Dünýäniň iň gowy tejribesi ösüp gelýän ýaş nesliň saglygynyň goragynda

my-babyDüýn paýtagtymyzda «Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy hem ösüşi» strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanan iki günlük milli seminar öz işini tamamlady.Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosy çykyş etdiler. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş we ösüp gelýän ýaş nesliň saglygynyň meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriniň hem pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri çagyryldy.

Seminara gatnaşyjylaryň dykgatyna «Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy hem ösüşi» atly Ýewropa strategiýasynyň habary hödürlendi, ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa býurosy tarapyndan 2005-nji ýylda taýýarlanypdy hem makullanypdy. Şol gurama BSGG-a gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly «parlamenti» bolup durýar. Şol resminama bu ulgamda toplumlaýyn syýasaty işläp düzmegi göz öňünde tutýar we degişli ugurlarda yzygiderli ädimleriň tapgyryny kesgitleýär. Ozaly bilen munuň özi çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy hem ösüşi babatda ýurtda hereket edýän maksatnamalaryň ýagdaýynyň seljerilmeginiň amala aşyrylmagyny, halkara tejribesi bilen tanyşdyrylmagyny, şeýle hem işleriň ýagdaýyna baha bermek üçin goşmaça maglumatlaryň dolanyşyga çekilmegini göz öňünde tutýar. Şonda ileri tutulýan ugurlaryň ýedisi: eneler we täze doglan çagalar, iýmit, ýokanç keseller, ýetginjeklik ýaşy, psihiki we psihososial ösüş hem beýlekiler bellenilendir. Bu işde gender prinsipleri hem hasaba alynýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy we ösüşi» strategiýasy boýunça eksperti hanym Wiwian Barnekouyň belleýşi ýaly, Ýewropa strategiýasynyň binýadyna iň gowy dünýä tejribesi esas edilip alnandyr, BSGG ony döwletleriň öz hususy hereketleriniň meýilnamalaryny işläp düzmegi üçin hödürleýär. Bu tejribe goşmaça taslamalary we maksatnamalary taýýarlamakda hem peýdaly bolup biler. «Aşgabatda geçirilen seminaryň barşynda biz häzirki günde Türkmenistanda eýýäm bu babatda maksatnamalaryň birnäçesiniň, mysal üçin, çagalyk ýaşyndakylaryň kesellerine integrirlenen gözegçiligiň (ÇÝKIG), çaganyň irki ösüşiniň maksatnamasynyň we ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça maksatnamanyň işe girizilendigini bilýäris. Ýetginjekleriň saglygyna gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň hem bardygyna ynanýaryn. Ýöne doly aýdyňlyk üçin ýagdaýyň seljerilmegi zerur. Hususan-da, seminaryň çäklerinde geçirilen şeýle seljeriş irki çagalyk babatda esasy maksatnamalaryň hereket edýändigini görkezdi. Diýmek, 5 ýaşdan 18 ýaşa çenli aralykdakylary öz içine alýan maksatnamanyň işlenilip düzülmegine zerurlyk bar» diýip, myhman zenan belledi.

Seminar tamamlanandan soň strategiýanyň milli taslamasyny taýýarlamak boýunça pudagara toparyň düzülmegi meýilleşdirilýär, soňra onuň düzümi Türkmenistanyň hökümetiniň tassyklamagyna hödürleniler.
27.11.2008
Irina BUROWA
turkmenistan.gov.tm

2 Responses

  1. […]  Dünýäniň iň gowy tejribesi ösüp gelýän ýaş nesliň saglygynyň goragynda […]

  2. […] Dünýäniň iň gowy tejribesi ösüp gelýän ýaş nesliň… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: