OECD hyzmatdaşlygy/Ikinji bilimi almak

medicalUmumy maglumat

OECD-niň Parizdäki sekretariatynyň (kätiphanasynyň) düzümi OECD-niň agzalary bolup durýan 30 döwletiň sargydy boýunça barlaglary we derňewleri ýerine ýetirýär. Agza döwletleriň wekilleri düýpli meseleler boýunça işleýän komitetlerde işleri ýerine ýetirýärler we maglumatlary alyp berişýärler. Kararlar OECD-niň Geňeşinde kabul edilýär.

Komitetler

Komitetiň agzasy bolup durýan 30 döwletiň wekilleri syýasatyň ykdysadyýet, söwda, ylym, iş bilen üpjünçilik, bilim ýa-da maliýe bazarlary ýaly belli pudaklarynda ösüşe syn bermek we täze teklipleri ösdürmek boýunça meseleleri garamak üçin ýöriteleşdirilen komitetleriň mejlislerini guraýarlar. 200-den gowrak komitetler, iş toparlary we bilermen toparlary bar.

Milli edaralaryň ýokary düzüminden 40 müňden gowrak adam her ýyl öz sargytlaryny teklip etmek, meseleleri garamaga gatnaşmak we OECD-niň sekretarýatynyň işine öz goşandyny goşmak üçin OECD-niň komitetiniň mejlislerine gelýärler. Resmi edaralaryň işgärleri öz ýurtlaryna dolanyp baranlaryndan soňra OECD-niň resminamalary bilen onlaýn arkaly tanşyp bilýärler we ýörite tor arkaly maglumatlar alyp berişip bilýärler.

OECD-niň sekretarýaty

OECD-niň Parizdäki sekretarýatynyň düzümine 2500-den gowrak adam girýär we olar komitetleriň işlerini goldamak üçin işleýärler. Olar esasan barlaglary we derňewleri geçirmegi üpjün edýän birnäçe garaşsyz dolandyryş edaralaryna esaslanýan 700-den gowrak ykdysatçylardan, aklawjylardan (adwokatlardan), alymlardan we beýleki hünärmenlerden ybaratdyr.

Sekretariýatyň ýolbaşçysy Baş sekretardyr (www.oecd.org/secretarygeneral), oňa Baş sekretaryň 4 orunbasary kömek edýär. Baş sekretar milli wekilçilik toparlarynyň we sekretarýatyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýän Geňeşe hem ýolbaşçylyk edýär.

OECD öz işinde 2 sany resmi dili — iňlis we fransuz dillerini ulanýar. Onuň işgärleri OECD-niň agza ýurtlarynyň raýatlarydyr, ýöne OECD-de hasapda duran wagtlary milli agzalyksyz halkara döwlet gullukçylary bolup işleýärler. Şeýle hem milli wekilçilik üçin kwotalar (mukdar taýdan çäklendirmeler) ulgamy; tejribesi we milleti boýunça ýokary hünär derejeli erkekleri we aýallary işe almakda deň mümkinçilikleriň syýasaty hereket edýär.

OECD-niň işi

Hökümet guramalarynyň agzalaryna hökümet guramalarynyň agzalarynyň arasynda resmi ylalaşyga getirjek ýa-da içki we beýleki halkara guramalarynda hereket etjek syýasaty döretmäge kömek edýän barlaglaryň we derňewleriň syýasatlaryna esaslanýan ara alyp maslahatlaşmak we beýan etmek üçin tertibi üpjün edýär. Halkara bankyndan ýa-da Halkara walýuta gaznasyndan tapawutlylykda OECD pullary paýlamaýar.

OECD-niň işi maglumatlary ýygnamakdan we derňemekden başlap syýasaty köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmagy, kararlary kabul etmegi we olary ýerine ýetirmegi öz içine alýan örän netijeli işden ybaratdyr. Hökümet guramalarynyň özara barlagy, hemmetaraplaýyn gözegçilik we öz toparyň agzalary tarapyndan garşylyk, OECD-niň Halkara işewür ylalaşyklary amala aşyrmakda parahorluga garşy göreş boýunça ylalaşyk ýaly netijeliliginiň esasynda laýyk getirmek ýa-da üýtgedip guramak. OECD-niň tehnologiýalardaky çalt maglumat üýtgeşmeleriniň ykdysady ösüşe edýän täsiriniň, işsizlik sebäpli ýagdaýyň işsizligi kemeltmegi syýasy taýdan höweslendirmegiň hökümet hünär ykdysady syýasatyna kömeginiň derňewi. Söwdanyň söwdada hyzmat ediş, halkara söwda gepleşikleriniň üstünligi ýaly meselelerini düýpli derňew etmek işi we ylalaşyklary gazanmak.

OECD-niň ara alyp maslahatlaşmalary kä halatlarda gepleşikler arkaly ösdürilýär, ýagny OECD-niň ýurtlary halkara hyzmatdaşlygynyň düzgünleri boýunça gepleşikler geçirýärler. Has wajyp meseleler, meselem, parahorluga garşy göreş meseleleri, eksport karzlary, kapitanyň hereketleri boýunça meseleler resmi ylalaşyklarda beýan edilip bilinýär; ýa-da olar halkara salgyt salmalar üçin ülňüleri we nusgalary, ýa-da korporatiw dolandyryşy ýa-da ekologiki tejribeleri öz içine alýan gözükdiriji we kadalaşdyryjy resminamalary düzüp bilýärler.

OECD-de ýygnalan we derňelen maglumatlaryň köpüsi ýazmaça neşirlerde ýa-da onlaýnda çap edilýär; olary metbugat hasabatlaryndan we yzygiderli berilýän maglumatlardan, bir gezeklik neşirlenden ýa-da aýratyn meseleler boýunça monografiýadan; her agza ýurduň ykdysady synlaryndan, bilim, syýasat, ylym we tehnika ýa-da daşky gurşaw ulgamlarynyň yzygiderli synlaryndan almak bolýar. OECD-niň Internetiniň saýty (www.oecd.org) her bir okyja OECD-niň maglumatlarynyň we derňewleriniň giň çygryna aralaşmaga mümkinçilik berýär.

OECD we Ýokary/Ikinji bilim

OECD näme bilen meşgullanýar

Ýörite syn OECD-niň halkara bilim boýunça dolandyryşyň ýörelgelerine täsir edip bilýän ýagdaýynda 23 ýurtda 3-nji derejeli bilimi guramagy, dolandyrmagy we üpjün etmegi öwrenýär. Uly ýaşly ilat üçin bilim maksatnamalarynyň we bilimiň bu ugruny kärleriň milli ulgamynyň kömegini ulanmak bilen ony gowulandyrmak üçin gerek bolan üýtgetmeleriň syny geçirildi. OECD okuw döwründe we orta bilimden soňky mümkinçilikleri öwrenmek bilen hem meşgullanýar.

IMHE — OECD-niň Ýokary bilim boýunça edara dolandyrylyşy baradaky maksatnamadyr, ol ýokary okuw mekdepleri üçin sebitiň ösüşine goşant goşmak, ýokary bilimde jemgyýetçilik we hususy maliýeleşdirişiň ähmiýeti we daşary ýurt we uzak aralykdan okuwyň meşgurlygynyň ýokarlandyrmagyň ugurlary ýaly meseleler boýunça ýeke-täk halkara guramadyr.

Üçünji derejeli bilimiň tematik syny

Golaýda OECD-niň köp ýurtlary üçünji derejeli bilimde çalt ösüş gazandylar. Ykdysadyýetde we zähmet bazarlarynda globallaşmagyň artmagy bilen üçünji derejeli bilim ulgamlary täze meselelere duçar boldular. Bu ýagdaý OECD-niň Bilim komitetiniň üçünji derejeli bilim boýunça barlaglary geçirmäge sargyt etmegine getirdi. Bu syna 24 ýurt gatnaşýar.

Bu synyň kömegi bilen üçünji derejeli bilimiň guralyşynyň, ýolbaşçylyk edilişiniň we amala aşyrylyşynyň ýurtlara ykdysady we durmuş maksatlaryna ýetmeginde nähili kömek berip biljekdigi öwrenilýär. Bu barlaglar ilki bilen dolandyryş syýasatyna we onuň usullaryna däl-de, üçünji derejeli bilim ulgamlary üçin milli syýasatlara daýanýar. Esasy meselelere üçünji derejeli bilimiň ykdysady we durmuş maksatlary; hiliň kepili üçin gurluşynyň, gatnaşyklarynyň we dolandyrylyşynyň durnuklylygy;maliýeleşdirmegiň deň serişdelerini herekede getirmek; netijeli dolandyryşy üpjün etmek üçin milli syýasat we dolandyryş degişlidir.

Ýokary bilimde edara dolandyryşy boýunça maksatnama (IMHE)

Ýokary bilimde edara dolandyryşy boýunça maksatnama (IMHE) milli we sebit dolandyryşynyň ýokary edaralarynda işleýän guramalaryň agzalary, ýokary bilim edaralarynyň menejerleri we ylmy barlagçylar üçin guramadyr. IMHE edara ýolbaşçylygy, dolandyryş barlaglar we umumy bilim ykdysadyýetinde täzelikler, ýokary bilim boýunça üýtgedip guramalar we dolandyryş boýunça baş derňew we maslahatlar bilen üpjün edýär.

OECD-niň bilim boýunça ýolbaşçylygynyň çäklerinde IMHE OECD-niň agza ýurtlarynda ýokary bilim boýunça ýüze çykýan düýpli wezipelerine degişli toplumlaýyn meseleleriň giň ýaýrawynda hereket edýär. IMHE-niň işi globallaşmaga we ýokary bilime, sebitleriň ösüşinde ýokary bilime syn bermekden, netijeleri öwrenmek, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde okuwyň hilini we olaryň ýokary bilime edýän täsirini barlamak bilen ýokary bilime baha bermekden ybaratdyr.

IMHE maksatnamasy öz işlerini OECD-niň esasy neşirleri görnüşinde çap edýär. Mundan başga-da guramalaryň agzalary IMHE-niň ýokary bilim barada makalalary hem öz içine alýan çärýekleýin maglumat kitapçalaryny alýarlar. IMHE maksatnamasy iki ýyldan bir gezek pikir alyşmaga, meseleleri we syýasatdaky wakalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän umumy maslahatlary geçirýändigi bilen hem bellidir. IMHE-niň 2008-nji ýyldaky maslahatynda esasan ýokary bilimiň hili, ýerlikliligi we netijeleriniň täsiri boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

IMHE maksatnamasy guramanyň agzalarynyň her ýylda geçirýän goýumlary arkaly maliýeleşdirilýär. OECD-niň ýokary bilim syýasaty boýunça derňewi IMHE-niň edaralaryň wekillerinden durýan dolandyryşynyň ýardamy bilen ýerine ýetirildi.

IMHE — OECD-niň ýokary bilim boýunça neşirleriniň guramasy

Žurnal: Ýokary bilimiň dolandyrylyşy we syýasat

IMHE-niň maglumat kitapçasy

Neşirler

Ýokary bilim we sebitler: Umumy bäsleşige ukyplylyk, ýerli derejede iş bilen üpjünçilik — 240 sahypa, 2007, ISBN: 9789264034143

Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylygynyň barlagy: Täze edaralarda barlaglaryň ösüşi — 244 sahypa, 2005, ISBN 9264006966

Barlagyň ýokary okuw mekdebi tarapyndan dolandyrylyşy: Edara meseleleri bilen çaknyşyk — 260 sahypa, 2004, ISBN: 9264017437

Latyn Ametikasynda ýokary bilimiň milletaralaşmagy — halkara bank bilen hyzmatdaşlykda
Iňlis çaklamasy
Fransuz çaklamasy

Ispan çaklamasy: Latyn Amerikasynda ýokary bilim: halkara barlag (ISBN: 9589764789 SKU: SPA 789)

Maliýeleşdirilýän ulgamlar we olaryň ýokary bilim ulgamyna täsiri — 119 sahypa, 2007.

Gyrasynda — 78 sahypa, 2004.

Globallaşma we ýokary bilim — 86 sahypa, 2007.

Ýokary okuw mekdepleriniň sebitleýin goşandynyň düşünilişi — 79 sahypa, 2007.

Üçünji derejeli bilimi giňeltmegiň peýdalary — 27 sahypa, 2007

Talyplaryň soraglaryna jogaplar — 152 sahypa, 2002, ISBN: 9264198245

Ýokary okuw mekdepleriň muzeýleri — 2004 sahypa, 2001, ISBN: 9264194983

Ýokary bilimde hil we milletaralaşma — 272 sahypa, 1999, ISBN: 9264170499

Ýokary okuw mekdepleriň sebit sargytlaryna seslenmesi — 152 sahypa, 1999, ISBN: 9264171436

Hytaý ýokary biliminiň häzirki meseleleri — 148 sahypa, 1999, ISBN: 9264186190

Ýokary bilimde ýolbaşçylyk hili edara baha berlişi we alyş-çalyşy boýunça halkara ösüş ugrudyr (ýokary okuw mekdebiniň açyk metbugaty)

Beýleki resminamalar

Ýokary bilimiň hiline baha bermegiň edara tejribesi — Maksatlaýyn edara barlagy.
Habarlar.

OECD-niň ylym we täzeçillikler pudagy aşakdaky işler bilen meşgullanýar:

S we T syýasaty

Ylym we tehnologiýa boýunça komitetiň işiniň maksady ylmyň we tehnikanyň ylmy barlaglar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň bilimlerine we hereketine esaslanýan ykdysady ulgamlarda durmuşa ukyply ösüşe we jemgyýetçilik zerurlyklaryna goşandy boýunça syýasy çekişmeler barada maglumat bermekdir.

Täzeçillik we tehnologiýa syýasaty

OECD agza döwletleriň tehnologiýalaryndan, täzeçillik syýasatyndan ugur alýar we gözegçilik edýär hem-de olaryň ykdysady görkezijilere täsirine baha berýär. Bu syýasat R&D goldawy, täzeçillikler üçin jemgyýetçilik/hususy arkalaşyklary, milli täzeçillik ulgamlaryny doly dolandyrmak boýunça oňat syýasy usullary ýüze çykarýar.

Jemgyýetçilik barlagynyň dolandyrylyşy

OECD jemgyýetçilik barlagy üçin agza ýurtlaryň döwlet syýasatyndaky özgertmeleriň ugurlaryny we ösüşini derňeýär. Bu maksatnama ulgamlary dolandyrmak, ileri tutulýan ugurlary kadalaşdyrmak we barlaglary hem-de ylymda adam mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri maliýeleşdirmek üçin täze gurluşlar ýaly wajyp meselelere gönükdirilendir.

Intellektual (aň-bilim) eýeçiligine bolan hukuk

OECD intellektual (aň-bilim) eýeçiligine bolan hukugyň (IPRs) bilimleri ýaýratmaga we täzeçillikleri döretmäge höweslendirmekdäki ähmiýetini derňeýär. Maksatnama senagat pudaklarynda IP ýagdaýynyň ýokary tehnologiýalar we jemgyýetçilik barlaglary esasynda ykdysady täsirini öwrenýär; IP dolandyryşy we ulanylyşy üçin syýasata we edara usullaryna baha berýär; Geçirişiň tehnologiýalarynyň netijeliligine baha bermek üçin ülňüleri ösdürýär.

OECD bilen gatnaşyk:
www.oecd.org.

Ref . http://science.gov.tm/projects/pes/tm/oecd.htm

2 Responses

  1. […]  OECD hyzmatdaşlygy/Ikinji bilimi almak […]

  2. […] OECD hyzmatdaşlygy/Ikinji bilimi almak […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: