Topragy bejermeklikde täzeçillik

nowruz2Ýeri agdarman sürüp bejermek Topragy bejermek oba-hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde iň esasy zat bolup durýar. Onuň birnäçe görkezijileri bar: 1). Medeni ösümlikleriň ösmegi üçin oňaýly şert döretmek; 2). İýmitlendirmek üçin mikro elementleri toplamak; 3). Topragyň agrofiziki alamatlaryny kadalaşdyrmak; 4). Hapa-haşal otlaryň ýaýrap gitmeginiň öňüni almaklyk (düýbinden ýok etmeklik dälde, onyň möwjäp gitmeginiň öňüni almak); 5). Zyýan berijilere we kesellere garşy göreş; 6). Ýokary hilli tohum bilen üpjin etmek; 7). Topragy ýeterlik dökün bilen üpjin etmek..

Indiki sorag oňa haýsy ýol bilen ýetip boljaklygy. Häzir biz ýeri näçe çuň sürip bilsek sürip, dürli himikatlar bilen haşal otlary, mör-möjekleri ýoklap bilsek ýoklap, soňrada aýak aldygyna suw berip, himiktalry ýere guýup ýokarky maksatlara ýetjek bolýarys. Netijede, ýerlerimiz şorlap, topragyň hasylly gatlagy zaýalanyp, ýyl-ýyldan alýan hasylymyz çykarýan çykdajymyzdan az bolýar. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda topragy bejermekligiň has oňaýly, az energiýa talap edip, suwy tygşytly tutýan emelleri ornaşdyrýarlar. Ol emeller ýokary agronomiki netijeleri berip, topragy goramaklygyň-da netijeliligini ýokarlandyrýar. Onuň özenini ýeri agdarman sürmeklik we geçen hasyldan galan gury ösümlik galyndylarynyň topragyň ýokarky gatlagynda çüýremekligine şert döredmeklik bolup durýar. Ýa-da başgaça aýtsak, topragy bejermekligi azaldyp, topragyň ýüzinde hasylly gatlagy döretmeklik bolup durýar. Esay zat, topragyň ýokarky gatlagyny aşaky gatlagy bilen garyşdyrman, ony dörjelemek ýolydyr. Ýeri dörjelemeklik topragyň ýagdaýyna görä, dürli gurallar bilen amala aşyrylýar (çizellemek, boronalamak, kultivasiýa geçirmek we ş.m.). Bu usul häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda öwrenilýär we ornaşdyrylýar (Orsýet, ABŞ, Bolgarýa, Germaniýa, Angliýa we beýlekiler). ABŞ-nyň oba hojalyk departamentiniň hasaplamalaryna görä, 2010 ýylda sürümli ýerleriň diňe 5% hazirki usul bilen bejerilip, 95% täze ulsulda bejeriler.
Ýakynda (11.12.07) Türkmenistanyň prezidenti minstirler kabinetiniň mejilsini geçirende her bir welaýatda 20 müň gektar täze tarp ýerleriň özleşdiriljekdigini aýtdy. Eger-de şol ýerlerde şu täze usul ulanylsa has jüpine düşerdi. Şol maslahatda ýaýradylan maglumatara ser salsaň, 2007 ýylyň 9 aýynda oba hojalygyna 233.8 million ABŞ dollary sarp edilipdir, emma muňa garamazdan bugdaýdan ortaça her gektardan 11.5 sentner, pagtadan bolsa, ortaça her gektardan 14.1 sentner hasyl ýygnalypdyr. Topragy bejermeklige täze garaýyş bilen seredip, täzeçillikleri ornaşdyrsaň şol netijeler has ýokary bolardy.

Täzeçillik üçin täze tehnikalar we usullar. Elbetde, ýokarda aýdylan täzeçilligi ornaşdyrmak üçin ilki bilen türkmen toprakşynaslarynyň tijenenmegi gerek. Ýagny olar Türkmenistanyň şertlerinde haýsy tehnikalary ulanyp boljakdygyny, organiki dökünleriň öndürilmesini nädip artdyryp boljakdygyny aýdyp, daýhanlara ylmy esaslara esaslanan topragy ýitgisiz bejermegiň ýollaryny düşündirýän praktiki goldaw salgynamalaryny taýynlamak zerur. Oba hojalyk okuw merkezlerinde hem okadylýan sapaklaryň mazmunyny täzeden seljerseň gowy bolardy. Biz bu ýerde topragy agdarman bejerýän tehnikalar hakda maglumatyň we şeýle tejribäniň haýryna ors dilinde birnäçe maglumatlaryň salgysyny getirmek isledik.
Ø http://attd.ru/page518305
Ø http://www.agroru.com/cgi-bin/news_show.pl?article=5190
Ø http://www.agrosouz.ru/1_8_18.htm
Ø http://sibselmash.ru/rch45.html
Ø http://amazone.de/default2006.asp
Ø http://www.sianie1.ru/page-agro/agro.html

Ref . INNOVATION

********************************************************
Dökün ýetmezçiliginiň diagnostikasy (pomidoryň mysalynda, teplisa ekinleri)
Egerde, pomidor nahalyna azot ýetmese (N), onuň ýapraklary maýda, ýaşylmytyk-sargylt reňkde bolýar, ýapraklarynyň aşaky ýüzindäky damarjyklary gögümtil-gyzyl reňke eýe bolýarlar. Nahalyň şahalaryda şeýle renke girip bilerler, onuň hasyly maýdadan gatrawsy bolýar.
Egerde, pomidor nahalyna fosfor ýetmese (P), onuň ýapraklary içine düýrilýär.
Egerde, kali ýetmezçilik etse (K), onda ýaş ýapraklar buýralanyp, köne ýapraklaryň ujynda ýanyksy görnüş peýda bolýar.
Kalsiniň ýetmezçiligi (Ca) ýaş ýapraklarda has gözeilginç bolýar. Olarda açyk-sary tegmiller peýda bolýar, köne ýapraklar bolsa gramtyl-ýaşyl reňke eýe bolup, ölçegleri ulalýar. Şeýlede, pomidor nahallarynyň depesi çüýräp başlaýar.
Egerde, kükürt ýetmese (S), nahallaryň ýapraklary açyk-ýaşyl reňke girip, soňra saralýp, köplenç gyzylmtyk öwşgünde bolýarlar. Azot ýetmezçilikde, üýtgeşmeler ilki köne ýapraklarda ýüze çyksa, kükürt ýetmezçiliginde olar ýaş ýapraklarda göze ilýärler. Onuň sütünjiklri inçeden näzik, gatrawsy halda bolýarlar.
Bor ýetmezçilik etse (B), pomidor nahalynyň ösüş sütünjigi garalýar, aşaky böleginde täze ýapraklar ösüp başlaýar, täze ýapraklaryň şahajyklary döwülegen bolýar. Hasylynda ölen öýjükleriň goňur tegmilleri emele gelýär.
Molibdeniň ýetmezçiliginde (Mo), pomidor nahalynyň birinji we ikinji esasy goşa ýapraklary saralýarlyp, ýokarlygyna düýrülýärler. Ýapragyň damarjyklarynyň arasynda açyk-sary tegmiller peýda bolýarlar.
Demir ýetmezüilik etse (Fe), nahalyň ösüşi haýallaýar, iň ýaşajyk ýapraklary açyk-sary reňke eýe bolýarlar. Demir ýetmezçiligi gaty bilderse, onda ýapraklar agaryp, diňe onuň gyraky damarjyklary ýaşyllygyna galýarlar. Köne ýapraklardan ýaş ýapraklara demir geçmesi togtaýar.
Egerde, sink ýetmese (Zn), onda nahalaryň ýapraklary gözeilginç maýda bolup, açyk-sary reňke girýärler.
Kömürturşy gazy ýetmese (CO2), ösümliklerde fototsintez geçmeýär. Egerde günde iki gezek (ertir-agşam) kömürturşy gazyny berseň, teplisada ösdürilip ýetişdirilýän pomidordyr-hyýaryň hasyllylygy ýokarlanýar. Ýanan tebygy gaz kömürturşy gazyna baý bolýar. Aşakda onuň optimal derejesi berilýär:
Nahal oturdylan wagty —0.05 – 0.1%
Hasyla durýança – 0.05 – 0.18 %
Hasyla duranda – 0104 – 0.15%
Kostylýev D. A., oba hojalyk ylymlarynyň kandidatynyň makalasyndan erkin terjime.

Ref . INNOVATION

*******************************************

Organiki Oba Hojalygynda ulanylýan dökünler
Ýaşyl dökünler – siderasiýa.

Ýaşyl dökünler topragy organiki galyndylar we azot bilen baýlaşdyrmak üçin ulanylýar. Ony taýynlamak kän bir kynam däldir. Ilki bilen ýörite niýetlenen ösümlikleri saýlap alýarlar we olary ekýärler. Ekilen ekinler guramanka olary topraga garýarlar. Bolany.

Yaşyl dökünler topragy organiki galyndylar bilen baýlaşdyrýarlar, onuň mikroflorasyny we strukturasyny gowylandyrýar, toprakdaky çyglylygy kadalşdyrýar, eroziýany azaltýar we indiki ekiljek ekinler üçin oňaýly ýagdaýy döredýär. Yaşyl dökünler üçin niýetlenen ekinler tomusyň ahyrynda ýa-da güýziň başynda ekilýär. Olar esasanam iki topara bölünýärler: azody işläp taýynlaýanlar (fiksiruýuşiýe) (kösükli ösümlikler ) we ony özünde saklaýanlar (hranýaşiýe) (kösükli ösümliklerden başga bir ýyllyk ekinler) . Meselem, dort ýyllap ýorunja osdürilen topragyň her gektarynda 200 kg çenli azot ýygnanýar.

Kül.

Agajyň küli özünde kaliniň köpligi bilen hasiýetlidir. Agajyň küli azaotdan başga, ösümlikler üçin gerek bolam ähli iýmitleri özünde saklaýar.

Daş uny.

Daş uny özünde ösümlik üçin gerek bolan ähli iýmit maddalaryny jemleýär, aýratynam ol mikro elementlere baýdyr. Esasanam ol kopýyllyk ösümlikleri iýmitlendirmekde ulanylýar. Gök ekinleriň mikroelementlere bolan islegi gaty uly däldir. Eger-de toprakda mikroelementler ýetmezçilik etse! Onda alary daşyndan getirmeli bolýar. Sebäbi, mikroelementler ýetmese toprakda köp hili bozulmalar bolup geçýär. Demir ýetmese – hloroz, bor ýetmese – yapraklaryň deformasiýasy, molibdeniň azlygy ösüşi togtadýar, silisiýa ýetmese – toprak fosfory özleşdirip bilmeýär. Daş unyny komosta-da goşýarlar. Ol hek daşyndan, bazaltdan, granitden we başgalardan alynýar.

Kompost.

Kompost topragyň strukturasyny gowylandyrýar we ony ösümlikler üçin peýdaly iýmit bilen üpjin edýär. Kompost taýynlamak üçin hapa zyňylýan gutulara gidýän ýakylyp göýberilýän ähli organiki zatlary peýdalanmak bolar. Meselem: gury ýapraklar, agaç ýonuşgalary, saman, agaç şahalarynyň kesindileri, hapa- haşal otlar, ýer almasynyň we pomidoryň ýapraklary, goýun ýüňi, guş perleri, ders, iýmit önümleriniň galyndylary we beýlekiler. Kompost taýynlanada aşakdaky ýaly gatnaşygy saklamak zerurdyr. Kompost üçden bir bolegi gury ösümlik galyndylary; üçden bir bolegi guramadyk – gök ot çöpler we iýmit galyndylary; üçden bir bolegi bolsa, toprakdan durýar. Kompostyň taýynlanylýan döwrinde onuň çyglylygy 10% ýokary bolmalydyr we oňa kislorodyň barmaklygyna şert doremelidir. Beýle diýildigi, ony ýerde gazylan çukurda däl-de, ýerden ýokarda, daşyna haýat edilen bir ýerde taýynlamak maslahat berilýär. Kompost taýynlamak üçin ilki bilen gök otlary we ösümlik galyndylaryny öňünden taýyn edilen ýere dökýärler, soňra gury ösümlik galyndylaryny, onuň üstinden bolsa, saman we iýmit galyndylary dökulýär.

Topragyň ýüzini örtmeklik.

Agrotehnikanyň – toprakda özwagtynda we dogry taýynlyk işleriniň geçirilmesiniň – ahyrky maksady janly organizmleriň aktivligini saklamakdyr. Sebäbi, janly organizmleriň, kök systemalarynyň we topragyň strukturasynyň beýleki elementleriniň özara gatnaşyklary onuň ýokary hasyllylygyny emele getiýär.

Topragyň ýüzini örtmeklik üçin owradylan torf, çüýrän organiki materiallar, däne ösumlikleriniň börügi, samany, gury ýapraklar we polietilen ulanylýar. Ösümligiň toweregindäki açyk topragyň ýapylmagy agrotehnikanyň iň bir peýdaly çäreleriniň biridir. Beýle edilende toprakdan çygyň bugarmasy azalýar, yagyş – ýagmyrda, ýere suw tutulanda topragyň ýüziniň ýuwulmagynyň öňi alynýar, topragyň strukturasyny gowylandyrýar, ýeriň gatamaklygynyň (uplatneniýe) öňini alýar, ýylylyk geçriş ukyplylygyny ýokarlandyrýar, toprakda bolup geçýän peýdaly biohimiki prosesleri güýçlendirýär. Örtük topraga haşal otlaryň tohumlarynyň düşmegini çäklendirip, käbir keselleriň döremeginiň öňüni alýar.

Elkana Assosiýasynyň 2005 ýyldaky materiýallaryndan erkin terjime.

Ref . INNOVATION

******************************************

Toprakşynaslaryň şu günki aladalary
Toprak we howa şertlerine görä ekerançylygy üç bölege bölýärler. Ygalyň bol ýerindäki ekerançylyk (meliorative); suwarymly ekerançylyk (irrigated); düme ekerançylygy. Türkmenistanyň şertlerinde suwarymly we düme ekerançylygy häsiýetlidir. Bizde esasanam ekerançylykda mekgejöwen, kelem, hyýar, käşir, şeker şugundury, pomidor, bugdaý, günebakar, gowaça we beýleki intensiw idegi talap edyän ekinler ekilýär. Bu ekinlerden ýokary hasyl almak üçin mineral we organiki dökünleri beyleki ekinlere garanyňda has köp bermeli bolýar. Olaryň aglabasyny diňe suwaran mahalyň iýmetlendirmeli bolýar: meselem gowaçany diňe suwaran mahalyň iýmitlendirip bolýar. Diýmek bu ekinlere köp suw gerek, köp dökün gerek. Soňky döwürde, topragyň şeýle intensiw ulanmagy gaty köp ýerleriň sandan çykmagyna getirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) habaryna görä, geçen asyryň soňky çärýeginde sandan çykan topragyň möçberi ondon öňki tutuş ýüzýyllykdakydan-da has köpdür. BMG-niň 2005 ýyldaky hasabatyna salgylansaň: çölleşmekligiň we gurakçylygyň netijesinde her ýyl 40 milliýard amerikan dollaryna barabar oba hojalyk önümleri ýitirilýär.

Häzirki döwürde organiki oba hojalygy barada köp gürrüň edilip başlandy. Bu oba hojalygyny ýöretmekde sintetiki dökünleriň, pestisidleriň, ösümlikleriň ösüşini kadalaşdyrýan dermanlaryň we şuňa meňzeşleriň ulanylmagyny azaltmak öňe sürilýär. Olara derek organiki dökünleri (mallaryň dersi, ösümlikleriň galyndylaryndan taýýarlanan dökünleri), topragy bejermegiň dürli usullaryny ulanmaklyk öňe sürilýar. 2007 ýyla çenli bolan wagtda ýer ýüzinde 30.5 million gektar ýerde organiki oba hojalyk principleri alynylyp barylýar. Baryp 1924 ýylda Rudolf Şteýner biodinamiki ýer bejermek konsepsiyasyny öňe sürdi. Bu organiki oba hojalygynyň döremeginiň başlangyjy boldy. Organiki oba hojalygy terminini ilki bolup Lord Nortborn 1940 ýylda ulandy. Bu hereketiň ösmegine Albert Goward, Iw Balfor, Jerom Irwiň, Bill Mollison, Masonobu Fukuoka, Iwan Owsinski, Edward Folkner we beýlekiler ulu goöşant goşdular. 1972 ýylda Organiki Oba Hojalygyny Tarapdarlarynyň Halkara Federasiyasy (IFOAM) döredildi. IFOAM-yň aýdyşyna görä oba hojalygy hökmany suratda uzakwagtlaýyn perspektiwada sümlikleriň, haýwanlaryň, topragyň, adamlaryň saglygyny gorap saklamalydyr.

Topragy organiki usul bilen bejermek ýa-da topragy azal ulanman bejermek – bu topraga, ösümliklere bolan payhasly gatnaşyk. Eger-de bu usuly ulansaň, az çykdaýjy bilen, mineral dökünleridir zäherli himikatlary ulanman gerekli hasyly alyp bolýar. Yagny eger-de oba hojalygyny edil tebigy ekosystema kimin gurasaň, gerekli hasyly ýygnap bolar. Onuň esasy prinsipleri örän ýönekeý:

Birinji: topragy 5 sm çuňlykdan aşak bolmadyk ýagdaýda dörmeli (agdarmaly däl). Toprak – janly organizm! Darwin öz kitablarynyň birinde şeýle ýazýar:”Azal oýlanyp tapylmazyndan öň toprak ýagyş gurçuklary bilen bejerilipdir, elmydama şeyle-de bolar”. Köp alymlar 10 inedördil metr himikatlar bilen zäherlenmedik toprakda 200 kg bakteriýalaryň, şonçarak ýagyş gurçuklarynyň we beyleki janly-jandarlaryň ýylda 500 kg biogumusy öndürýandiklerini subut etdiler. Azal bilen çuň agdarlan ýerde toprak kisloroddan doýýar, onuň düzimindäki bakteriýalar çüýrintgileri mineral elementlere öwürýärler. Bu azal bilen agdarylan tarp ýerde hasyllylygy ýokarlandyrýar. Ýöne onuň dowamlylygy 2-3 ýyldan uzaga gitmeýär. Onsoň daýhana mineral dökünler, zäherli himiki dökünler gerek bolýar. Toprak bolsa, öz hasyllylygyny ýitirýär. Onuň strukturasy bozulýar. Toprakdaky suw aýlanyş joýajyklar bozulyar, ol öz kislorod paýyny alyp bilmeýaýär. Gurak gelen ýyllarda hasyl bolmaýar.

Ikinji: Topragy örtmek, ýagny bu topragyň ýüzini hasyldan galan saman, haşal otlar, gury ýapraklar we beýlekiler bilen üpjin etmeklikdir. Açyk toprak güniň aşagynda gyzýar we ahli çyglylygy bugardyp goýberýär, ýagyşdan soň batga öwrilip, dem almasyny kesýär, şemally howada üsti ýokumly gatlagy tozap gidýär, topragyň suw we şemal arkaly şorlamagyna getiýär. Emma maýdalanan gury ösümlikleriň galyndylary topragy gorap saklaýar, gurçuklaryň we mikroorganizmleriň ýaşamagy üçin oňaýly şert döredýär, söňra bolsa peýdaly çüýrintgä öwrülýär.

Üçünji: “Ýaşyl dökünleri” – siderat ösümlikleri ulanmaklyk. Olara esasanam kösükli we däneli ösümlikler girýärler. Olary topragyň strukturasyny dikeltmek we organiki çöküntgiler bilen baýlaşdyrmak üçin ösdürip ýetişdirýärler. Şeýled ýapon alymy Higa Tera tarapyndan işlenilip taýynlanan tehnologýa boýunça, peýdaly mikroorganizmler bilen topragy iýmitlendirmeklik girýär. Peýdaly kömelekler, mikroblar bilen iýmitlendirilen toprak geň galaýmaly bol hasyly berýär. Bu tehnologiýa eýýäm 15 ýyl bäri dünýäň köp ýurtlarynda ulanylyp gelinýär.

Organiki usulda ýer bejermekligiň öz inçelikleri bar. Eger-de ol inçelikleri ele alsaň, onda ösümlikleri kesellerden we zyýan berijilerden gorap, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak mümkin.

Organiki ýya-da azalsyz oba hojalygynyň artykmaçlygy barada alymlar köp dellileri getirýärler. Olaryň käbiri aşakdakylar ýalydyr: tehnikany ulanmaklyk azalýar, tebigy mineral we organiki önümleriň aglabasy ýere topraga berilýär, topragyň strukturasy bozulmaýar, toprakdaky ygalyň bugarmasyazalýar, topragyň tebigy howalanmasyna şert döreýär, iň esasysam toprak zaýalanman, gaýtam adamlar üçin zerur bolan sagdyn iýmiti öndürýär. Bizi bu topragy ulanyjylara däl-de, eýsem ony gelejekki nesiller üçin goraýjylara öwürýär.

Biziň eramyzdan otuz asyr öň ýaşap geçen Şumerler, topragy şahaly tayak bilen bejerip her gektardan 200-300 sentner arpa hem bugdaý hasylyny alyp bilipdirler. Biziň hazirki döwrimizde hem topragy organiki usulda bejerip bol hasyly alýan daýhanlar köp. Olar bara-da, olaryň tejribeleri barada indiki gürrüňdeşliklerimizde gaýdyp geleris.

Intenertde bar bolan açyk maglumatlar esasynda taýynlandy.

Ref . INNOVATION

2 Responses

  1. […]  Topragy bejermeklikde täzeçillik […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: