Horlanmagyň altyn açary, kaloriýa sanyny azaltmak

masgalaProtein, ýag ýa-da şeker mukdary näçe bolsa bolsun, ýürek-damar sistemasy üçin peýdaly, az kaloriýaly iýmitler iýmek we sport bilen meşgullanmagyň horlanmak isleýänler üçin iň gowy metoddygy mälim edildi. ABŞ Saglyk Institutlary tarapyndan alnyp barlan ylmy-barlagda, soňky ýyllarda moda bolan tapawutly diýeta görnüşleri deňeştirildi. 30 göterimi erkek adam, 62 göterimi bolsa aýal maşgalalardan 30 bilen 70 ýaşyň aralygyndaky artykmaç kiloly ýa-da aşa çişiklerden ybarat bolan 811 meýletiniň gatnaşmagy netijesinde 2 ýyl dowam eden ylmy-barlagda, soňky wagtlarda ygtybar edilen un, şeker, ýer almasy ýaly karbonhidratly iýmitleri gadagan eden, protein we ýaga rugsat beren jedelli Atkins ýa-da et we et önümlerini gadagan edip miwe we bakja önümleri bilen saýlanan Ornish ýaly diýeta görnüşleri barlagdan geçirildi.

Dört tapawutly diýetany esasy iýmitler bolan protein, ýag we şeker taýdan tapawutly porsiýalary meýletinlere beren ylmy işgärler, 6 aýyň ahyrynda we soňra 2 ýylyň netijesinde ähli barlaga gatnaşyjylaryň bir meňzeş horlanandygyny anykladylar. 6 aýda 5.9 kilogram horlanan gatnaşyjylaryň bil ölçegleriniň  6 aýda 2.54 sanimetr, 2 ýylyň ahyrynda bolsa 7.62 sanimetr inçelendigi kesgitlendi.  Nahar iýmek arzuwy, dokluk we açlyk ýaly duýgular bilen diýetadan hoşallyk derejesiniň hem ähli gatnaşyjylarda deň derejededigini gören ylmy işgärler, bu netijäniň ýürek-damar sistemasyna peýdaly, az kaloriýaly diýeta girlende horlanyp bilinjekdigini, ýeke-täk garaýşyň ýokdygyny görkezendigini nygtadylar. Ylmy işgärlerden Dr. Elizabeth Nabel, netijeleriň horlanmagy hökman bolan adamlarda alternatifler döredendigini we munuň bolsa diýetany dowam etdirmek babatyndan mümkinçiligi artdyrandygyna ünsi çekdi.Gündelik 1200 bilen 2400 aralygynda kaloriýa berlen gatnaşyjylara hepdede  bir gezek iň az 90 minut ýaly çalt ýöreýiş ýaly orta derejedäki hereketleriň hem etdirlendigi mqlim edildi.  Ylmy-barlag “New England Journal of Medicine” žurnalynda neşir edildi.
http:/ /www.turkmenpress.com

One Response

  1. […] Horlanmagyň altyn açary, kaloriýa sanyny azaltmak […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: