Iň uly organymyz haýsysy …

skinAjaýyp “eşik”
„Iň uly organymyz haýsysy“ diýlip soralanda köpimiz ilki bilen içki organlarymyzy göz öňüne getirýäris. Ähli ýerimizi örtäp duran derimiz belkem, iň soňunda kellämize gelýär. Aslynda bolsa, derimiz bedenimizde esli meýdany tutup duran iň uly organymyzdyr.

Bedenimize geýdirilen bu ajaýyp “eşik” bir tarapdan içki organlarymyzy goraýar, beýleki tarapdan bolsa, reňkidir özüne mahsus dokumasy bilen bizi gelşikli görkezýär. Biri-biriniň üstüni ýetirip duran üç gatlakdan emele gelen bu örtginiň bir topar möhüm wezipeleri bar.
Iki taraplaýyn gorag

Derimiz bedenimiz üçin göýa bir galkandyr. Edil atmosferanyň Dünýäniň daşyny gurşap alyp goraýşy ýaly, derimiz hem bedenimizi örtäp dur. Ol bedenimizdäki suwuň hem-de beýleki käbir maddalaryň daşary çykmagyny, biziň üçin zyýanly bolup biljek maddalaryň bolsa içeri girmeginiň öňüni alýan iki taraplaýyn gorag hökmünde hyzmat edýär. Gorag funksiýalarynyň ählisini deriniň üstki gatlagy ýerine ýetirýär. Bu gatlak bedenimizi mehaniki zyýanlardan we guramakdan goraýar, galyberse mikrobdyr suwuň içeri girmeginiň öňüni alýar.

 

Mehaniki täsirlere garşy ýassyk

Gaplaýan meýdanyny mehaniki täsirlere garşy goraýan derimiz 10-50 göterim aralygynda çekilip-ýazylyp bilýän häsiýetde maýyşgakdyr. Deri özüne degen zady duýma, dartylma, titreme, gyzgyn-sowuk we agyry duýgusy ýaly bir topar täsirleri seljerip beýnä iberýär. Mysal üçin, derimiz sowuk howada dartylyp, içinden geçýän gany azaltmak bilen bedenimizdäki ýylylygyň ýitmeginiň öňüni alýar. Yssy howada bolsa, serginlemek üçin deridäki ganyň akyşy tizlendirilýär. Şeýlelik bilenem, bedenimiziň ýylylygy deňagramlylykda saklanýar. Ýylylygy deňagramlylykda saklamaga derlemek mehanizmi hem goşant goşýar. Derlemek arkaly deriniň üsti bilen bedenimizden günde ortaça 600 ml suw bugaryp çykýar. Bu dodaklarymyzdan we gözümiziň gabagyndan başga bedenimiziň ähli ýerinde bar bolan der mäzleri arkaly amala aşyrylýar.

 

Günüň zyýanly şöhlelerinden goraýar

Derimiz günüň zyýanly şöhlelerine garşy hem gowy gorag bolup hyzmat edýär. Günüň zyýanly şöhlelerinden hem-ä özüni hemem örteýän organlaryny goraýar. Bardy-geldi şonda-da zaýalanan öýjükler bolsa, olary ýa-ha abatlaýar ýa-da ýok edýär. Bular bilen birlikde derimiz günüň şöhlesinden ýeterlik mukdarda peýdalanyp, D witamini öndürýär. D witamini bolsa, süňklerimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir.

 

Wagtynda öňüni almaga yardam edýär

Derimiz şeýle möhüm wezipeleri bilen bir hatarda daşky görnüşindäki käbir üýtgeşmeleriň üsti bilen içimizdäki käbir keseller hakda habar berýär. Şeýlelik bilen şol keseliň wagtynda öňüni almak mümkin bolýar.

Çäkli maglumatlarymyz bilen käbir aýratynlyklaryny agzap geçen bu organymyzyň kim bilýär, başga-da ýüze çykarylmadyk nähili aýratynlyklary bardyr?!
http://zamantm.com/tm

2 Responses

  1. […]  Iň uly organymyz haýsysy … […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: