Baý we garyp

moneyBiz 21 asyrda ýaşaýarys. Bay-garyp temasy henizem aradan aýrylanok. Baý kim, garyp kim – bu barada her kimiň bir düşünjesi bar. Kaşaň jaýyň bolsa, owadandan ýüwgir maşynyň bolsa, eliň uzadan ýerine ýetip dursa – onda saňa biri baý diýýär, beýlekisi bolsa haram pul ugrynda selpäp ýören diýýär. Garypja tünegiň bolsa, köneje maşyn edinmek etip bolmajak arzuwlaryň biri bolsa, ertirki güniň aladaň bolsa – onda saňa biri garyp diýýär, beýlekisi bolsa seni adam sanyna goşanok. Yslam dini bolsa iman baýlygyny öňe sürýär. Emma biziň aramyzda ony eýgerýän örän az. Diýmek biziň köpümiz garyp. Men bu ýerde kimiňki dogry diýen jedeli çözmek maksadym ýok. Bu ýone bir özüm üçin edilen bellik.

Öňräk Internetde okan bir makalam ýadyma düşýär. Onda “garyplyk obýektiw bir reýallyk dälde, eýsem ol dünýägaraýşyň netijesi” diýlip aýdulýar. Asly ýaponiýaly Robert Kiýosaki öz “Garyp ata, baý ata” atly kitabynda şeýle bir deňeşdirmäni getirýär.

Iki atanyň çagasyna berýän maslahatlary:

Garyp: “ Gowja oka, baý kompaniýada iş taparsyň”.
Baý: “Gowja oka, baý kompaniýany satyn alarsyň”.

Garyp: “ Men baý däl, sebäbi men kopçagaly maşgalaň atasy”.
Baý: “Men baý bolmaly, sebäbi men kopçagaly maşgalaň atasy ”.

Garyp: “ Puluňa hatyrjem bol, bagtyňy synajak bolup pulsuz galaýma”.”.
Baý: “Bagtyňa barýan ýoly özüň tap ”.

Garyp: “ Aladasyz ýaşamak üçin işle”.
Baý: “Pula mätäç bolma ”.

Garyp: “ Aňryňa pul süýşir”.
Baý: “Pulyňy amatly ýerleşdir”.

Garyp: “Terjimehalyňy sowatlyja ýaz, gowy iş taparsyň”
Baý: ” Biznes planyňy sowatlyja düz, ýörgünli kompaniýa açarsyň”.
Ýene-de bir zat: baýlyk-garyplygyň derejesini her kim öz dünýägaraýşyna, bilimine, alan terbiýesine esaslanyp ölçeýär. Şonuň üçinem bu hakda köp pikir etmän, ile zelelsiz gazanan hakyňy gelejek üçin ýerlikli ulanyp ýaşabermelimikän diýýän.

Ref. INNOVATION

2 Responses

  1. […]  Baý we garyp […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: