Eýnşteýn – XX asyryň genisi

einstein-turkmenXIX asyryň ahyrynda fizika ylmy agyr ýagdaýdady. Käbir alymlar „Fizikanyň möwriti gutardy“ diýişýärdiler. Birden bu ylym göze görünýän makrofizikadan, adaty göz bilen görüp bolmaýan mikrofizika öwrüldi.

Munda bolsa her bir fiziki hadysa şeýle bir çaltlykda bolup geçýärdi welin, ony görmeg-ä däl, göz öňüne getirmegem kyndy. Dünýä täzeçe düşünmegiň açaryny kim taparka? Şeýlelikde, 1905-nji ýyl geldi. Şol ýyl bir ýaş ýigit yzly-yzyna bäş sany makala bilen çykyş etdi. Ol ýigide Albert Eýnşteýn diýýärdiler. 26 ýaşly Albert Berniň patent edarasynda III derejeli tehnik bolup işleýärdi. Ol öz makalalarynda dünýäniň täze keşbini çekip, giňişlik, wagt, materiýa we energiýa barada düýpgöter täze düşünjäni teklip edýärdi. 1905-nji ýyl Eýnşteýniň täsin ýylyna öwrülýär. Ylmyň taryhyny öwreniji Bill Braýson „Eýnşteýn birinji makalasynda ýagtylygyň düýp manysyny düşündirip, munuň üçin 1921-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy. Ikinjide bolsa atomlaryň hakykatdan-da bardygy subut edildi. Onuň üçünji makalasy bolsa dünýäni tutuşlygyna üýtgetdi“ diýip ýazýar. Bu Eýnşteýniň ylymda rewolýutsiýa döreden işi otnositellik teoriýasydyr. Emma bu ady alymyň özi halamaz eken. Ol „absolýutlyk teoriýasy“ diýmegiň tarapdary eken. „Hereket edýän jisimleri elektrodinamikasy barada“ atly bu makala ähli döwürde, haçan hem bolsa adamyň aklyna gelip biljek iň uly ylmy işleriň biri hasaplanýar. Bu makalada ýekeje-de salgylanma, başga biriniň sözünde alynma, hatda matematiki formula hem getirilmändir. Snou bu barada şeýle ýazýar: „Eýnşteýn hiç kimiň kömegine daýanman, başganyň pikirine gulak gabartman, diňe öz pikirine esaslanyp ylmy netijelere gelýär“.

Albert Eýnşteýn çagalygyndan özdiýenli bolupdyr. Ol 1879-njy ýylda dünýä inýär. Ulma şäheriniň Banhofştrass köçesinde ulalan Albert üç ýaşaýança gürlemändir. Albert nädibem bolsa dünýäniň matalyny çözmegiň kül-külüne düşüpdir. Onuň şeýle uly zada ymtylýandygyna garamazdan, mekdepde okaýşy o diýen bolmandyr. Bu aşa zehinli çagalarda adaty duş gelýän ýagdaýdyr. Netijede, ol ähli zady taşlap, ene-atasynyň ýanyna Italiýa gidýär. Ýöne asyl maksady okuwyny Sýurihde dowam etdirmek bolupdyr. 1900-njy ýylda Eýnşteýn Sürihiň politehnikumyny tamamlap, matematika mugallymynyň diplomyny alýar. Işe başlandan soň, tehnikumda bile okan gyzy Milew Mariçe öýlenýär.

Albert Eýnşteýn çagalykdan „Eger kimdir biri edil ýagtylygyň tizligi ýaly uly tizlikde hereket etse, şol bir wagtyň özünde ýagtylyk tolkunlaryny synlap barsa, nähili bolar?“ diýip, pikir edýär eken. Ol bu sowala jogap tapmasa-da çözgüdi barada oýlanmagyny goýmandyr. Asyl hem onuň ýyllar boýy şol bir zadyň pikirini edip gezmek endigi bar eken. Patent edarasyndan çykyp, Berniň dar köçelerinde uzak wagtlap gezmegi halaýan Eýnşteýniň pikirleri gün-günden aýdyňlaşýardy. Ol giňişlik we wagt baradaky pikirini kem-kemden çugdamlaýardy. Soň ol bu meselede amerikaly Mihaelsonuň we Morliniň geçiren tejribeleri barada eşidýär. Olaryň tejribeleri ýagtylygyň tizligini Günüň daşyndan uly tizlikde aýlanýan Ýere degişlilikde ölçemek baradady. Ýeriň tizliginiň hemişe üýtgäp durýandygy üçin ýagtylyk hem Ýeriň täsirine görä tizligini üýtgedýändir diýlip çak etmek boljakdy. Emma bu çaklama subutnama ýokdy. Ýagtylyk tizligini üýtgetmeýärdi. Eýnşteýn muny ýörelge hökmünde alyp, „Älemiň islendik ýerinde ýagtylygyň tizligi üýtgemeýär“ diýdi. Bu pikir mehanikanyň kanunlaryna ters bolsa-da alym oňa üns bermeýärdi. Alymyň pikiri hakykatdan-da dogry bolup çykdy. Ýagtylygyň tizligi biziň giňişlik we wagt çägimizde iň ýokary tizlik bolup durýar. Ol 299792,458 km/sekunda deňdir. Ýagtylygyň tizliginiň kesgitlenmegi wagtyň we giňişligiň otnositeldigini aňladýar. Ýagny, hereketde, bolan zat üçin wagt hereketsiz ýatan zat bilen deňeşdireniňde çalt geçýär. Haçan-da Awgustin „Wagt akyp duran hadysalardan doly derýadyr. Onuň akymy öňe barýar. Bu gün göreniň ertir ýok“ diýende wagtyň akymynyň birsydyrgyn däl-de synçynyň hereketine baglydygyny bilmeýärdi. Nýuton fizika wagt we giňişlik düşünjesini ýeňillik bilen salýar. Onuň: „Wagt bir pursatdan beýleki pursada birmeňzeş, üýtgewsiz görnüşde geçmeýär“ diýen garaýşyna şübhe bilen seredýärdiler. Leýbnis „Wagt edil dil ýaly dürli hadysalary biri-birine baglanyşdyrýar“ diýip hasaplaýardy. Dünýä üýtgemese, hadysalar bolup geçmese, wagt hem bolmaýar. Eýnşteýniň pikiri Leýbnisiňkä ýakyn bolsa-da, ony dolulygyna gaýtalamaýar. Eýnşteýniň getiren düşünjesine laýyklykda, wagtyň akymy ulgama bagly bolýar. Kiçi tizlikler üçin Nýutonyň fizikasy makul. Emma bir jisimiň tizligi, aýdaly 30.000 km/sekunda ýetende wagt onuň üçin duran jisim bilen deňeşdireniňde 7 esse haýallaýar. Diýmek beýle ulgamda wagt duran ulgamdan 7 esse haýal geçýär. Bu ýagdaý ýagtylyk tizligine ýakynlaşdygyça ulalýar. Şonuň üçin jisimiň beýle tizlige ýetmegi ýada aşmagy mümkin däldir.

Geliň, hyýaly bir mysala garap geçeliň. Kosmiki gämi Ýere gaçýan jisimiň gitdigiçe tizligini artdyryşy ýaly, hemişe ýokarlanýan tizlik bilen Ýerden daşlaşýar diýeliň. Onuň tizligi sekuntda 9,8 m/sek artýar. Gämi bizden 2 million ýagtylyk ýyl uzaklykda Andromede galaktikasyna tarap hereket edýär. Galaktika barýan ýoluň ýarysy geçenden soň, gäminiň tizliginiň artmasy galýar-da haýallamaga başlaýar. Ahyrsoňy gämi galaktika juda pes tizlik bilen barýar. Galaktika ýetmek üçin gämä 30 ýylyň gerek bolýandygyny hasaplap çykarmak kyn däl. Bu wagtyň dowamynda astronawt 2 million ýagtylyk ýylyna deň ýoly geçýär. Soňra ol yzyna dolanýar-da ýene 30 ýyly geçip, Ýere gonýar diýeliň. Bu ýoluň dowamynda Ýerde 4 million ýyl geçýär. Astronawt bolsa bary-ýogy 60 ýylda garraýar. 1909-njy ýylda dünýä meşhur Albert Eýnşteýn patent edarasyndan çykyp uniwersitetde mugallymçylyk edip başlaýar. Ol Sürihiň, Berniň, Praganyň uniwersitetlerinde sapak berýär. Albert Eýnşteýn 1955-nji ýylyň aprel aýynyň 18-ine aradan çykýar. 
http:/ /zamantm.com

One Response

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: