Ýel eneregiýasy

yel-eneregiyasyBütündünýä meterologiýa edarasynyň maglumatyna salgylansaň, ýel energiýasynyň möçberiniň bir ýylky mukdry dünýäde 170 trillion kWt sagada deňdir. Bu energiýany ulanmak üçin Türkmenistanda hem anyk işler edilip başlandy.

Taryhy.

Ilki bilen ýel energiýasyny ýelkenli gämiler üçin mundan 5 müň ýyl ozal Müsürde ulanyp başlapdyrlar. Ýeliň güýji bilen işleýän maşynlar 4 müň ýyl mundan öň Wawilionda ulanylypdyr. Ýel degirmenleriniň klassiki görnüşi XII asyrda günbatar ýewropada peýda bolýar. XVI asyrda Gollandiýada ýel degirmenlerini güýçli depginde ulanyp başlaýarlar. Bu bolsa XVII asyrda Gollandiýanyň iň bir ösen ykdysadyýetli döwlete öwrülmegine sebäp bolýar. XIX asyrda ýel degirmenlerini öndürýän ýörite kärhanalar peýda bolýar. XX asyryň başynda diňe Orsýetde 200 müň ýel degirmenleri bar ekeni. 1888 ýylda Amerikaly Çarlz Braş ilkinji ýelden elektroenergiýa alýan degirmeni gurnaýar. Ol degirmen öz äpet göwresine garamazdan diňe 12 kilowat tok öndüripdir. Dünýäde bu barada ilkinji ylmy iş 1927 ýylda SSSR-de çap edilýär. Ýelden alynýan toga gyzyklanma geçen asyryň ýetmişinji ýyllaryndaky energiýa krizisinden soň hasda güýçlenýär. Häzirki döwürde ýelden tok öndürýän desgalar atom we beýleki elektrostansiýalar bilen arkaýyn bäsleşip bilýärler.

Ulanylyşy. Ýel energetikasyny ikä bölýärler. 50 kWt çenli – kiçi ýel engergetikasy we 50 kWt –dan ýokary – uly energetika diýip atlandyrylýar. Ulanyşda olar awtonom we torlýayn halda ulanylýarlar. Ýagny, uly energetika torlaýyn, kiçi energetika bolsa awtonom maksatlar üçin ulanylýar. Ýelden alynýan energiýanyň ösüşi ýyl – ýyldan artýar. Diňe 2005 ýylda 11.8 GWt energiýa öndürýän desgalar işe girizilipdir. Ol 2004 ýyldaka garanyňda 43% artykdyr.

 

Aşakda 2005 ýylyň jemleri boýunça ýelden elektrik togyny alýan öňdebaryjy ýurtlaryň sanawy getirilen.

 

Germaniýa – 18.4 GWt; Ispaniýa – 10.0 GWt; ABŞ – 9.1 GWt ; Hindistan – 4.4 GWt; Daniýa -3.1 GWt;

Italiýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Hytaý, Ýaponiýa we Portugaliýa hem 1 GWt-dan köp ýelden elektrik togyny alýan ýurtlaryň sanyna geçdi. 2004 ýylda ABŞ-da 6700 megawat elektroenergiýa öndürilipdir. Bu elektroenergiýa 1.6 million hojalyklary elektrik togy bilen üpjin etmäge ýeterlikdir.

 

Aşakdaky bolsa dünýädäki ýelden alynýan toguň möçberiniň ösüşi görkezilendir:

 

2000 – 17.400 MWt 2001 – 23.900 MWt

2002 – 31.100 MWt 2003 – 39.431 MWt

2004 47.620 MWt 2005 – 50.322 MWt

 

Orsýetde Ýelykdysadyýeti Assosiasiýasy bu ugurda köp iş edýär. Şeýle-de, Ýewropada, Hindistanda, Beýik Britaniýada, Täze Zelandiýada, Amerikada we beýleki ýurtlarda şeýle assosiasiýalar Dünýä Ýel Energiýasy Assosiasiýasy bilen bu ugurda birnäçe çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýärler.

 

Artykmaçlygy.
– Ekologiýa taýdan arassa energiýa
– Energiýany öz ýurduňda, özgelerden garaşsylykda alyp bolýar
– Şu günki günde iň arzan dikeldilýän energiýa (taslama baglylykda bir kilowat –sagat 4-6 sent)
– Ýelden tok alýan desgalar çopan goşlarynda, dagyň, gumuň jummüşinde ýaşaýan obalarda, merkezden uzak ekerançylykda, maldarçylykda ulanmaga amatly

Ýetmezçilikleri:
– ýeliň energiýasy daşky gurşawda ýaýrap belli bir ýerde durmaýar
– ýeliň haýsy ugurdan öwüsjekdigini bilip bolamaýar, ol çalt öz ugryny üýtgedýär
– ýel bir görseňä gaty güýçli öwsüp dur, bir görseňem iň bir şemally ýerlerde hem ýel bolmaýar
– ýel energiýasyny öndürýän desgalar guşlaryň uçuşyna päsgel berýärler, mör-möjekleriň ýaşaýşyna zyýan ýetirýärler
– desgalaryň sesi gaty bolýar, radio tolkunlaryny yza serpikdirýärler
– bahasy gymmadrak düşýär

Açyk internet materiallary esasynda taýynlandy

Ref.  INNOVATION

 

2 Responses

  1. […]  Ýel eneregiýasy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: