Howa bilen işleýän maşynlar.

aircarBBC-niň habar bermegine görä, örän basym Hindistanyň Tata Motors kompaniýasy OneCAT kysymly howa bilen işleýän awtomobilleri öndürip başlar. Bu awtomobili fransuz inžineri Gaý Negreniň başlangyçlary esasynda işläp taýynlapdyrlar. Bäş orunly OneCAT bary-ýogy 350 kg agramdadyr. Maşynyň ýöredijisine gysylan gaz bilen doldurylan howa balonlary berkidililendir. Şol howa balonlary hem maşyny herekete getirýär.

Maşyny oýlap tapyjylryň aýtmagyna görä şäheriň çäklerinde bu maşyn diňe howany ulanyp hereket edip biler. Uzak aralyga gidilende howany ýöriteleşdirilen gyzdyryjylr bilen gyzdyryp basyş güýjüni artdyrmaklyk teklip edilýär. Ol gyzdyryjylar islendik yangyç bilen işläp bilýär we 100 km aralyga 3 litr ýangyç sarp edýär. Maşyny howa bilen üpjin etmeklik üçin ýörüteleşdirilen kompressor stansiýalaryny gurnamaklyk teklip edilýär. Maşynyň balonyny howadan doldurmaklyk üçin bary – ýogy 3 minut ýeterlikdir. Ondan başgada OneCAT öz hususy kompressory bilen hem üpjin ediler. Ol kompressorlar adaty elektrik togy bilen işleýärler. Agşam kompressory toga çatyp goýsaň, ertir ir bilen “ýangyç” bilen doldurylan maşynyňy münip islän ýeriňe gidip bolar. Maşynyň bahasy 5000 amerikan dollaryna barabar bolar. Bu maşynlar ilki bilen diňe Hindistanda satylar. Uzagyndan başga ýurtlarda hem ol maşynlary edinip bolar.

Açyk inernet sahypalary esasynda taýynlandy.
Ref. INNOVATION

2 Responses

  1. […]  Howa bilen işleýän maşynlar. […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: