Gün energiýasy

sunEkinlerden alynýan bio ýangyç, günden, ýelden, suwüň güýjünden alynýan energiýa alternative ýa-da dikeldilýän energiýa ady bilen bellidir. Biz bu ýerde günden alynýan energiýa barada gürrüň etmekçi. Günüň ýere berýän energiýasy adamyň ulanýan energiýasyndan 35 müň esse köpdür. Häzirki döwürde gün energiýasy Türkmenistanda esasanam hojalyklarda ýuwulan eşikleri, mallar üçin gyşa ot-çöpleri guratmak, gawun, pomidor kaklaryny taýynlamak, açyk howuzlarda suwlary ýylatmak, dynç alyş mahaly teniňi güne ýakmak ýaly hajatlar üçin ulanylýar.

Türkmenistanda gün energiýasyny ulanmak maksady bilen işleýän “Gün” atly ylmy önümçilik birleşigi bar. Onuň işgärleri ýel—gün bilen işleýän 6 adam we 1000 dowar üçin niýetlenen desgany patentläpdirler. Türkmen alymlary A.M. Penjiýew we B.D. Mämmetsähedow gün energiýasynyň özüne düşýän gymmaty barada ylmy makala çap edipdirler. “Çöllük ýerlerde ulanmak üçin gün energiýasy bilen işleýän suw göteriji desganyň” taslamasyny Türkmenistanyň Çöller, Ösümlikler we Haýwanat Dünýäsi Institutynyň işgarleri maliýe goldawyny tapmak üçin internetde ýerleşdiripdirler.Emma gün energiýasyny ulanmak häzirlikçe şondan aňryk geçmäne meňzeýär. Ýakynda, Türkmenistanyň Prezidenti gün energiýasyny ulanmaklygyň mümkinçiligini General Elektrik kompaniýasy bilen duşuşanda aýratyn agzap geçdi. Beliki-de, indi türkmen alymlary, hojalykçylary bu ugurda işi tijendirerler.

Gün energiýasyny nädip alýarlar?

Ony tebigy ýarym geçirijileriň kömegi bilen alýarlar. Şeýle ýarymgeçirijileriň biri kremnidir. Kremniniň Türkmenistandaky ätiýaçlyklary ummasyzdyr. Gragumyň çägesi şol kremniniň maýdajyk bölejikleridir. Örän çylşyrymly prosessleriň üsti bilen kremniden monokristallary ösdürip ýetişdirýärler. Soňra olary plastinalar görnüşinde kesip, 0.2 – 0.4 mm galyňlykdaky “gün kremnisine” owürýärler.

Gün energiýasyny öndürýän desgalar nirede satylýar?

Häzir Orsýetde, Amerikada, Hindistanda we beýleki döwletlede günden energiýa almak üçin ulanylýan desgalar giňden satylýar. Hatda, internediň üsti bilen özüňe gerek energiýany hasaplap , nähili desga gerek bolsa, şony-da buýrup, öýüňe getirdip bolýar.

Gün energiýasyny ulanmaklygyň artykmaçlyklary.

– gün energiýasy mugt
– gumyň jümmüşinde, dagyň içinde ýeke oturan obalary elektrik togy bilen üpjin edýär
– energiýa almak üçin daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaldýar
– gün energiýasy bilen işleýän maşynlar, şäherleriň howasyny hapalamaýar
– ulanmak üçin ýokary hünärli spesialistleri az talap edýär

Gün energiýasyny ulanmaklygyň ýetmezçilikleri:

– gije işlemeýär
– gün elektrik stansiýasyny gurmaklyk gymmat düşýär

Beýleki ýurtlarda ulanylyşy:

Amerikada 0.3 Mvt-dan 0.6 Mvt çenli bolan eksperimental gün elektrostansiýalarynyň birnäçesi işleýär. Germaniýada gün energiýasyny ulanmak üçin desgalary öndürýänlere salgyt ýeňillikleri bar. Hytaýda, Meksikada, Zimbabwede we Indoneziýada 350 müň hojalyk jaýlary gün energiýasy bilen elektrikleşdirilen. 2001 nji ýyldaky maglumatlara görä günden 1GVt elektrik togy alynypdyr.

Ref .  INNOVATION

2 Responses

  1. […]  Gün energiýasy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: