bu tordan esasy peýdalanýanlar ýokary okuw edaralary, talyplar we olaryň halypalary, ene-atalar, mugallymlar we geljekki iş berijiler.

NARIC tory degişli ýurtlaryň magaryf ministrlikleri üçin hem niýetlenendir, ýöne NARIC özbaşdak torunyň işiniň ýagdaýy we göwrümi tapawutlanyp biler. Köp döwletlerde ýokary okuw edaralary özbaşdak bolup, olar daşary ýurtly talyplaryň giriş tölegi barada özbaşdak karar kabul edýärler hem-de talyplara daşary ýurtda alan biliminiň esasynda okuwyň belli bir bölegi üçin ýeňillikler berýärler. Netijede NARIC tory hiç hili karar kabul etmeýär, ýöne daşary ýurt bilim ulgamlary we kärleri boýunça maglumatlar we maslahatlar berýär.

Hemmesi enic-naric.net websaýtynda

Bu saýt Ýewropa komissiýasynyň, Ýewropa geňeşiniň we UNESKO/CEPES-iň umumy teklibi boýunça ilki bilen ERIC-NARIC torlaryna olary her bir agza döwletiň ygtyýarly edaralary we saýtyň her bir guramasy tarapyndan berlen we goldalynýan soňky maglumatlaryň çeşmelerine gönükdirmek bilen olaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wezipelerini ýerine ýetirmekde kömek bermek üçin serişde hökmünde düzüldir.

http://www.enic-naric.net/index.aspx

Onuň ýörite maksady beýleki isleg bildirýän guramalar we aýratyn şahslara halkara akademiki we hünär hereketi boýunça döwrebap meseleler we daşary ýurt kärleriniň ykrar edilişiniň düzgünleri barada maglumatlary aňsat tapmaga kömek bermekdir.

Ýewropada milli gurluşlar

2010-njy ýyla çenli Ýewropa ýokary bilim zolagyny döretmegi maksat edinýän Bolon prosesiniň çäklerinde oňa gatnaşýan ýurtlar 2007-nji ýylda 2010-njy ýyla çenli kärler boýunça milli gurluşlary işläp düzmäge başladylar. Ýurtlar Ýewropa ýokary bilim zolagynyň kärleriniň ähli umumy gurluşy bilen laýyklygyň barlamak üçin öz özlerine baha beriş işlerini geçirdiler. Bu öz özüňe baha berlişiň netijeleri şu ýerde çap edilendir.

 

Syýasat we usullar: Ykrar etme we Ýewropa degişli däl ýurtlar

 

Ýewropanyň we ABş-nyň arasyndaky kärleriň özara ykrar edilmegi üçin ugrukdyryjy ýörelgeler, [PDF resminamasy], 1994

Ylalaşyklary, tekstleri we düşündirişleri bilen bilelikde (fransuz, nemes, italýan we rus dillerinde) doly çap etmek üçin Ýewropanyň ylalaşygynyň geňeşi websaýtyna seret. Websaýt http://conventions.coe.int/.

Birleşen ştatlaryň bilim barada maglumatlar üçin tory (USNEI)

Ugrukdyryjynyň ähmiýeti: USNEI — talyplar we hünär hereketiniň işleri, edaralaryň we kärleriň ykrar edilişi hem-de bu meseleler bilen bagly çäzgütler boýunça resmi amerikan maglumat gullugydyr. USNEI Ýewropa zolagyndan daşardaky maglumat merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýokary bilim boýunça kärleri ykrar etmek barada Lissabon ylalaşygyna laýyklykda amerikan ENIC—i hökmünde gulluk edýär.

Barlaglary we kärleri ykrar etme:

Öz ýurduňda okamak (Ykrar etme/akkreditasiýa ulgamy): amerikan akkreditasiýasy hökümete garaşly däl, garaşsyz meýletin ýagdaýa esaslanýar. Federal hökümetiň gurluşlary edaralaryň hiline gözegçilige seretmeýär, ýöne amerikan bilim bölümi amerikan talyplara kömek maksatnamalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berilýän edaralary akkreditasiýa etmek maksady bilen makullanan akkreditasiýa gulluklaryny hakykatdan hem ykrar edýär. Akkreditasi akkreditasiýanyň sebit we milli gulluklary arkaly geçirilýär. Maksatnamanyň akkreditasiýasy akkreditasiýanyň ýörite maksatnamasyndan we hünär gulluklaryndan geçýär. Sebit we milli gulluklaryň akkreditasiýasy edaralaryň ähli görnüşine, şol sanda jemgyýetçilik, hususy täjirçilik däl, hususy täjirçilik edaralaryna hem degişlidir. Akkreditasiýa gulluklary, ülňüler syýasat we halkara hyzmatdaşlygy baradaky anyk maglumatlary ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça geňeşden (CHEA) şu saýtda alyp bolar http://ww.chea.org. Akkreditasiýa ykrar edilen akkreditasiýa gullugy tarapyndan halkara hukugyna laýyklykda milli ykrar etmäniň amerikan barabarlygy hökmünde seredilýär.

Daşary ýurtlarda okamak (daşary ýurt ynanç hatlarynyň ykrar edilmegine degişli gurluşlar):

Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça halkara ygtyýarly bilermenleriň birleşmesi (AICE)

Amerikanyň Birleşen ştatlary
90212 Kaliforniýa. Bewerli Hillz
Günorta Bewerli Draýw, kw. 408, Aragatnaşyk bölümi. Guty 6756, 280
Telefon: +1 (310) 5503305
Faks: +1 (888) 2632423
ELEKTRON POÇTA: info@aice-eval.org
WWW: http://www.aice-eval.org

Hyzmatlar ynanç hatlaryna baha bermek boýunça özbaşdak hyzmatlary etmegiň guramalarynyň arkalaşygynyň talyplar tarapyndan edildi. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlaryň beýleki görnüşleri Internetde ýerleşdirilendir. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlar ýokary okuw mekdepleri, iş berijiler we ygtyýarlyklary bermegiň döwlet dolandyryşy üçin daşary ýurt kärlerini tassyklaýar (durnukly hünärler üçin).

Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlaryň milli birleşmesi (NACES)

Amerikanyň Birleşen ştatlary
90231—3665 Kaliforniýa, Kalwer-Siti
Aragatnaşyk bölümi. Guty 3665
Telefon: +1 (310) 2589451
Faks: +1 (310) 3427086
ELEKTRON POÇTA: naces@ierf.org
WWW: http://www.naces.org

Hyzmatlar ynanç hatlaryna baha bermek boýunça özbaşdak hyzmatlary etmegiň guramalarynyň arkalaşygynyň talyplar tarapyndan edildi. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlaryň beýleki görnüşleri Internetde ýerleşdirilendir. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlar ýokary okuw mekdepleri, iş berijiler we ygtyýarlyklary bermegiň döwlet dolandyryşy üçin daşary ýurt kärlerini tassyklaýar (durnukly hünärler üçin).

Birleşen ştatlaryň bilim barada maglumatlar üçin tory (USNEI)

Amerikanyň Birleşen ştatlary
20202 Kalumbiýa okrugy, Waşington
Merilend Awenýu 400
Amerikanyň bilim bölümi
Halkara gatnaşyklar bölümi
Telefon: +1 (202) 4013710
Faks: +1 (202) 4012508
ELEKTRON POÇTA: Stiwen hunt@ed.gov
WWW: http://www.ed.gov/about/offices/list/ous/international/usnei/edlite-index.html

Hyzmatlar talyplar tarapyndan edildi: amerikan we daşary ýurt bilim ulgamlary baradaky maglumatlardan durýar, ABş-nyň degişli gulluklaryna çykmak üçin sargytlar boýunça sorag-jogap gullugy hökmünde çykyş edýär. ENIC maglumatlar merkezi Lissabon ylalaşygyna görä işleýär.

Daşary ýurt okuwlarynyň ykrar edilişi barada beýleki maglumat çeşçeleri: daşary ýurt bilim derejelerini ykrar etmek aşakdaky ygtyýarlykly edaralar tarapyndan ýerine ýetirildi: (1) barlaglar üçin rugsat bermek barada arza beren talyp üçin akademiki edaralar; (2) durnukly hünär bilen meşgullanmaga çalyşýanlar üçin — döwlet ýa-da ygtyýarlandyrmagyň ýerli edaralary; we (3) durnukly däl işlerde işlemek isleýänler üçin — iş berijiler. Şol bir wagtyň özünde käbir edaralar daşary ýurt derejeleri boýunça karar kabul edip bilýärler, olaryň köpüsi aýratyn şahslar, edaralar, iş berijiler, hökümet edarasy we gulluklar üçin daşary ýurt derejelerine baha bermek bilen ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Ynanç hatlaryna baha bermegiň hünäri häzirki wagtda durnukly däldir, ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlaryň köpüsi diňe Internetde bolup biler. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlaryň iki birleşmesiniň: AICE we NACES agzalyk ülňüleri bar. Hususy edaralar, kanuna we syýasata laýyklykda, işe kabul etmek we ýerleşdirmek boýunça karar kabul etmekde özbaşdakdyrlar. Bu beýleki edaralaryň derejelerini, diplomlaryny, şahadatnamalaryny, kreditini we okuwyny ykrar etmegi ýa-da kredit etmegi çözmäge mümkinçilik berýär. Ynanç hatlaryna baha bermek boýunça hyzmatlar barada maglumatlar USNEI websaýtynda berlendir.

Ykrar etmäniň ýörite şertleri:

Uniwersitet däl hünär bilimine çykmak üçin: özbaşdak amerikan edaralary beýleki edaralaryň derejelerini, diplomlaryny, şahadatnamalaryny, kreditini we okuwyny ykrar etmegi ýa-da kredit etmegi çözüp bilýärler. Isleg bildirýänler özbaşdak edara tarapyndan sazlanan ýüz tutma ugurlary arkaly kabul etmek we beýleki kararlar barada sargyt edip bilýärler.

Uniwersitet derejesindäki okuw sapaklaryna çykmak üçin: özbaşdak amerikan edaralary beýleki edaralaryň derejelerini, diplomlaryny, şahadatnamalaryny, kreditini we okuwyny ykrar etmegi ýa-da kredit etmegi çözüp bilýärler. Isleg bildirýänler özbaşdak edara tarapyndan sazlanan ýüz tutma ugurlary arkaly kabul etmek we beýleki kararlar barada sargyt edip bilýärler.

Ýörite okuw sapaklaryna we barlaglara çykmak üçin: özbaşdak amerikan edaralary beýleki edaralaryň derejelerini, diplomlaryny, şahadatnamalaryny, kreditini we okuwyny ykrar etmegi ýa-da kredit etmegi çözüp bilýärler. Isleg bildirýänler özbaşdak edara tarapyndan sazlanan ýüz tutma ugurlary arkaly kabul etmek we beýleki kararlar barada sargyt edip bilýärler.

Hünär almak üçin: ABş-da hünär almak isleýän daşary ýurt raýatlary üçin ýörite talaplar bar. Şeýle talaplar döwlet hukugy ýa-da hünär gözükdirijileri ýa-da iki tarapyndan hem kesgitlenip bilner. Hünär almaga degişli amerikan kanunlary we kararlary bilen gyzyklanýan daşary ýurtly talyplar ýa-da hünärmenler degişli hünär birleşmesi ýa-da döwletiň ygtyýarnama berýän edaralary bilen habarlaşmaly. Hünär birleşmeleri degişli ugurlar boýunça bilimi we okuw maksatnamalaryny akkreditasiýa edip, işlemäge rugsat bermegiň meseleleri boýunça döwlet edaralaryny dolandyryp ýa-da olara maslahat berip, hünär derejesi üçin kadalary we syýasaty kesgitläp we mundan beýläkki bilim we okuw mümkinçiliklerini üpjün edip ýa-da makullap bilýärler. Ştatyň häkimýetiniň ulgamlarynyň köpüsi döwlet hukugy tarapyndan göz öňünde tutulyşyna görä belli bir hünärleri kadalaşdyrýarlar, ýa-da durnukly hünärlere gözegçilik etmek ýa-da ykrar edilen hünär birleşmesi üçin jogapkärçiligi döwlet edarasyna bermek üçin edaralary goldaýar. Bilimiň belli bir hünär maksatnamalaryny kanagatlanarly tamamlamak üçin adamlar hünäre girmäge hukuk almaly bolýarlar, köp hünärler we döwletiň ygtyýarnama beriji gulluklary hem tejribede barlanan döwlet synagy boýunça kanagatlanarly işleri we beýleki taraplary talap edýärler.

Daşary ýurtly talyplary kabul etmäge we okuwy ykrar etmäge degişli mundan beýläkki maglumatlar üçin salgylanmalar:

Ady: Halkara, medeni we bilim alyş-çalyşlary üçin mümkinçilikleriň soragnamasy (yzygiderli täzelenýär)
Neşirçi: Birleşen ştatlaryň maglumatlar gullugy

Ady: Birleşen ştatlaryň bilimi (http://educationusa.state.gov/)
Neşirçi: Amerikan döwlet deportamenti

Ady: ABş-da tölegli awtoýoluň girelgesi: beýleki ýurtlardan gelen talyplar üçin ýolbelet (yzygiderli täzelenýär)
Neşirçi: Kollejiň edarasy

Ady: ABş-da mugt bilim: çaklanýan halkara talyplar üçin ýolbelet (yzygiderli täzelenýär)
Neşirçi: Aspiranturalar geňeşi

Ady: Egerde siz ABş-da okamak isleýän bolsaňyz (yzygiderli täzelenen we gaýtadan neşir edilen)
Neşirçi: Birleşen ştatlaryň maglumatlar gullugy

Ady: NAFSA halkara talyplar ugrukdyrmasy: ABş-da okamak üçin ýokary okuw mekdepleri boýunça soragnama (yzygiderli täzelenen)
Neşirçi: NAFSA — Mugallymlaryň halkara birleşmesi

Ady: Kollejiň ugrukdyrmasy: Daşary ýurt talyplar goşmaçasy (Her ýyllyk goýberiş)
Neşirçi: Kollejiň edarasy

Ref . http://science.gov.tm/projects/pes/tm/mobility.htm

2 Responses

  1. […]  Ýewropa/halkara hereketi we ykrar etme […]

  2. […] Ýewropa/halkara hereketi we ykrar etme […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: