UNESKO we BMG-niň ikinji bilim boýunça işleýän beýleki guramalary

unescoUNESKO

UNESKO BMG-niň ýokary bilime ygtyýarnamasy bolan ýeke-täk edarasy üçin ýörite gullugydyr. UNESKO bilim, tebigy ylymlar, jemgyýetçilik we gumanitar ylymlar, medeniýet, aragatnaşyk we maglumatlar boýunça iş alyp barýar. Şu ýerde sub-portalyň UNESCO.ORG bilen göni gatnaşyklaryny goşmak bilen ýokarda görkezilen pudaklar bilen bagly temalaryň sanawy we dersara ýörite temalaryň sanawy berilýär. UNESKO ýokary/iknji bilim boýunça uly işler alyp barýar, onuň bilen BMG-niň resmi dillerinde, şol sanda aşakdaky esasy gatnaşyk boýunça rus dilinde tanyşyp bolar:

http://portal.unesco.org/en/ev.php-URL_ID=15245&URL_DO=DO_TOPIC&URL_SECTION=201.html

UNESKO-da ýokary bilim

Medeni, ykdysady we syýasy ösüş üçin esasy şert, ýerleşdirmegiň içki gurluşy, adam hukuklarynyň hereketiniň, ýaşaýşa ukyply ösüşiň, demokratiýanyň, parahatçylygyň we adyllygyň meýilleriniň esaslandyryjysy hökmünde bilimlere daýanýan häzirki zaman jemgyýetiniň bilimleriniň ösüşinde ýokary bilimiň ösüşine ýardam etmek.

UNESKO ýokary bilimiň ýaşaýyşa ukyply ulgamlary döretmegi goldaýar:

  • milli derejede ukyplary guramak we berkitmek.
  • mugallymlar üçin okuw maksatnamalarynda umumy ýolbaşçylygy we onuň bilen bagly syýasy meseleleri üpjün etmek
  • bilimleri öwrenmek we paýlamak arkaly umumylaşdyrma ýagdaýynda ýüze çykýan meselelere bilim boýunça jogap hereketleri üçin syýasy görnüşleri ösdürmek
  • durmuşyň bütin dowmynda alynýan agza döwletlere bilimde ICTs ulanmakda durnukly syýsaty meýilleşdirmekde, ösdürmekde kömek bermek

UNESKO-nyň agza döwletlere kömegi işe kabul edilende deň mümkinçlikleri we ýokary hilli ýokary bilimiň has giň elýeterliligini kepillendirýän syýasaty we baş ugurlary goldamaga esaslanýar. Ähli hereketleriň esasy EFA maksatlaryna gönükdirilen hereketi goldamakda ýokary bilim ulgamynyň ähmiýetiniň we netijeliliginiň barha ykrar edilmegidir.

Eger aşakdaky salgy boýunça ýokary bilim boýunça saýta çyksaňyz, maglumat alyp bilersiňiz:
http://portal.unesco.org/education/en/ev.php-URL_ID=44356&URL_DO=DO_TOPIC&URL_SECTION=201.html

Ýokary bilim

Resminamalar

Resminamalar

UNESKO-CEPES

(Ýokary bilimiň Ýewropa merkezi) 1972-nji ýylyň sentýabrynda Ýewropa sebtiniň agza döwletleriniň (Ýewropa ýurtlary, Demirgazyk Amerika we Izrail) arasynda ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen döredildi. Mundan başgada UNESKO-CEPES –iň direktory UNESKO-nyň Rumynýadaky wekilidir. UNESKO-CEPES-iň işleri ilki bilen Merkezi we Gündogar Ýewropadaky ýokary bilime gönükdirilendir.

2003-nji ýylyň sentýabryndan başlap UNESKO-CEPES Bolon prosesiniň toparynyň (BFUG) maslahat beriji agzasydyr, onuň wezipesi Bolon prosesiniň maksatlaryny ýerine ýetirmekdir.

UNESKO-CEPES-iň wezipeleriniň ýerine ýetirilişi:

  • UNESKO-nyň 1998-nji ýyldaky ýokary bilim boýunça dünýä maslahatyny <http: // http://www.unesco.org/education/wche>, we ýokary bilimiň Ýewropa zolagyny döretmegi maksat edinýän Bolon prosesini nazara almak bilen ýokary bilimiň ösüşi we özgerdilişi bilen bagly taslamalary taýýarlaýar:
  • ýokary bilim boýunça syýasatyň we barlaglaryň ösüşine ýardam edýär we ýokary bilim boýunça wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnaklary geçirýär;
  • ýokary bilim boýunça maglumatlaryň giň ýaýrawyny toplaýar we ýaýradýar;
  • UNITWIN/UNESKO baştutanlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde çelgileri, UNESKO-nyň hereketi bilen bagly ýolbaşçylarynyň bellenen sanyna gatnaşygy kesgitleýär;
  • Sekretarýatyň özi ýa-da Ýewropa zolagynda ýokary bilim bilen bagly kärleri ykrar etmek boýunça Ýewropa geňeşiniň /UNESKO-nyň ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen ulgamlaryň sekretarýatlary bilen bilelikde işleýär 2007-nji ýyldan başlap, bu ugurlar boýunça ENIC-NARIC http://www.enic-naric.net websaýta ýüzlenip bilersiňiz;
  • maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar:
  • beýleki hökümet we hökümete garaşly däl guramalaryň işlerine gatnaşýar;
  • UNESKO-nyň ştab kwartirasyyň we Rumynýanyň arasyndaky gatnaşyga gulluk edýär.

Ýokary bilimiň özgerdilişiniň we ösdürilişiniň hereketlerini goldamak boýunça wajyp işlerde zerurlyklara seslenmek üçin UNESKO-CEPES ýokary bilim syýasatyny, kanunçylyk özgertmelerini, hiliň akademiki barlagyny we akkreditasiýany (baha bermek bilen) döretmek we ýerine ýetirmek, akademiki kärleri ykrar etmek, işe ýerleşdirmegiň we aň-bilim zähmet bazarynyň mümkinçilikleri, dolandyrylyşa we bellenilen dolandyryşa, ýokary okuw mekdebiniň özbaşdaklygyna we akademiki azatlyga täze çemeleşmeler, şeýle hem ýokary bilime baha bermegiň etikasy (edebi), mugallymlaryňwe olaryň okuw işleriniň derejesi, jemgyýetçilik bilimleri we milletara bilim babatynda ýokary okuw mekdepleriniň işi ýaly meselelere degişli hereketleri amala aşyrýar.

UNESKO-nyň esasy işi 3 hukuk resminalarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar: ylalaşyk, maslahat beriş we jarnama.

Bilimiň has ýokary ugry/aspirantlyk bilimi boýunça birnäçe ylalaşyklar bar: Halkara ylalaşyklar döwlet tarapyndan ykrar edilmäge, kabul edilmäge ýa-da girizilmäge degişlidir. Bu ylalaşyklar döwletleriň boýun bolmaga borçlanýan düzgünlerini kesgitleýär.

Umumy maslahat tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşyklar we agza döwletleriň maslahatlary bellenilen tertipde, has takygy Konstitusiýanyň IV maddasynyň 4-nji bölümindäki möhletlere görä göz öňünde tutulan Agza döwletleriň maslahatlary we Halkara ylalaşyklar boýunça işleriň düzgünlerine laýyklykda taýýarlanylýar.

Bu bellenen esasy işler aşakdaky tapgyrlary göz öňünde tutýar: ilki bilen halkara derejesinde kadalaşdyrylýan meseleler boýunça tehniki we kanuny ugurlaryň deslapky barlagy. Bu barlag öňünden seretmek üçin ýerine ýetiriji edara tabşyrylmaly, onuň jogapkärçiligine umumy maslahatyň gün tertibine halkara kadalaşdyrylyşy barada teklip girizilmeli.

Umumy maslahat şonda bu işler boýunça kararlar (ylalaşyk ýa-da maslahat) kabul edilmeli düzgünleri we tertibi saýlap almalydyr.

Baş direktor karar kabul edilmeli meselä degişli ýagdaýy beýan edýän deslapky hasabaty taýýarlaýar. Agza döwletler berlen habar boýunça öz teswirlerini we synlaryny bermek üçin çagyrylýar. Bu teswirleriň we synlaryň esasynda baş direktor agza döwletler bilen göni ara alyp maslahatlaşýan ylalaşygyň ýa-da maslahatyň bir ýa-da birnäçe taslamalaryndan ybarat jemleýji hasabaty taýýarlaýar. Jemleýji hasabat umumy maslahata ýa-da onuň karary bilen hökümet bilermenleriniň ýörite komitetine seretmäge berilýär.

Umumy maslahat taslamanyň hödürlenen tekstine garaýar, eger ol maksada laýyk bolsa, kabul edýär.

Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça kärleri ykrar etmek barada ylalaşyk, 1997

Lissabon, 1997-nji ýylyň aprel aýynyň 11—i

Ýewropa sebitine degişli döwletlerde ýokary bilimiň barlaglaryny, diplomlaryny we derejelerini ykrar etmek boýunça ylalaşyk, 1979

Pariz, 1979-njy ýylyň dekabr aýynyň 21—i

Awtorlyk (ýazarlyk) hukugy boýunça köp taraplaýyn ylalaşyk, ХVII madda we ХI madda degişli kararlar bilen bagly goşmaça — jarnama bilen bilelikde.
Ženewa, 1952-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-sy.

Bilim, ylym we medeniýet materiallaryny getirmek boýunça ylalaşyk, beýana A we E goşmaçalar bilen bilelikde.
Florensýa, 1950-nji ýylyň iýun aýynyň 17-si.
Beýan, Naýrobi, 1976-njy ýylyň noýabr aýynyň 26-sy.

Bilim, ylmy we medeni häsiýetli audio we wizuwal materiallaryň halkara alyş-çalyşy bilen alyş-çalyşy gowulandyrmak boýunça ylalaşyk, gol çekilen beýan we ýokarda agzalan ylalaşygyň IV maddasyndan göz öňünde tutulan şahadatnamanyň nusgasynyň görnüşi bilen bilelikde.
Beýrut, 1948-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-ny.

1970-nji ýyllarda halkara guramalarynyň jemgyýetçilik ylymlarynyň etikasyna (edebine) degişli meselelere çekilip başlanandan bäri UNESKO agza döwletlere ylymda we tehnikada etiki meseleler boýunça syýasatlary işläp düzmekde kömek bermek üçin etika boýunça hünärmenleriň, alymlaryň ýokary derejedäki we raýatlyk jemgyýetleriniň edara işgärleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy we berkitmegi dowam etdirýär. Has anyk maglumaty aşakdaky saýtda tapyp bilersiňiz:
http://portal.unesco.org/shs/en/ev.php-URL_ID=1837&URL_DO=DO_TOPIC&URL_SECTION=201.html

AŇ-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY

Awtorlyk hukugy we onuň bilen bagly hukuklar.

Çykgyt: Aň-bilim eýeçiligini goramak boýunça halkara guramasynyň sekretarýatynyň ünsi käbir guramalaryň awtorlyk hukugyny goramaga ygtyýar bermek boýunça şahadatnamalary goýberýändigine çekildi. Bu şahadatnamalaryň hiç-hili hukuk bermeýändigi bellenmelidir. Sekretarýat edebiýat we sungat boýunça işleri goramak üçin Bern ylalaşygynyň esasynda bu işler goralanda şu ylalaşyk boýunça ähli ýurtlaryň resmi işleriniň berjaý edilmändigini ýatladýar. Bu awtorlyk hukugynyň halkara goragynyň awtomatik ýagdaýda bolýandygyny aňladýar, ol iş döredilen badyna güýje girýär, we bu ýörelge Bern ylalaşygyna degişli ähli ýurtlar tarapyndan ulanylýar.

Golaýda neşir edilen resminamalar we barlaglar

Awtorlyk hukugy we onuş bilen bagly hukuklar bu işleriň awtorlarynyň hukuklaryny gorap, milletleriň medeni we ykdysady ösüşine öz goşantlaryny goşýan hukuk taglymatlary we resminamalarydyr. Awtorlyk hukugy baradaky kanunyň medeni gymmatlyklara we olar bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklara gatnaşýan dürli depozitarileriň dawaly emläginiň goşantlaryny we hukuklaryny teswirlemekde uly ähmiýeti bar.

AŇ-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY awtorlyk hukuklary we olar bilen bagly hukuk bölümçeleri hem-de olaryň tankydy ähmiýeti bilen meşgullanýar. Bölümçe häzir awtorlyk hukugy boýunça halkara kadalary we ülňüleri ösdürmegiň üstünde işleýär. Gurama Awtorlyk hukugy we onuň bilen bagly hukuklar boýunça hemişelik iş topary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär. Olar häzir habar beriş kompaniýalarynyň halkara goralşyny täzelemegi, şeýle hem indi awtorlyk hukugy boýunça kanunlaryň goragyna düşmeýän maglumatlaryň adaty däl gorlarynyň halkara goragyny girizmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Mundan başga-da, Awtorlyk hukugy we onuň bilen bagly hukuklaryň bölümçesi Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň awtorlyk hukugy boýunça ylalaşygyna (WCT) we Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň hereketlerine hem-de Fonogrammalar boýunça ylalaşyga (WPPT) ýardam edýär, «Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMANYň Internet boýunça ylalaşygy» ýaly belli bolümçe bilen bilelikde duşuşyklary we maslahatlary guraýar hem-de Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMA tarapyndan geçirilýän beýleki duşuşyklar üçin spikerlere mümkkinçilikler döredilýär. Bu ylalaşyklar Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň bölegidir, Aň-bilim eýeçiliginiň hukuklary boýunça täze tehnologiýalaryň täsiri bilen galdyrylan meseleler boýunça amaly kararlary ösdürmegiň gözleginde Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMA üçin ugrukdyryjy ýörelgeleri we maksatlary açyp görkezýän san-gün tertibi.

Bu bölüm Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň awtorlyk hukugy we onuň bilen bagly hukuklar boýunça geçiren öňki we meýilleşdirilýän duşuşyklary barada maglumatlar berýär, bu ugurlarda Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň hereketlerine görä maglumat gorlarynyň toplumlaýyn gaznasyny (resminamalary, habarlary, barlaglary we ugrukdyrmalary goşmak bilen) üpjün edýär. Bölüm WIPO elektron zurnalyny we Aň-BILIM EÝEÇILIGINI GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYň şu gatnaşyklara görä beýan edilen awtorlyk hukugyny üpjün etmek üçin beýleki hereketlerini birleşdirýär.

BMG-niň ulgamyndaky ylmy-barlag edaralar

Ylmy-barlag edaralar elipbiý tertibinde

  • Halkara oba hojalyk barlaglary boýunça maslahat beriji topar (CGlAR) — Rim
  • Düwnigi öwrenmek boýunça halkara gullugy (IARC) — Lion
  • Gen inzenerçiliginiň we biotehnologiýanyň halkara merkezi (ICGEB) — Triest
  • Nazary fizikanyň halkara merkezi (ICTP) — Triest
  • Halkara zähmet guramasy (МОТ).-Ženewa
  • Leýboristler partiýasynyň barlaglarynyň halkara instituty (IILS) — Rim
  • Zenanlar hereketiniň ösüşini öwrenmek boýunça halkara barlag we institut (INSTRAW) — Santo-Domingo
  • Durmuş taýdan üpjünçiligiň halkara birleşmesi (ISSA) — Ženewa
  • Pan Amerikan saglygy goraýyş guramasy (PAHO), Saglygy goraýyşyň halkara guramasy (КТО)
  • Karib epidemiologiýa merkezi (CAREC) — Trinidad
  • Karib azyk we iýmit instituty (CFNI) — Kingston
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO)
  • Bilimi meýilnamalaşdyrmagyň halkara instituty (IIEP) — Pariz
  • Statistika instituty (UIS) — Monreal
  • Suw biliminiň instituty (UNESCO-IHE) — Delft
  • Birleşen milletler guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) / Ozon boýunça sekretarýat- Naýrobi
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalara kömek gaznasy (UNISEF) Barlag merkezi (IRC) — Florensiýa
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatyň we adalatyň sebitara ylmy-barlag instituty (UNICRI) — Turin
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Ýaragsyzlanmagy barlag instituty (UNIDIR) — Ženewa
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça merkezi/Maddy taýdan baha bermegiň tehnologiýasy boýunça halkara merkez (ICMET) — Seul
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Okuw we barlag boýunça instituty (UNITAR) — Ženewa
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş taýdan ösüş boýunça ylmy-barlag instituty (UNRISD) — Ženewa
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Utgaşdyrmak boýunça baş ýerine ýetiriji komiteti (CEB) — Nýu-Ýork
  • Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti (UNU)
  • Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti (UNU) — Tokio
  • Daşky gurşaw we adam howpsuzlygy (UNU-EHS) — Bonn
  • Täze tehnologiýalaryň instituty (UNU — INTECH) — Maastriht

Ref . http://science.gov.tm/projects/pes/tm/unesco.htm

2 Responses

  1. […]  UNESKO we BMG-niň ikinji bilim boýunça işleýän beýleki guramalary […]

  2. […] UNESKO we BMG-niň ikinji bilim boýunça işleýän beýleki… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: