Aspirantlyk/Ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlyk barada Ýewropa Geňeşi

graduate11. Umumy maglumat

Ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça Ýewropa Geňeşiniň işi berlen kärleri ykrar etmek, ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça jemgyýetçilik jogapkärçiligi, ýokary bilim dolandyrmak we 2010-njy ýyla çenli ýokary bilimiň ýewropa sebitini kesgitlemek bilen bagly meselelerden ybaratdyr. Ýewropa geňeşi ileri tutulýan sebitler diýlip atlandyrylýan, esasan hem Günorta-gündogar Ýewropada, Günorta Kowkazda we GDA-nyň ýurtlarynda ýokary bilimiň özgertmelerini hem goldaýar.

Ýewropa geňeşiniň işleriniň esasy sebitleri:

  • Ýokary bilimiň Ýewropa sebiti (EHEA) / Bolon prosesi
  • Kärleri ykrar etmek
  • Ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça jemgyýetçilik jogapkärçiligi
  • Ýokary bilim dolandyrmak
  • Ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk hem-de kömek

Has anyk maglumatlary Ýewropa websaýtynda tapyp bilersiňiz:

http://www.coe.int/t/dg4/highereducation/Activities_en.asp

 2. Syýasat, düzgünler we çekilen sebitler.

Ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça Ýewropa Geňeşine Ýokary bilimi we ylmy barlaglary dolandyrmak boýunça komitet (CDESR) gözegçilik edýär.

Ýewropa Geňeşiniň komitetleriniň aglabasynyň diňe hökümetara edaralardygyny nazara almak bilen CDESR ýokary bilim we akademiki jemgyýetler üçin jogap berýän ministrlikleriň wekilleriniň ýygnanýan ýeridir. Hakykatdan bu ministrlikler we akademiýanyň wekilleri üçin ýeke-täk ýewropa geňeşidir.

CDESR-de agza bolup durýan döwletleriň hökümet we akademiki jemgyýetleriniň wekillerinden başga Ýewropa Geňeşiniň synçy ýurtlarynyň we halkara derejesinde ýokary bilim bilen iş salyşýan guramalaryň ulgamynyň synçylary hem bar.

Komitet dürli taslamalaryň üstünde işleýän iş toparlarynyň hem döredip bilýär. CDESR Ýewropa Geňeşiniň çäklerinde beýleki bilim meseleleri boýunça Geňeşiň işine gözegçilik edýän Bilim boýunça ýolbaşçy komitet (CDED) bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

  • Ýokary bilimi özgertmek boýunça kanunçylykda kömek
  • Ýokary bilimiň ýewropa sebtiniň özara gatnaşygyny goldamak
  • Fokus: Günorta-gündogar Ýewropa, Gündogar Ýewropa
  • Ýokary bilimi özgertmek boýunça kanunçylykda kömek
  • Ýokary bilimiň ýewropa sebtiniň özara gatnaşygyny goldamak
  • Fokus: Günorta-gündogar Ýewropa, Gündogar Ýewropa

Bolon prosesini goldamak

Bolon prosesiniň (ýa-da Bolon ylalaşygynyň) maksady bütin Ýewropa üçin, esasan hem Ykrar etmegiň Lissabon ylalaşygyna laýyklykda has degşirilýän we ylalaşdyrylýan akademiki ülňüleri we hili barlamagyň ülňülerini döretmek bilen Ýokary bilim boýunça Ýewropa sebitini emele getirmekden ybaratdyr.

Bu at 1999-njy ýylda 29 sany Ýewropa ýurtlarynyň magarif ministrleriniň Bolon jarnamasyna gol çeken ýeri bolan Bolonýa Italýan şäherindäki Bolonýa uniwersitetiniň adyna laýyklykda teklip edildi. Ýewropa Geňeşiniň Medeniýet boýunça Ýewropa ylalaşygyna beýleki döwletler tarapyndan hem gol çekildi; şondan soňra hökümet duşuşyklary Pragada (<http://en.wikipedia.org/wiki/Prague&gt;) (2001), Berlinde (2003) Bergende (2005) we Londonda (2007, bahary) geçirildi.

Ýewropa Geňeşi UNESKO-nyň Ýewropa sebitindäki agzalary bilen bilelikde Bolon prosesiniň ýurtlarynyň köpüsi tarapyndan bu prosesiň bölegi hökmünde ykrar edilen akademiki kärleri ykrar etmek boýunça Ykrar etmegiň Lissabon ylalaşygyny işläp taýýarlady.

 3. Ýokary/ikinji bilimiň hili boýunça wezipeler.

Sebitleýin Ýewropa ýokary biliminiň ösmeginde kär beriş gurluşynyň uly ähmiýeti bar.

Kär beriş gurluşy ýokary bilim ulgamynyň ýa-da şu maksat bilen gurluşy ösdürülýän tutuş bilim ulgamynyň ähli kärlerini öz içine alýar. Ol belli bir käriň esasynda hünärmeniň bilimini, düşünjesini we başarnygyny, ýagny alan käri boýunça garaşylýan netijeleri görkezýär. Gurluş bilim boýunça dürli kärleriň ýa-da ýokary bilim ulgamynyň täsiriniň öz kärini üýtgedip biljekdigini hem görkezýär. Şonuň üçin hem kärleriň gurluşy işe garanyňda onuň netijelerine esaslanýar we hünäriň täze görnüşiniň peýda bolmagyna getirýän ömürboýy dowam edýän ýagdaý hökmünde hünäriňi ýokarlandyrmak bilen birlikde okuwyň birnäçe görnüşleri bar.

Kärleriň gurluşlarynyň derejeleriň ulgamyny, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okuw kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ösdürmekde uly ähmiýeti bar. Olar kärleri ykrar etmäge hem ýardam berýär we kärleri ulanýanlar, has takygy okuwçylar we telekeçiler üçin ähmiýetlidir.

Ýokary bilimiň Ýewropa sebitlerinde kärleriň gurluşlary 2 derejededir. Arka gurluşy 2005-nji ýylda EHEA üçin kabul edildi; 2010-njy ýyla çenli döwletleriň ähli agzalary şu akra gurluşyna gabat gelýän kärleriň milli gurluşlaryny ösdürerler. Bu babatda arka gurluşy öz çäklerinde her bir ýurduň öz milli gurluşyny kesgitlejek ülňüleri belleýär, bu bolsa ylmy barlaglaryň maksatnamalaryna has göni degişli milli gurluşdyr.

 4. Ykrar etme we halkara hereketi.

Kärleri ykrar etmek wezipesi Ýewropa Geňeşiniň ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça esasy işleriň biridir.

Bir tarapdan, UNESKO bilen bilelikde Ýewropa Geňeşi, Ykrar etmegiň Lissabon ylalaşygy diýlip atlandyrylýan (sebäbi ol 1997-nji ýylda Lissabonda kabul edildi) Ýewropa sebtinde ýokary bilim boýunça kärleri ykrar etmek baradaky ylalaşyk. Ylalaşyk bütin Ýewropada kärleri ykrar etmek üçin esasy hukuk guraly bolup durýar.

Beýleki tarapdan, 1994-nji ýylda ENIC toruny döretmek üçin Ýewropa Geňeşiniň we UNESKO-nyň maglumat merkezleriniň 2 aýratyn tory birleşdirildi. ENIC tory ÝG bilen bilelikde Ykrar etmegiň Lissabon ylalaşygynyň amaly taýdan we her gün işleýän ulgamlarynyň NARIC toruny goldaýar we olaryň ýakyn ýurtlarda we daşary ýurtlarda ykrar edilmeginiň meseleleri boýunça maglumatlar bilen üpjün edýär.

Ýewropa Geňeşi ýa-da beýleki halkara guramalary tarapyndan ykrar edilendigini tekrarlaýan ýokary bilim berýän edaralaryň sanynyň köpelýändigini nazara alyp, ýewropa geňeşiniň ykrar etmek barada sertifikaty ýa-da islendik başga resminamany bermeýändigini, şeýle hem islendik ýokary bilim edarasyny, maksatnamasyny ýa-da beýleki bir bilim edarasyny kanunçylyk hukugy bilen üpjün etmeýändigini düşündirýäris. Bellenilen tertipde ykrar etmek adatça häkimýetleriň milli edaralarynyň ygtyýarynda bolýar we ykrar edilýän edara ýa-da maksatnama hil taýdan baha berilýär.

42 ýurt tarapyndan gol çekilen Ýewropa Geňeşiniň/UNESKO-nyň Ykrar etmegiň Lissabon ylalaşygy (1997, ETS 165) adamlara düýpli tapawut (bölekleýin ykrar etmek) ýagdaýynda diploma goşmaçany we ECTS adalatly baha berilmek we ykrar edilmek hukugyny berýän öz kärleriniň gymmatyny gaçyrman bir ýurtdan beýleki ýurda geçmäge mümkinçilik berýär. Mundan başgada milli maglumat merkeziniň ýörite tory döredildi.

 5. Gatnaşyklar.

Ýokary bilim we ylmy barlaglar boýunça Ýewropa Geňeşi

Ref. http://science.gov.tm/projects/pes/tm/council_europe.htm

2 Responses

  1. […]  Aspirantlyk/Ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlyk barada Ýewropa Geňeşi […]

  2. […] Aspirantlyk/Ýokary bilim boýunça hyzmatdaşlyk barada… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: