Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy

turkmen-doctorsTürkmen paýtagtynda 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan uly sport baýramçylygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň hemaýatkäri bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, bütin dünýäde bellenilýän bu sene geçen ýyl ýurdumyzyň döwlet milli baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.
Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi Döwlet «Saglyk» maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynda öz beýanyny tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, diňe ruhy we beden taýdan sagdyn millet kuwwatly, gülläp ösýän döwleti gurmak ýolundaky ägirt uly işleri üstünlikli berjaý etmäge ukyplydyr.

Soňky döwürde ýurdumyzda gurlan onlarça täze sport desgalary bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Mysal üçin, diňe Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän stadionlaryň birnäçesi, şol sanda Olimpiýa suw sport toplumy we Buzly köşk guruldy. Ýakyn wagtda welaýat merkezleriniň ýaşaýjylary her biri on müň orunlyk stadionlara eýe bolarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde 75 müň orunlyk iki ýüzden gowrak sport mekdeplerini, ýüzden gowrak sport desgalaryny gurmak we bar bolan sport desgalarynyň ýetmişisiniň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.

Olimpiýa şäherjiginiň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi möhüm durmuş maksatnamasynyň ösüşine düýpli goşant bolar. Onuň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabatda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Özünde otuza golaý desgalary jemleýän bu täsin we Merkezi Aziýada iň iri toplumlaryň biri bolan bu şäherçede diňe bir islendik derejedäki ýaryşlar geçirilmän, eýsem ol türkmen atletleri üçin okuw-türgenleşik merkezi, ýurdumyzyň türgenlerini we milli toparlarymyzy iri halkara oýunlaryna we ýaryşlaryna taýýarlamak üçin oňat binýat hem bolar.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralary milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary açdylar. Olar aşgabatlylaryň we paýtag-tymyzyň myhmanlarynyň arasynda meşhurlykdan peýdalanýan 8 kilometrlik Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde, Giňdiwaryň eteginde uly baýramçylyk maksatnamasyny guradylar. Sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary çykyş etdiler. Talyplaryň çeper höwesjeňler toparlary hem ýygnananlaryň öňünde öz sungatyny görkezdiler. Şu ýerde ýerleşýän Türkmen-türk dostlugynyň bagynda sportuň onlarça görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçirildi. Soňra dabara gatnaşyjylar dag ýodasyndan guramaçylykly we dabaraly ýöräp geçdiler.

8 kilometrlik ýörüşiň pellehanasynda karting, motosiklet sporty, woleýbol, milli göreş, düzzüm, armrestling, agram daşlaryny götermek boýunça köpçülikleýin ýaryşlar we batutanyň ussatlarynyň çykyşlary geçirildi.

Sport baýramçylygy «Serdar» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Onuň çäklerinde taoluda (toplumlaýyn maşklar) we sanşouda (kantaktly göreşler) gündogaryň başa-baş söweşleriniň şu görnüşiniň iň güýçli ussatlary belli edildi.
http:/ /www.turkmenistan.gov.tm

One Response

  1. […] Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: