Kimiňki dogry?

turkmen-gawunlaryDünýäde her ýyl 80 mln tonna senagat azody ulanylýar. Ösümlikler ol azodyň diňe ýarysyny peýdalanýarlar. Bu bolsa öz gezeginde parnik gazynyň emele getirmegine öz goşandyny goşýar. Şol zyýany azaltmak maksady bilen Greenpeace dürli pestisidlerden azat organiki oba hojalygyny öňe sürýär. Emma onuň garşydaşlaryda bar. Garşydaşlar egerde diňe organiki oba hojalygy ýöredilse, onda dünýädäki ulanylyşa ýaramly ýerler adamzady ekläp bilmez diýip tekrarlaýarlar. Sebäbi organiki oba hojalygynyň hasyllylygy himiki dökünleri ulanýan adaty oba hojalygynyňkydan pes bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Iýmit we Oba Hojalygy guramasy (FAO) şeýle diýýär: “ bu gün alty milliard, 2050 nji ýylda bolsa 9 millýard adamy himiki dökünleri aýawly ulanman ekläp bolmaz”. Organiki oba hojalygyny ýöredijiler azot ulanman, mal dersini ýa-da ösümlik çüýrüntgilerini ulanýarlar. Onuň üçin bolsa goşmaça ýerleri açmak gerek. Şu wagtky ulanylýan 80 mln tonna azody organiki dökünleriň üsti bilen almak üçin ýenede goşmaça 5-7 milýard mal gerek, olary idetmek üçin bolsa 10-14 milliýard gektar goşmaça ýer gerek.
Organiki oba hojalygyndakylar bolsa, şu wagtky zaýalanan ýerleri sana goşsaň onda ýer ýetmezçiliginiň bolmajakdygyny aýdýarlar. Egerde ekin meýdanlary organiki usulda bejerilse, onda ýerleriň sandan çykmajakdygy, gaýtam öňki sandan çykan ýerleri hem ekin dolanşygyna girizip boljakdygyny aýdýarlar.

Kimiňki dogry? Ýere aýawly seretmeseň, ertirki nesilleriň kösenjekdikleri aýan. Ýöne ýeterlik hasyl almasaň onda dünýäde açlyk çekýänleriň sanynyň artjakdygy hem belli.
Ref . INNOVATION

2 Responses

  1. […]  Kimiňki dogry?  […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: