Organiki oba hojalygynyň garşydaşlary.

organic-fruitISAAA jemgyýetçilik guramasynyň ýaýradan maglumatlaryna görä 2007 ýylda genetikasy üýtgedilen däneleri öndürýänleriň sany artypdyr. ISAAA adamzady açlykdan dyndarmak üçin oba hojalygynda biotehnologiýany ulanmaklygy wagz edýän jemgyýetçilik guramasydyr. Bu guramanyň maglymatlaryna görä dünýäde 12 million fermer genetikasy üýtgedilem (GM) däne önümlerini ösdürip ýetişdirýärler. Şol 12 millonyň 11 milliony garyp daýhalardyr. 2007 ýylda 112.92 million gektar ýerde genetikasy üýtgedilen soýa, mekgejöwen, pagta we beýleki önümler ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu san 2006 ýyldakydan 12% artykdyr.

cropBu biotehnolgiýa önüleri zyýan beriji mör-möjeklerden gorkmaýarlar, gerbisidlere durnukly we köp suw talap etmeýärler. Maglumatyň awtorlarynyň biri Kliw Jeýmsiňaýtmagyna görä, häzir dünýäde genetikasy üýtgedilen önümleriň bahasy olaryň öndürilişiniň artmagy sebäpli arzanlapdyr. Dürli zyýan berijilerden goramak üçin himikatlary satyn almakdan azat bolan garyp daýhanlar öňkülerinden köp pul gazanypdyrlar.

Şeýle önümler ABŞ-da 56.8 mln gektar ýerde öndürilipdir. Ol ýerleriň köp böleginde soýa ösdürilip ýetişdirilipdir. Etanol taýynlamak üçin ulanylýan genetikasy üýtgedilen mekgejöwen ekilen ýeriň möçberi 8 mln gektara ýetipdir.
Ikinji ýerde Argentina durýar. Bu ýurtda 18.88 mln gektar ýer genetikasy üýtgedilensoöa, mekgejöwen we gowaça ösdürmek üçin ulanylýar.

Üçinji ýerde Baraziliýa bolup, bu ýurtda 14.8 mln gektar ýerde gowaça ösdürilip ýetişdirilýär.
Bu hasabatda dördünji ýeri Hindistan eýeleýär. Bu ýurtda 6.12 mln gektar ýerde gowaça ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýewropa ýurtlarynyň arasynda genetikasy üýtgedilen önümleri öndürmeklikde birinji ýeri eýeleýän Ispaniýa bu maglumatda ýedinji ýeri eýeleýär. Ispaniýa 69.2 müň gektar ýerde genetikasy üýtgedilen däne önümlerini ýetişdiripdir. 2007 ýylda Ewropa ýurtlarynyň diňe 8-nde şeöle önümler ýetişdirilýär. Bu önümleriň bio-ýangyç üçin ulanylýandygy sebäpli, Ýewropada onuň ösdürilip ýetişdirilişi artar diýip ISAAA çak edýär.
Açyk internet sahypalary esasynda taýynlandy.

Ref. INNOVATION

One Response

  1. […] Organiki oba hojalygynyň garşydaşlary. […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: