ABŞ-nyň Ýokary bilim ulgamy

univsrsity1. Umumy Düşünjeler.

2. Syýasat we umumy düzgünler

3. Halkara bilimBilim ulgamy we okuwy dowam etmek

Okuw goldaw ulgamy we hilini barlamak

 

1. Umumy Düşünjeler.

ABŞ-nyň Ýokary bilim ulgamy.

1. Umumy Düşünjeler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, akademik programmalarynyň aglaba bölegi dörtýyllyk bakalawr derejesinden (esasan hem Sungatlaryň bakalawry, B.A., (Baсhelor of Arts), ýa-da Ylymlaryň bakalawry, B.S. (Baсhelor of sсienсes)), bir ýa-da ikiýyllyk magistr (master) derejesinden ybaratdyr(esasan hem Sungatlaryň masteri (aspirant) M.A. (master of arts), ýa-da ylymlaryň masteri M.A. (master of sсienсes)); Masterlik derejesiniň käbir ugurlary üç ýyla çenli dowam edip biler. Muňa goşmaça bir ýa-da ikiýyllyk ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär we saýlan ugryň boýunça okatmak (pedagogiki tejribe) mümkinçiligi emele gelýär we doktorlyk dissertassiýanyň ýazylmagy (esasan hem Filosofiýa ylymlarynyň doktory ýa-da başga görnüşleri Ed. D., Psy. D., Th. D.). Doktorlyk derejesini almak mümkinçiligi umuman alynanda bakalawr derejesini alandan soň (bakalawr derejesi ortaça 18 ýaşda alynýar) 10 ýyl okuwyň, ylmy-barlag işleriniň we beýleki degişli çäreleriň ýerine ýetirilmegi netijesinde alynýar.

Bu hasaplanan okuw meýilnamasy diňe çaklama hökmünde edilendir. Sebäbi käbir talyplar bakalawr derejesini has çalt alyp bilýärler, meselem 3 ýylyň içinde we beýleki tarapdan bolsa, käbir dissertasiýanyň proýektleri dört ýa-da has köp ýyllaryň dowamynda edilýändir. Şeýle hem bu derejeleri almagyň möhleti kandidada baglydyr. Alynan derejeleriň arasyndaky möhletler köpelip hem bilner. Şu aýdylanlary göz öňünde tutsak, ABŞ-da akademik derejelerini almak mümkinçiligi çäksizdir, hiç hili wagt çäklendirmeleri ýokdyr.

ABŞ-de bulardan başga «Birinji professional derejesi» diýlen dereje klassy bardyr. Bu programmalar has dogrusy ylmy gözlege gönükdirilen däl-de iş tejribesine gönükdirilen diýip hasaplanýar. Proffessional derejeleriniň aglaba bölegi ilki bilen bakalawr derejesine eýe bolmagy talap edýär. (Bakalawr derejesini talap etmeýän professional derejesiniň esasylarynyň biri Pharm. D.). Professional derejesini almak bäş ýyldan başlap sekiz ýyla çenli bilim almagyň netijesinde netijesinde mümkindir.

Bakalawrdan soň käbir ugurlarda meselem şekillendiriş sungaty, arhitektura we din taglymaty ýaly ugurlarda birinji professional derejesi «magistr derejesi» diýip atlandyrylýar (meselem M.F.A, M. Div.), sebäbi bu agzalan derejeleriniň köpüsi bakalawr derejesiniň tamamlanmagyndan soň alynýar, emma medisina ugrunda professional derejesi (M.D.) we kanunçylyk ugrunda professional derejesi (J.D./ Ýuridiki ylymlaryň doktory) doktorlyk derejeleri hasaplanýandyr. Häzirki wagtda arhitektorlaryň arasynda arhitekturanyň professional derejesini doktorlyk derejesine üýtgetmek barada meselä ara alnyp maslahatlaşýarlar. Bu ýerde bir zady bellemek ýerlikli bolar, bu hem bu ugurdaky birinji professional derejeleriniň ylmy gözleg işlerine gönükdirilen «filosofiýa ylymlaryň doktory» derejesinden düýpgöter tapawutly balanyny bellemelidiris.

Çeşme: http://en.wikipedia.org/wiki/Academic-degree

Ýokary bilim ulgamy barada käbir maglumatlar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mekdepden soňky bilimiň häsiýetini, ýerine ýetirmeli funksiýalaryny ýa-da onuň esasy maksatnamalaryny düzýän hiç-hili federal kanunlar ýa-da milli kanunlar ýokdyr. Milli häkimiýet Bilim ojaklarynyň işine we olaryň okuw meýilnamasyna, şeýle hem kandidatlaryň ylmy derejeleriniň berilişine gözegçilik etmeýär. Aýry-aýry ştatlaryň edara ediş ulgamynda Ýokary bilime gözegçilik etmek jogapkärçiligi merkezleşdirilen häsiýetden aýrylandyr.

Federal bilim bölüminiň bilime täsir etmäge ygtyýarlygy çäklendirilendir we bölämiň ýerine ýetirýän funksiýalary şulardan ybaratdyr:

  1. ABŞ-nyň bilimi barada statistikalary taýýarlamak şeýle hem maglumatlary ýygnamak we bu maglumatyň halka hödürlenmegi.
  2. Döwletiň bilim syýasatyny ýöretmek döwletiň göz öňünde tutan degişli çäreleri görmek.
  3. Talyplara maliýe taýdan kömegini ýetirmek.
  4. Ylmy-gözleg programmalaryny ýerine ýetirmek
  5. Her bir raýatyň bilim almak hukugyny düzgünleşdirýän federal kanunlary ýerine ýetirmek

Amerikanyň Ýokary biliminiň düzümi.

Amerikada bilim derejesini hödürleýän okuw jaýlary dört topara bölünýär.

• Birinji topara Amerikanyň iki ýyllyk jemgyýetçilik kollejleri girýär. Takmynan 1100 kollejde talyplaryň aglaba bölegi hasaba alnandyr. (2001-nji ýylda alty million talyp). Bu professional-tehniki kollejler talyplary öz bilim hyzmatlaryny hödürlemek bilen birlikde talyplary dörtýyllyk okuw jaýlaryna taýýarlaýandyr. Bu bilim hyzmatlary ýöriteleşdirilen telekeçilik kurslaryndan başlap ABŞ ýaňy ýakynda gelen immigrantlaryň iňlis dili kurslaryna çenli öz içine alýar

• Ikinji topara Amerikanyň dörtýyllyk jemgyýetçilik kollejleri we uniwersitetleri girýär (takmynan 630 sany). Bu uniwersitetler Ýokary bilim diplomlaryna eýe bolan hünärmenleri ýetişdirýär, şeýle hem alymlyk derejelerini almaga doly mümkinçilik berýär. Bu uniwersitetlerde 2001-nji ýylda 6,2 milliona golaý talyp hasaba alnypdyr.

• Hususy bolan we täjirçilik häsiýetinde bolmaýan okuw jaýlary diýseň giň bilim hyzmatlaryny hödürleýär. Bu topara ylmy-barlag uniwersitetleri, gumanitar ylymlaryň dörtýyllyk kollejleri, az sanly ikiýyllyk kollejleri, dini konsessiýalar bilen ýakyn gatnaşykda bolan din taglymatyna degişli okuw jaýlary, gyzlaryň kollejleri, afroamerikanlar üçin kollejler, uniwersitetler we belli bir ugra gönükdirilen ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, meselem şepagat uýasynyň işi ýa-da şekillendiriş sungaty ýaly okuw jaýlay girýär. Bu toparda 2001-nji ýylda takmynan 3,2 million talyp hasaba alnypdyr we şolaryň 700 müň sanysy aspirantdan ybaratdyr.

• Dördünji topara täjirçilik häsiýetinde bolan okuw jaýlary girýar. Bu topara girýän jaýlaň esasy aýratynlygy bolsa talyplara akademik derejesini hödürlemegiň ýerine talybyň okuw programmalaryny tamamlandygy barada sertifikatlary berýär. ABŞ-nyň bilim departamentiniň maglumatlara laýyklykda bu topara 2400 sany okuw jaýlary girýär. Umuman alnanda bu topara 2001-nji ýylda 750 müň talyp hasaba alnypdyr, şolaryň diňe 50 müň talybyna bilim programmasy uniwersitetiň derejesine gabat gelipdir.

ABŞ-nyň Ýokary biliminiň aýratynlyklary.

«Distansion» Ýokary bilimi.

«Distansion» bilimi bu käbir talyplaryň dürli sebäplere we ýagdaýlara görä meselem talybyň ýaşaýan ýeriniň okuw jaýynyň ýerleşýän ýerinden daş aralykda bolmagyň ýa-da talybyň işi okuwa gatnap okamana mümkinçilik bermeýänligi sebäpli we ş. m. gelmän aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly okamaga mýmkinçilik berýän bilim ulgamyna aýdylýar.

«Distansion» Ýokary bilimi aýratyn bir bilim almagyň görnüşi hasaplanmaýar. Has dogrusy talyplaryň bilim almaga bolan talabyny Ýokary hilli we päsgelsiz ýerine ýetirmegiň bir görnüşidir.

Köp sanly bilim programmalary okamak işleýänlere sertifikatlary, diplomlary we akademik derejeleri hödürleýär. Distension bilimi radio, teleýaýlymyň, internet we beýleki dürli ösen tehnolgiýasy arkaly alynýan bilimdir.

Dowam etdirilen Ýokary bilim.

Ýokary bilim alan we almagyň ugrunda bolan talyplar öz bilimini belli ugur boýunça dowam edip bilýärler. Bu okuw programmalarynyň tamamlanmagynyň netijesinde talyba okan programmasyna laýyklykda sertifikat, diplom ýa-da alymlyk derejesi berilýär. Käbir okuw programmalary okaýanlara diňe bilim bermek bilen çäklenýär, ýagny hiç hili sertifikat ýa-da diplom berilmeýär. Bu kategoriýa girýän okuw programmalarynyň käbiri distension okuw almak mümkinçilik berýär. Dowam etdirilen Ýokary bilimini alan talyplar geljekde işini hem oňaýly täsir etmäge bolsa ştatyň bilimi lisenziýalaşdyrýan organynyý makul etmegi kömek edýär.

Önümçilikde Ýokary bilim boýunça treningler.

Ýokary bilim almagyň bu görnüşi, dowam etdirilen professional Ýokary bilimiň bir görnüşi bolup, önümçilikde iş berijiniň öz işgärleriniň bilimini artdyrmak üçin niýetlenen we iş berijiniň maliýeleşdirmek arkaly alynýan bilim programmalarynda aýdylýar. Bu bilim programmalary iş berijileriň hödürlemegi bilen ýa-da bilim ojaklaryň iş beriji bilen şertnama baglanyşmak arkaly geçirilýär. Treningleriň geçirmegi iş ýerinde ýa-da başga ýerde üpjün edilip bilner bu treningler Ýokary bilimini alan işgärleriň öňki bilimini ýadyna düşürmek üçin we iş tejribesinde duş gelýän meseleleriň çözgüdini tapmak, iş ukybyny, başarjaňyny we iş önümçilik derejesini ýokarlyndyrmak üçin geçirilýändir.

Ýokary bilim almagyň beýleki görnüşleri.

ABŞ-da bu ýokarda agzalan Ýokary bilim almagyň görnüşlerinden başga görnüşleri hem bardyr. Bu kategoriýa girýän bilim almagyň görnüşleri hiç hili sertifikat, diplom ýa-da akademik derejesini bermeýär. Meselem muzeýleriň, kitaphanalaryň, klublaryň we seýilgähleriň taýýarlamagynda geçirilýän kurslar, seminalarlar we maslahatlar. Bu kurslar hiç hili dereje bermeýär, emma gatnaşýanlaryň bilim derejesini artdyrýar.

Çeşme: http://www.euroeduçation.net/prog/usa.html

2. Syýasat we umumy düzgünler

ABŞ-nyň bilim departamenti (BD) birnäçe degişli federal bölümiň birleşdirilmeginde 1980-nji ýylda döredilýär. BD-nyň missiýasy adamlaryň bilime bolan hukugynyň deň hukukly peýdalanmagy üpjün etmekde we ABŞ-nyň Ýokary bilimi dünýä arenasynda abraýyny galdyrmakdan ybaratdyr. BD-niň edara ediş organy hökmünde şu meseleleri we borçlary ýerine ýetirmelidir:

Prezidentiň diwany tarapyndan bellenilýän bilim sekretarynyň ýolbaşçylygynda geçirilýän bilim babatdaky federal programmalaryna jogap bermek we bu programmalaryň ýerine ýetirmegini üpjün etmek. ABŞ-nyň konstitusiýasyna we federal ustawlaryna laýyklykda bilim ulgamynda federal roly çäklendirilen rolyny alyp barýar. Şonuň üçin Bilim Departamenti edara ediş organy hökmünde işlemeýär, diňe döwlet we ýerli hökümet bilen hyzmatdaşlykda wezipesini ýerine ýetirýär.

  • Bilim babatda federal maliýe kömeginiň polislerini amala aşyrmak we bilimi ösdürmegiň fondlaryna gözegçilik etmek.
  • Bilim ojaklarynyň maglumatlaryny ýygnamak we gözleg işlerini ýerine ýetirmek.
  • Bilim almak bilen basly milli problemmalarynyň üstünde durmak we bu meseleleriň gözgüdiniň agtarylmasy
  • Bilim babatda diskriminasiýanyň gadagan edilmek we bilim almak üçin deň hukugy üpjün etmek.

Giňişleýin maglumat: www: http://www.ed.gov

 

Bilim syýasatyny emele getirýän beýleki guramalar:

Ştatlaryň bilim baradaky komissiýasy (ECS) her ştatda bilim syýasatyna gözegçilik edýän organ www: http://www.ecs.org

Ýokary bilim boýunça wezipeli adamlaryň toplumy (SHEEO) döwlet we regional bilim ojaklaryna we mekdepden soňky okuwa gözegçilik edýän wezipeli adamlar komissiýalar we apparatlar www: http://www.sheeo.org

ABŞ-nyň bilim barada maglumat agentligi (USNEI) bu agentlik Amerikanyň bilim barada maglumat almak isleýänler üçin resmi gullukdyr. Bu gulluk Lissabon konwensiýasyna laýyklykda işini ýerine ýetirýän ENIC ýalydyr. Talplaryň Ýokary biliminiň we derejesiniň kabul edilmegini üpjün edýär, Ýewropanyň we beýleki döwletleriň birnäçe maglumat merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. www: http://www.ed.gov/about/offices/list/ous/international/usnei/edlite.index.html.

Amerikanyň bilim baradaky geňeşi (ACE) www: http://www.acenet.edu

Kollejlere we Ýokary okuw jaýlaryna girmegi hasaba alýan Amerikan Assosiasiýasy (AACRAO) www:http://www.aacrao.org

Amerikanyň döwlet kollejleriniň we uniwersitetleriniň Assosiasiýasy (AASCU) www: http://www.aascu.org

Amerikanyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasy (AAU) www: http://www.aau.edu

NAFSA: Mugallymlaryň Halkara Assosiasiýasy www: http://www.nafsa.org

CQAIE: bilim almagyň Ýokary hilini üpjün etmek baradaky halkara merkezi www: http://www.cqaie.org

Ýokary bilimiň akkreditasiýa boýunça geňeş (CHEA) www: http://www.chea.org

Halkara bilim alyş-çalyş baradaky geňeşi (CIEE) www: http://www.ciee.org

Döwlet uniwersitetleriň we kollejleriň milli Assosiasiýasy (NASULGC) www: http://www.nasulgc.org

Bilim baradaky milli Assosiasiýasy (NEA) www: http://www.nea.org

Uniwersitetleriň rektorlaryň milli Assosiasiýasi (AAUP) www: http://www.aaup.org

 

Bilim departamentinde çözgütleriň çykarylmagy we düzgünleri.

Ýokary bilim programmasy (YBP) bu kanunçylykda agzalan bilim syýasatyny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen düzgünleri toplumydyr. ÝBP ABŞ-nyň Ýokary okuw jaýlary, ylmy-barlag institutleri we beýleki ylym we bili guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly bilim syýasaty ýöredilýär. Bilim departamenti bilen işlemek arkaly ÝBP Prezidenti we Kongressi bilim babatda geçirilýän çäreleriň maglumatlaryny ýetirýär.

Ýokary bilimiň dolandyrylmagy.

Ýokary bilimiň dolandyrmagyň Amerika Jeffersonyň taglymatyndan peýdalanýar. Jeffersonyň taglymatyna laýyklykda ýerli dolandyryş organynyň dolandyrmak hukugyny artdyrmak bilim ulgamyny hem her bir ştat öz uniwersitetleriň dolandyrmagy we gözegçiligi öz jogapkärçiliginde bolýar. Bu ýagdaýda Amerikanyň 50 sany ştaty öz döwlet uniwersitetleriniň (talyplaryň 75% döwlet uniwersitetlerinde we kollejlerinde okaýar) gözegçiligini üpjün etmelidir. Netijede federal hökümediň bilim syýasatynda tutýan orny azalýar. Onuň roly diňe maslahat beriji hökmünde düşünilýär. Şeýle hem federal hökümet bilim syýasatyny ýurt möçberindäki meseleleri çözmek maksadyna maslahat beriji wezipesini ýerini ýetirýär.

ABŞ-nyň konstitusiýasynda federal hökümetiň bilim barada çekýän jogapkärçiligi örän çäkli bolany üçin döwletiň bilim ojaklarynda alyp barýan syýasatlaryna az goşulyp bilýär we şuňa goşmaça hökmünde beýleki döwletlerde bar bolan Bilim Ministrligi ABŞ-da hiç haçan bolmandyr. ABŞ-nyň taryhynda döwletiň bilim ulgamynyň syýasatyna goşulmagy XX asyryň ortalaryna çenli ýok diýen ýaly. Diňe 1862-nji ýylda Morilyň kanuny diýip atlandyrylýan Amerikan Ýokary okuw jaýlaryna ýer paýyny bermek (Morril Land Grant Act) hakynda çykarylan kanun bilim ulgamyna döwletiň goşulmagy görlüpdir. Has soňrak Ikinji Jahan Urşunyň başlanmagy netijesinde Amerikanyň federal hökümeti uniwersitetlerde we kollejlerde Amerikanyň harby güýjüni artdyrmagyň niýetlenen ylmy-barlag we gözleg işlerini amala aşyrmak üçin maliýeleşdirýär.

1944-nji ýylda Prezident Franklin Ruzwelt «Hukuklar barada Bill», «G. I. Bill of Rights» diýen resminama gol çekýär. Bu resminama laýyklykda urşdan gelen weteranlaryň bilim derejesini artdyrmak we adaty durmuşa girmek üçin kollejlerde uniwersitetlerde okamaga mümkinçiligini döwlediň maliýeleşdirilmegi arkaly döredýär. 1960-nji ýyllarda Amerikada raýat hukugyny goramak üçin başlan hereketler bilim ulgamynda federal hökümedi tarapyndan goldamalar az kem köpeldi. Talyplara edilýän maliýe kömekleri, grantlar we karzlar barha köpeldi häzirki döwürde bolsa federal hemaýaty ylmy-barlag we gözleg işlerini ilkinji we iň uly maliýe çeşmesi bolup durýar.

Federal hökümetiň uniwersitet we kollejlere az mukdarda we maliýe kömegini edýän döwürlerde bu goldaw olar üçin örän wajyp bolupdyr. Şonuň üçin şol wagtlar federal hökümeti bu uniwersitetlere we kollejlara uly täsir edip bilýärdi, we olardan island zadyny talap edip bilýärdi. Wagtyň geçmegi bilen federal maliýe kömekleri köpelýär, emma şoňa garamazdan häli şindi federal hökümetiň uniwersitetler we kollejleriň uly täsirini ýetirip bilmeýär we bilim babatynda edilýän akademiki çözgütlere goşulmaýar.

Milli Ylym Gaznasy (fondy).

MYG — Kongress tarapyndan 1950-nji ýylda döredilen döwlet agentligi. Ol ylmy ösdürmäge, milli saglygy saklaýyşy berkitmäge durmuşyň gülläp ösmegini goramaga gönükdirilendir. Onuň yyllyk býujeti 6.06 mlrd. Amerikan dollary. MYG amerikanyň kollejleriniň we uniwersitetleriniň düýpli ylmy-barlaglarynyň 20%-e golaýynyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmesi bolup durýar. Ylmyň köp pudaklarynda, ýagny, matematika, informatika we jemgyýetçilik ylymlarynyň esasy döwlet goldan çeşmesidir. Biz iş wezipämize esasan çäklendirilen pul göýberişikler (grant) arkaly amala aşyrýar. Häzirki wagtda her ýylda 10000 golaý möhletli üç ýyla çenli bolan täze sylaglamalar (pul göýbermeler) kesgitli ylmy-barlaglara gönükdirilip, olaryň köpüsi uly netijelere garasylýan, Ýokary taraply, obýektiň maksatnamalardyr. Bu sylaglaryň köpüsini aýry-aýry adamlar ýa-da toparlaryň ylmy-barlaglary geçirýän kollektiwler alýarlar.

Beýleki bölegi ylmyň aýratyn, kyn ugurlarynda iş alyp barýan ylmy merkezleri maliýeleşdirmäge, dürli gurallar we abzallar bilen üpjün etmäge gonükdirilýär.

MYG — maksatlary şulardan ybaratdyr: infrastrukturaly açmak, öwrenmek, barlaglary geçirmek we dolandyrmak, ylmyň çäklerini giňeltmegiň uzaklaýyn strategiýasyny üpjün etmek, dünýä derejesine galdyrmak, giň ylmy düşünjeli tehniki isçi güýçlerini taýýarlamak, şeýle-de ähli raýatlaryň ylmy düşünjeliliginiň çäklerini giňeltmek ylmy barlaglary we bilim berýän guramalary iň täze enjamlar bilen üpjün etmegi gazanmak, inwestrlemek arkaly milletiň ylmy-barlag ukybyny döretmek, ylmy goldamagy güýçlendirmek. Köp açyşlar we tehniki sepgitler hakykatdanam uly täzeliklerdir. Geçen birnäçe onýyllygyň içinde MYG 170-den gowrak Nobel baýragyny alan alymlaryň ylmy-barlaglaryny, şeyle-de sanardan köp beýleki sylaglary, derejeleri alan toparlaryň, aýratyn adamlaryň ylmy-barlaglaryny maliýeleşdirdi. Bular toparlaýyn ýa-da aýratynlykda iş alyp barýan ilkinji täze açyşlary eden alymlar bolup, olar fundamentar bölekler meselesinde, dünýäniň döremeginiň irki döwürlerine mahsus bolan kösnüki galyndylary, çökündileri derňemekde, 14-artefakt degişli uglerody ösdurmekde, wiruslaryň genetikasyny çöşlemekde. Boze-Eynşteýn diýlip atlandyrylan täze kondensatyň düýpli agregat ýagdaýyny döretmekde iş alyp bardylar. MYG alymlara ýa-da alymlar toparyna işde zerur bolan gymmat enjamlar satyn almagy hem maliýeleşdirýär. Muňa mysal edip uly optiki we radioteleskoplary. Antarktidany öwrenmek üçin Ýokary tehnologik hasaplaýyjy enjamlary we ultratizlikli birleşmeleri, okeanda barlaglary geçirmek üçin gämileri, grawitasion tolkunlaryň obserwatoriýasyny, çalabildirýän fiziki hadysalary duýýan sensor enjamlary görkezmek bolar.

MYG-başga bir düýpli tarapy — bu ylmyň we tehniki bilimiň mekdepden başlap, basgançaklar boýunça ösmegini goldamakdyr. Biziň ylmy barlaglaryň maliýeleşdirilmegini öwrenmegimiz, Ýokary ussatlyga ýeten hünärmenler bilen täze döreýän ylmy, tehniki, tehnologiki merkezi üpjün etmegi, geljekki nesli okatmaga ukyply mugallymlaryň uly tapgyryny taýýarlamaga gonükdirilendir.

Jemgyýetiň intellektual we ykdysady taýdan ösmegine, raýatlaryň durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hiç bir zat üznüksiz bilim almak yýly täsir edip bilmeýär, şu uly maksady durmuşa geçirmekde öz hyzmatynyň uludygyna MYG buýsanýar.

MYG kanunlary bizi aşakdaky görnüşlerde iş alyp barmaga ygtyýarlandyrýar:

А. şertnamalar we grantlar arkaly ylmy-tehniki barlaglary, ylmy-tehniki barlaglaryň we bilim maksatnamalaryny ähli derejelerdäki başlangyçlaryny goldamak, şeýle-de barlaglaryň senagaty ösdürmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky täsirine baha bermek.

Б. Ylym we tehnika babatda diplom barlaglaryny geçirmek üçin stipendiýalary bellemek.

В. ABŞ-yň daşary ýurtlar bilen ylmy habarlary alymlaryň we inzenerleriň arasynda özara alyşmagyna ýardam bermek.

Г. Kompýuterleriň we tehnolgiýalaryň, ylmy metodlaryň hut bilim we ylmy barlaglar üçin ulanylmagyna ýardam etmek, goldan bermek.

Д. Dürli ylymlaryň we enjamlaryň zerurýetlerini, statusyny kesgitlemek, ine bu kesgitleriniň döwlet we beýleki ylym-bilim maksatnamalara laýyklygyny göz öňünde tutmak.

Е. ABŞ-nyň ylmy-tehniki zerurlary baradaky maglumatlary toplaýan, derňeýän merkezleşdirilen habar merkezini maglumatlar bilen üpjün etmeli, beýleki döwlet agentlikleriniň bu ugurdaky syýasatyny maglumat çeşmeleri bilen üpjün etmeli.

Ж. Uniwersitetler bilen beýleki ylmy-tehniki barlaglary geçirýän guramalar şol maksatlar üçin göýberilen maliýe serişdeleriniň umumy mukdaryny kesgitlemeli (başlangyç we praktiki barlaglary hem hasaba almak bilen, şeýle barlaglar geçirilýän ýerleri tehniki enjamlar bilen üpjün etmek) we her ýyl Prezident we Kongress üçin hasabat taýýarlamaly.

З. Halkara gatnaşyklar, milli howpsuzlyk we jemgyýetde ylmy-tehniki gazançlaryň ulanylyşynyň netijelerine degişli meseleler boyunça özboluşly ylmy-tehniki işleri öňe sürmeli we goldamaly.

И. Prezidentiň ýolbaşçylygynda akademiki we beýleki guramalarda praktiki barlaglary geçirýän merkezleri hem hasaba alyp, ylmy-tehniki barlaglary öňe sürmeli we goldamaly.

Й. Ylym we tehnika babatda başlangyç barlaglary geçirmek baradaky milli syýasaty goldamaly we höweslendirmeli. Ylmy tehniki barlaglaryň we bilimiň täsirini ylym we bilim pudagynda ABŞ ähli ýerlerinde garaşsyz hususy barlaglary hasaba almak bilen ýokarlandyrmaly.

К. Ylmy-tehniki barlaglara aýallaryň, san taydan öz toparlaryň çekilmegine goldan bermeli.

Ylym boýunça Milli Geňeş.

1950-nji ýylda döredilen MYG baradaky kanun esasynda Gazna Ylym baradaky Geňeşden we Direktordan ybarat. Geňeş we Direktor bilelikde MYG maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirýärler. Olaryň wezipesine «hödürlemek» we ylym we tehnika ugurdan alyp barylýan barlaglarynyň milli syýasatyny goldamak we höweslendirmek hem girýär. Bulardan başga-da Ylym boýunça Milli Geňeş iki wajyp hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu bolsa Prezident we Kongress tarapyndan kesgitlenen milli syýasatyň çäklerinde MYG alyp barýan syýasatyny döredýär we gözegçiligi üpjün edýär. Şu mümkinçilikler esasynda Geňeş MYG geljekdäki işlerinde ýüze çykjak kynçylyklary tassyklaýar, býujeti dolandyryş Apparytyň bermek üçin býujetiň her ýylky taýýarlygyny düşýär, täze maksatnamalary we esasy bayraklary tassyklayar, MYG-yň býujetini bellenen strategik ugurlar boýunça kepillendirmelerini derňeýär, teklipleriň we esasy maksatnamlaryň deňagramlylygyny kepillendirýär. Geňeşiň ikinji wezipesi — ylmy-tehniki barlaglaryň, bilimiň koptaraply meseleleri boýunça Prezident we Kongress üçin garaşsyz maslahat beriji gurama bolup hyzmat etmegidir.

Ýokary bilim boýunça hereket edýän kanunçylyk.

Bu kanun Prezident Sindon Jonsonyň «Beýik jemgyýet» (syýasy programma) maksatnamasynyň bir bölümi hökmünde ABŞ-da 1965-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edildi. (PUB. L. № 89—329 «NSA»). Kanun uniwersitetleriň we kollejleriň bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, mekdepden soňky we Ýokary bilim almak şertlerini maliýeleşdirmegi üpjün etmekde talyplara kömek bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa uniwersitetlere berilýän döwlet serişdeleriniň köpelmegine, stipendiýalaryň döredilmegine, talyplara az göterim bilen karz pul bermäge we Mugallymlaryň Milli Korpusyny (MMK) esaslandyrmaga şert döretdi. “Talyplara maliýe kömegi«-niň mazmuny Hukuk IV NSA beýýan edilýär.

1965-nji ýylda kabul edilen «Ýokary bilim baradaky Kanuna» 1968, 1972, 1976, 1980, 1986, 1992, 1998 we 2000-nji ýyllarda täzeden seredildi. Ýokary Bilim baradaky kanunyň häzirki maksatnama ygtyýarlylygy 2013-nji ýylyň aýagynda gutarýar. Kanuna her gezek täzeden seredilmezinden öň Kongress goşmaça programmalara üýtgetmeleri girişýär, hereket edýän programmalaryň dilini, syýasatyny üýtgedýär ýa-da başga üýtgeşmeleri girişýär. Mysal üçin, (GEAR UR) studentlik programmasyna taýýarlygyň öňki düşünilişi ilki 1998-nji ýylyň bilim boýunça üýtgetmelerine laýyklykda rugsat edildi. 1998-nji ýylyň üýtgetmelerinde uniwersitetlere we kollejlere döwlet kömegini alanda talyplaryň narkotik serişdelerini ulanan ýagdaýynda kömekden kesmegiň şertleri bar. Bularyň ählisi FAFSA sorag 31 formadan gelip çykýar. Talyp, eger-de haçanam bolsa narkotik serişdeleri bilen baglanyşykly jenaýatda aýyplanýan bolsa, ýa-da bu sorag jogapsyz galan bolsa oňa döwlet pul kömegi berilmeýär. Häzirki wagtda ACLW tarapyndan gollanylýan we bu şertlere garşy çykýan «Talyplar sagdynpikirli narkotik syýasaty üçin» atly topaz hereket bolýar.

2003-nji ýyldaky üýtgetmeler.

2003-nji ýylda Ýokary Bilim baradaky kanunyň köp bölümleri öz güýjüni ýitirmelidi. Olaryň täsirini güýçlendirmek maksady bilen dirli az toparlary birleşdirmek kararyna gelindi. Olar ozlerini «ýokary bilimde obýektiwlik üçin göreşýän soýuz» diýip atlandyrdylar. Bu topar “Amerikan indeýsleriniň Ýokary bilim Konzorsiumy“, ispan dilliler üçin kollejleriň we uniwersitetleriň Assosiasiyasy, Ýokary bilim almak üçin deň şertler Milli Assosiasiýasy we negr kollejleriniň we uniwersitetleriniň goragy toparlaryndan düzüldi we olar Ýokary bilim baradaky kanunyň gaýtadan kabul edilmegi üçin özleriniň bilelikdäki tekliplerini öňe sürdüler. [1] Bu topar bileleşen ýagdaýlarynda ähli az milli toparlara kömek edip biljekdiklerine göz ýetirdiler. Soýuzyň maksady az sanly toparlardan bolan talyplardan bolan talyplaryň az wekilçilik edýän ylym-bilim ugurlaryna girmegi, bu maksatnamalara girmek üçin kiçi toparlara ýeňillikli şert döretmekden ybarat. Bu ýeňillikler berlen karz pullardan az ýygymlary almakdan we az toparlaryň bilim almaklaryny bütinley döwletiň hasabyna üpjün etmekden ybarat. Soýuz şeýle-de az toparyň hünärleşmek programmalaryny hem maliýelesdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Uniwersitetiň ylmy dereje berýan programmalar boýunça okaýan az toparlardan bolan talyplary diplomdan öňki programmalarda bolşy maliýeleşdirmäge hem Soýuz hökümedi çagyrýar. [1] Mundan başga-da soýuz öz okuw jaýlaryň, öz talyplaryň kömek serişdeleriniň göýberlimegini soraýar soýuz. Öz okuw jaýlaryny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda saklamak üçin hökümetden göýberilýän serişdeleriniň köpeldilmegini sorap hem çykyş edýär we öz okuw jaýlarynyň talyplaryny saklamak we olary üçin, hem-de öz okuw jaýlarynyň berýän bilim derejesiniň beýleki kollejler we uniwersitetler bilen deňdigine ynam döretmek üçin hem hökümetden kömek soraýar. Ýöne bu çagyryşlar eşidiläýende-de Ýokary bilim baradaky kanunyň üýtgediljekdigini aňlatmaýar. 2003-nji ylda Pella granty tarapyndan talyplaryn çykdaýjylaryny ýapmak baradaky çagyryşy senat kabul etmedi. Käbir başga meseleler korriktirlendi, wekiller palatasyna geçirilen seksiýalar hem boldy, bu bolsa okuw jaýlaryny häzirki zaman talaplaryna görä saklamak üçin pul serişdeleriniň köp göýberilmegini gazandy. Kollejler üçin köp karz pul soramaga mümkinçilik berýän ýeňillik döwri ýatyryldy. Şeýlelikde az toparlaryň guramalary köp pul serişdelerine garaşybam yörmeli däl.

2003-nji ýylda teklip edilen üýtgeşmeler esasynda Ýokary bilim baradaky kanun gutarnykly görnüşe gelmedi muňa derek onuň köp seksiýalary düýpli özgermeler bilen dikeldildi. Köp soňa goymalar (möhleti uzaltmalar) ýüze çykdy, onuň iň soňkusy 2008-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam etdi. 2007-nji iýulynda senat Ýokary bilim baradaky kanuny täzeden hödürledi we wekiller palatasy 2008-nji ýylyň fewralynda ony formirledi. 2008-nji ýylyň 31-nji iýulynde konferensiýa baradaky ugrukdyryjy hasabat wekiller Palatasyndan we Kongressden geçip Prezidente gol çekmäge iberildi. Kanunda görkezilen kollejlere pul göýbermek we harç etmek baradaky ylalaşyga 2007-nji ýylyň sentýabrynda gol çekildi we ol Ýokary bilim baradaky kanuna girizilen maliýe kömek programmasyna düýpli özgermeler getirdi. Pelläniň grandynyň mukdaryny köpeltmek, talyplara berilýän karz pullaryň göterim töleglerini azaltmak üçin bill tölegler görnüşi 15% karz puluň girdejisini goramak üçin berlen pullaryny döwlet gullukçylaryna geçmek ýola goýuldy. Karz pul bermegiň kynçylykly meselelerini çözmek boýunça çärelere seredildi. Kollejlere gysgaltmalar we girdejiler hakyndaky kanunyň köp şertleri 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girdi.

www: http://en.wikipedia.org/wiki/Higher_Education_Act_of_1965

3. Halkara bilim

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň (Daşary işler ministtrligi) ýanynda amerikan bilimi ABŞ-da bilim almagyň mümkinçilikleri barada takyk, giňişleýin, obýektiw maglumatlary öz wagtynda berýän maslahatçy merkezleriň 450-den gowragyna we şol mümkinçilikden ýerlikli peýdalanmagy düşündürýän ESA /A/S/A/ kömek berýär. Munuň içine arza bermegiň düzgünleri, standart testlere bolan talaplar, talyp wizalary, maliýe kömegi we ABŞ-da hasaba alnan Ýokary okuw jaýlary halkyndaky dolly maglumatlar girýär. ABŞ-da talyplara maliýe kömegi barada Grantlaryň mümkinçiliklerine serediň.

ESA /A/S/A kitaplary, enjamlary berýär, dürli guramalarda, ABŞ-nyň ilçihanasynda we konsullyklarynda, Fulbraýtyň Komissiýasynda, iki millet merkezlerinde, hökümete garaşly bolmadyk guramalarda ABŞ-da bilim almak mümkinçiliklerini döredýär. ABŞ-nyň bilim merkezi daşary ýurtly talyplary kabul etmekde amerikan okuw jaýlaryna hem kömek berýär. Amerikalylaryň daşary ýurtlarda okamak mümkinçiligini giňeldýär. Merkezler köpüsi ABŞ-da okan Ýokary derejeli mugallymlar ýa-da Döwlet departamenti tarapyndan tassyklanan treningleri bolan Ýokary okuw meseleleri boýunça maslahat alan maslahatçylar bilen üpjün edilýär. Bilim boýunça Regional Maslahat beriji Koordinatorlar regional kömegi berýärler we ABŞ-nyň okuw jaýlary üçin serişde bolup hyzmat edýärler. Has anyk maglumatlary www.educationusa.state.gov (saýtyndan alyp bolar.)

ESA /A/S/A-nyň Waşington ştatyndaky bölümi Amerikanyň Ýokary bilim jemgyýetçiligi bilen alyp barýan işinde halkara bilim syýasaty baradaky maglumatlar bilen üpjün edýär, bitewileşýän bilim sistemalary, halkara talyplaryny kabul etmegiň wajyplygy, bütin dünýädäki amerikan bilim merkezleri bilen işlemegiň ýollary, websaýty we daşary ýurtly talyp şäherçelerini goldamak baradaky maglumatlary berýär. Mundan başga-da ESA A/S/A amerikan bilimi boýunça hünär öwrenýän talyplaryň kämilligi ýokarlandyrmak üçin iki programmany (maksatnamany) maliýeleşdirýär. Professional maslahatçylaryň Ýolbaşçy toparyna (PAL) agzalyk-bu uly (starşiý) maslahatçylar üçin niýetlenen her ýylky şahsy (indiwidual) maksatnamalardyr (programmalardyr). ABŞ-nyň bilim bazary iki ýyldan bäş ýyla çenli iş tejribesi bolan orta derejeli maslahatçylar üçin niýetlenendir.

Her ýylyň maý ýa-da oktýabr, noýabr aýlarynda 15—20 okuwçy çäklerinde Amerikada geçirilýän okuw programmasy 3 hepdelik bolup, Waşingtonda (Kolumbiýa okrugy) bir hepde bolmaklygy, uniwersitetiň şäherçesinde bir hepde bolmaklygy we NAFSA-nyň milli, regional konferensiöalarynyň hepdeligini öz içine alýar.

Çeşme: http://exchanges.state.gov/globalexchanges/index/educationusa.html

Bilim Deparatamentiniň (Müdirliginiň) Halkara bilim programmalar (maksatnamalar) boýunça gullugy (SPMO).

SPMO (HBPG) — maksatnamanyň maksadyny we wezipesini anyk kesgitleýär we teswirleýär: öňde goýlan maksatlara ýetmek, goýlan wezipeleri çözmek üçin zerur bolan syýasy özgermeleri anyklaýar we durmuşa geçirýär; maksatnamanyň täsirine baha berýär; syýasy gözegçiligi ösdürýär we täzeleýär; maksatnamalar boýunça görkezmeleri taýýarlaýar, kanunçylyga düzedişleri teklip edýär; maksatnamanyň býujetini taýýarlaýar; Sekretaryň ikinji kömekçisi bilen bilelikde her ýyl üçin maliýeleşdirmegiň meýilnamasyny düzýär we bu babatda mümkin boldugyndan Sekretariýatyň maksatnamalaryny we wezipelerini göz öňünde tutýar; Federal (Döwlet) Registrinde neşir etmek üçin maliýeleşdirmegiň ugurlaryny we has möhüm taraplaryny işläp düzýär we SPMO (HBPG) dolandyrýan maksatnamalarynyň praktiki taraplaryny we sylaglaryň, höweslendirmeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär. SPMO (HBPG) Direktoryň öz ofisi doly ýolbaşçylygy amala aşyrýar we aşakdaky toparlaryň işini ugrukdyrýar:

Barlag we hünärlerini ýokarlandyrmak topar.

Hünärini ýokarlandyrmak we barlag toparlarynyň ýolbaşçylyk edýän programmalary (maksatnamalary):

  • Milli serişdeleriň merkezi.
  • Daşary ýurt dillerine we ülkäni öwrenişe stipendiýa.
  • Halkara barlaglar we derňewler (öwrenmeler).
  • Dil serişdeleri merkezi.
  • Daşary ýurt amerikan barlag merkezleri.
  • Daşary ýurtlarda doktorlyk dissertasiýalar.
  • Daşary ýurtlarda mugallymlaryň ylmy-barlaglary.
  • Halkara barlagçylar toparlaryň ýolbaşçylyk edýän programmalary:
  • Halkara komersiýa bilim merkezleri.
  • Biznes we halkara bilim.
  • Uniwersitetden öňki halkara bilim we daşary ýurt dili.
  • Halkara jemgyýetçilik syýasaty instituty.
  • Daşary ýurtlarda proýektler topary.
  • Daşary ýurtlarda seminarlar (ikitaraply ýöriteleşdirilen)
  • Tehnologik täzelikler we daşary ýurt habarlary boýunça hyzmatdaşlyk.

SPMO (HBPG) programmalary ösdürmek, durmuşa geçirmek, olar boýunça maglumatlary toplamak we derňemek bilen bagly geçirilýän işlere jogap berilýän işlere jogap berýär. ABŞ-y özüniň ýöriteleşdirilen biliminiň, iş tejribeleriniň zerur bolan ýerlerinde programmalaryň durmuşa geçirişinde gatnaşar we şol babatlarda meýilnamalary, işläp düzmek programmalary täzelemek boýunça işleri amala aşyrýar. Ştatyň işi programmalary dürli öwüşgünlerde düzmek, ösdürmek, ýerine ýetirmek, SPMO-nyň serişdeleriniň doly ulanylmagyna we parlanylmagyna gözegçilik etmegi ýola goýmakdan hem ybarat. Maýilnamalary düzmek, durmuşa geçirmek, býujeti anyklamak, ýyllyk meýilnamaly taýýarlamak, maglumatlary toplamak we derňemek işlerini toparlardan alnan ýörite aýratyn topara girýän işgärler alyp barýar.

Ref . http:/ /science.gov.tm/projects/pes/tm/

2 Responses

  1. […]  ABŞ-nyň Ýokary bilim ulgamy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: