Mahmyt Kaşgarlynyň ylmy mirasy alymlaryň üns merkezinde

kashgarly1Türkmenistan dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlary garşy alýar. Şu gün ýurdumyzda XI asyryň görnükli alymy-filology Mahmyt Kaşgarlynyň durmuş ýoluna we döredijilik mirasyna bagyşlanan forum açylýar.

«Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» atly halkara ylmy maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we hut türkmen döwletiniň howandarlyk etmeginde geçirilýär. Bu forum Milli medeniýet «Miras» merkezi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş tarapyndan guralýar we geçirilýär.

Türkmen halkynyň ylmy-edebi we medeni mirasynyň çuňňur öwrenilmegine we dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilen simpoziumlary geçirmek milletiň baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ylym we bilim boýunça ýaýbaňlandyrylan reformalary üstünlikli amala aşyrmakda hem-de olary halkara derejesine ýetirmekde möhüm ähmiýetli faktor bolup durýar.

Konferensiýanyň temasy ýurdumyzyň alymlarynda we olaryň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi. «Mahmyt Kaşgarly türkologiýa ylmyny esaslandyryjydyr» atly halkara ylmy maslahata dünýäniň on sekiz ýurdunyň ylym we medeniýet işgärleri gatnaşýarlar. Iki günüň dowamynda Mahmyt Kaşgarlynyň döredijilik mirasyny öwrenmek, onuň esasy işi hasaplanýan «Türki dilleriň diwany» atly eseriniň türki dil biliminiň, Gündogaryň medeniýetiniň we edebiýatynyň ösüşindäki orny we muňa ýetiren täsiri bilen bagly çykyşlaryň 150-den gowragy diňleniler we ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara konferensiýanyň medeni çärelerden düzülen maksatnamasy örän täsirli bolar. Biziň myhmanlarymyza ajaýyp medeniýet merkezlerine baryp görmäge, muzeýleriň täsin galdyryjy ekspozisiýalary bilen tanyşmaga we türkmen paýtagtynyň gözel künjeklerini görmäge mümkinçilik döredildi.

http:/ /www.turkmenpress.com

2 Responses

  1. […] Mahmyt Kaşgarlynyň ylmy mirasy alymlaryň üns merkezinde […]

  2. […] Mahmyt Kaşgarlynyň ylmy mirasy alymlaryň üns merkezinde […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: