Çagalarymyza ‘ýok’ diýip bilmeli, ýerinde duýduruşlar bermeli

turkmen-babyÇaga söýgi bilen kemala geler. Emma perzentimizi söýýändigimizi subut etmek üçin onuň her diýenini etmeli diýip zat ýok. Durdmuşda her islegiň hasyl bolmaýandygyna kiçilikden öwrenşmeli. Galyberse-de çaga özi üçin nämäni oňatdygyny, nämäni erbetdigini ene-atasyndan oňat bilmez. Şonuň üçin çaganyň aglanyna garamazdan ýerinde ‘ýok’ diýmegi başarmaly. Uzak wagt her islegini ýerine ýetirip birden-em bir islegine ‘ýok’ diýeniňizde, siziň oňa bolan söýgüňiziň indi kesendigiňizi pikreder we her diýeniňiziň tersini etjek bolar. Alymlaryň yzarlamalary esasynda kiçikä her islegi ýerine ýetirilen çagalar, ulalanda herhili keýpi dadyp görensoň, has tapawutly keýipleriň awyna çykýandygyny, ýagdaýyň neşekeşlige çenli barýandygyna göz ýetirilendir.

Kiçikäm goňsylaryň çagalary bilen uruşanymda, men hakly bolaýyn ýa-da bolmaýyn, ejem meni urardy, goňşymyň çagalaryny däl. Men şol sebäpli uly birinden taýak iýsem-de, ejem-em uraýmasyn diýip aglap gaçardym. Ejemiň bu eden hereketi meni bir tarapdan dogry bolaýyn, bolmaýyn uruşa goşuluşmazlygy endik ýagdaýyna getirdi. Ýagny çagaňyzyň ýalňyş bir zat edende ýalňyş edýändigini aýtmak, duýdurmak gerek.

Kiçikä bir ‘ýok’ diýip bilmek bilen, duýduruşlar bilen çagaňyzy geljekdäki uly howplardan goraýandygyňyzy ýatdan çykarmaň. Bu waka bilen baglanşykly halk arasynda ýaýran iki wakany hem aýdyp bermekçi:

Bir oglanjyk goňşusynyň towugynýn guzzan ýumurtgasyny ogurlap öýüne getiripdir. Ejesi ýylgyryp, kellesini sypalap ‘berekella’ diýipdir. Oglanjyk bu erbet endigine dowam edipdir, we waka towuk ogurlana çenli gelipdir. Ejesi ýene sesini çykarmandyr. Oglan ýigit bolupdyr, we ömri boýy puşman ediji endik onuň ganyna geçensoň gutulyp bilmändir, we indi ogurlyklary uly mukdarda dowam edipdir. Bu endik onuň ruhynda halys uly kesel döredipdir. We bu ýigidiň ejesi bir gün öljek bolup düşekde ýatyrka, soňky deminde ogly ejesine: ‘Ezizim! Sen ölmezden öň men seniň süýji diliňi ogşasam bolýarmy?’ diýipdir. Ejesi dilini agzyndan çykarypdyr. Ogly ogşajak ýaly bolup diline dişleri bilen gaýym gemirip dişläp alypdyr. Ýigit samrapdyr ‘Şu diliň sebäpli men şu günlere düşdim!’ (Bu wakanyň herhili görnüşleri bar.)

Bir oglanjygy kiçi bolansoň ejesi ýany bilen pagta otagyna alyp gidipdir. Ekini otap ýören ejesiniň elindäki oragy gören oglanjyk ‘maňa ber-de, maňa ber’ bolup ugrapdyr. Ejesi agysyna çydaman oragy beripdir. Oglanjyk orak bilen oýnap otyrka birdenem iki gözünden birine nädip dürtenini bilmäni galypdyr. Bir gözi akyp, agy içindäki çagasyna oragy beren ene müň puşman bolsa-da, oglanjyk bir gözünden mahrum bolupdyr. Oglan ulalypdyr, ýigit bolupdyr. Öýlenjek bolup gyz-juwanyň gözlegine çykypdyr. Emma kakan gapysy gyzyny bermekden ýüz öwüripdir. Ýigit aýlanyp ejesine gelip: ‘Eje, şol oragy näme üçin elimden almadyň?’ diýende ejesi ‘Seniň aglanyňa dözmedim,’ diýipdir. Ine şonda şol goç ýigit taryha girjek şu sözleri aýdypdyr: “Eje-jan! Bir aglardym, bir goýardym. Indi bolsa men ömrüm ötýänçä aglamaly boldum-a!”.

(Emma, meniň gulagyma şoňa ýüregi awap bir daýza öz gyzyny beripdir diýip ýetdi. Ýöne şu wagt bize möhüm ýeri bu däl. Sebäbi mowzugyň daşynda.)

http:/ /www.turkmenpress.com

2 Responses

  1. […] Çagalarymyza ‘ýok’ diýip bilmeli, ýerinde duýduruşlar bermeli […]

  2. […] Çagalarymyza ‘ýok’ diýip bilmeli, ýerinde duýduruşlar… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: