ONKOLOGIKI KESELLER KIME HOWP SALÝAR?HTD kimde ýüze çykyp biler ?

RAK KESELINE GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞME GÜNI

ONKOLOGIKI KESELLER KIME HOWP SALÝAR?

Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak, häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.

Çiş kesellerinde bedeniň käbir agzalarynda ýa-da dokumalarynda täze öýjükler saklap bolmaýan derejede köpelýär, ösýär. Agzada çiş emele gelip, ol onuň ýerine ýetirýän işini bozýar. Wagtyň geçmegi bilen ulalyp, ol töweregindäki agzalary hem gysyp, olaryň işini hem bozup biler. Şonuň ýaly ýagdaý, esasan «howply däl» çişlerde ýüze çykýar. Olar öz wagtynda ýüze çykarylyp, hirurgiki usul bilen aýrylanda, uly bir zyýan ýetirilmeýär.

Ýöne käbir ýagdaýlarda öýjükler gaty çalt köpelip, olaryň görnüşleri adaty, sagdyn öýjüklerden düýpgöter tapawutlanýar. «Howply çişler» diýip atlandyrylýan bu öýjükler bir ýerde ösüp köpelmän, ýanyndaky agzalara, hatda limfa arkaly bütün bedene ýaýraýar. Ýaýran ýerinde hem bölünip, täze çişleriň döremegine sebäp bolýar.

Howply çişleriň öýjükleriniň çalt ösüp köpelmegi üçin köp mukdarda iýmitlendiriji maddalar gerek bolýar. Olar bu maddany başga agzalardan alyp, bütün bedeniň iýmitlenmesini ýaramazlaşdyrýar. Üstesinede, öýjükler köp zäher bölüp çykaryp, bedeni zäherleýär. Näsag horlanýar, tapdan düşýär, işdäsi kesilýär, güýçli agyrlardan ejir çekýär.

Howply täze döremeleriň içinde iň köp duş gelýäni – rakdyr. Bu kesel içki agzalaryň nemli bardasynyň öýjükleriniň täzeden, kadasyz döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Beden öýjükleriniň howply ýagdaýda köpelmeginiň sebäpleri entek belli däl. Ýöne bu ýagdaýy düşündirýän çaklamalaryň birnäçesi öňe sürülýär. Olaryň birinde kesel dörediji wiruslar, beýlekisinde bolsa çilimde, alkogol içgilerinde duş gelýän kanserogen (rak dörediji) maddalar esasy sebäp höküminde görkezilýär.

Islendik ýagdaýda hem, keseliň alamatlary ýüze çykmasada, degişli barlaglar yzygider geçirip durlanda we sagdyn durmuş ýörelgesi berjaý edilende, HTD-iň ýüze çykmagyny ep-esli derejede azaldyp bolar.

HTD  kimde ýüze çykyp biler ?

  1. Köp ýyllaryň dowamynda yzygider çilim çekýän we nas atýan adamlar. Şeýle zyýanly endikler 25-30% ýagdaýda howply täze döremeleriň emele gelmeginiň esasy sebäbi bolýar. Çilimkeşleriň arasynda agyz boşlugynyň, gyzylödegiň, öýkeniň, böwrekleriň, aşgazan asty mäziň täze döremeleri has köp duş gelýär. Çilimiň tüssesi diňe bir çilimkeşleriň däl-de, eýsem, olaryň ýanyndaky ýakyn adamlarynyň saglygyna hem howp salýar. Ýanýoldaşy çilimkeş aýallarda öýken ragynyň ýüze çykmak howpy çilimkeşiňki bilen des-deňdir.
  2. Alkogol içgileri köp içýänler. Alkogol agyz boşlugynyň, kekirdegiň, gyzylödegiň, bagryň, aşgazanyň, aşgazan asty mäziň HTD-niň emele gelmek howpyny artdyrýar. Spirtli içgiler 2-3% ýagdaýda howply täze döremeleriň gös-göni sebäbi bolup durýar.
  3. Nädogry iýmitlenýänler. Iýmitinde eti, ýokary kaloriýaly azyk önümleri, ýaglary, konserwirlenen tagamlary köp ulanýan adamlarda täze döremeleriň köp duş gelýänligini alymlar belleýärler. Agyr, ýagly tagamlary halaýan adamlarda süýt mäziniň, ýogyn içegäniň, erkeklik jyns mäziniň howply täze döremelere ýolukmak ähtimallygy ýokarydyr.
  4. Ýokanç keseller bilen kesellän adamlar. Howply täze döremeleriň ýüze çykmagy 10-20% ýagdaýda dürli infeksiýalar, wiruslar bilen baglanşyklydyr. Adam papillomasynyň 13 sany görnüşi (esasan hem 16-nji we 18 nji görnüşleri), Epşteýn-Barryň wirusy, adamyň immunodefisit wirusy, aşgazanda duş gelýän Helikobakter pylori, B we C gepatitleriň wiruslary täze döremeleriň sebäbi bolup bilerler. B gepatitiň dowamly täsiri netijesinde bagryň täze howply döremeleriniň ýüze çykmak howpy birnäçe esse artýar.
  5. Az hereketde bolýan adamlar. Howply täze döremeleriň emele gelmegi 3-4% ýagdaýda fiziki işjeňligiň azlygy bilen baglanşyklydyr.
  6. Güne ýanmagy halaýan adamlar. Tomusda günüň aşagynda uzak wagtlap bolma we ultramelewşe şöhleleriň täsiri, howply täze döremeleriň emele gelmeginiň ähtimallygyny artdyrýar. Güne ýanmak endigi deri ragynyň döremegine getirip biler.
  7. Önümçiligiň ýaramaz şertlerinde işleýän adamlar. Ýörite gorag usullary ulanylmadyk ýagdaýynda, önümçilikde duş gelýän himiki maddalar, olaryň toz görnüşi howply täze döremeleriň sebäbi bolup biler. Şonuň ýaly ýagdaýlar öýkeniň, deriniň, gyzylödegiň, damagyň ragynyň döremegine getirip biler.

 

Belli bir kada-düzgünlere eýerip her bir adam özüni howply täze döremeleriň emele gelmeginden gorap biler.

  • Çilim çekmek, nas atmak, arak içmek ýaly zyýanly endiklerden gaça duruň;
  • Her gün fiziki maşklar bilen meşgullanmaga wagt tapjak boluň. Rak keselleri fiziki taýdan işjeň adamlarda 2 esse az duş gelýär;
  • Öz agramyňyza gözegçilik ediň. Semiz aýallarda göwüs mäziniň ragy has köp duş gelýär;
  • Günüň astynda köp gezmek maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, kelläňizi doly ýapar ýaly gyrasy giň şlýapalardan, göziňiz üçin ýörite günden goraýan äýneklerden peýdalanyň. Deriňize ultramelewşe şöhleleriň täsirinden goraýan ýörite kremleri çalyň;
  • Ene çagasyny iň bolmanda 1 ýaşaýança emdirmelidir;
  • Iýmitiňiziň hiline we görnüşine üns beriň. Etiň, et we süýt önümleriň ýagsyzyny saýlaň. Kakadylan et, balyk, guş eti juda zyýanlydyr. Olar kakadylanda kanserogen maddalar emele gelýär;
  • Iri süýümlere (kletçatkalara) baý bolan iýmiti iýiň. (irimçik üwelen un çöregi, gara çörek, şüleden, darydan bişirilen tagamlar). Gök önümleri, miweleri, has hem A, E, C witaminlere baý önümleri (käşir, kişde, kelem, ukrop, gök sogan,pomidor, limon, rediska,hoz we başgalar) köp iýmek maslahat berilýär. Olaryň agyz boşlugynyň, öýkeniň, aşgazanyň, ýogyn we göni içegäniň, peşew haltasynyň, süýt mäziniň howply täze döremelerinden goraýanlygy subut edilendir;
  • Iýmit taýynlanyňyzda ýörite düzgünleri berjaý ediň. Bir gezek ulanylan ýagy ikinji gezek nahar bişirmek üçin ulanmaň. Öň ýakylan ýag täzeden gyzdyrlanda kanserogen maddalar bölünip çykýar. Şonuň ýaly-da düýbi ýanan naharda hem kanserogen maddalaryň ýygnanýanlygyny unutmaň. Buglanan, gaýnadylan naharlaryň, gowrulan naharlardan has peýdalydygyny hemişe ýatda saklaň. Nahary gyzgynlygyna iýmän, sowadyp iýiň;
  • Gormon dermanlary diňe lukmanyň görkezmesi boýunça ulanyň;
  • Dogry iýmitlenmek, endamyňy taplamak, nerw dartgynlylygynyň öňüni almak ýaly çäreler netijesinde immuniteti güýçlendirmeli. Immuniteti pes adamlara howply täze döremelerden we beýleki kesellerden goranmak kyn düşýär;
  • Medisina gözegçiliginden yzygider geçiň. Bu gözegçilikler howply täze döremelere esas bolýan keselleri anyklamaga we bejermäge, şeýle-de, HTD-i irki döwürde ýüze çykarmaga kömek eder. Aýallarda geçirilýän barlaglar:

– Digene-test-adamyň papillomasynyň wirusyny ýüze çykarýan çyrşak;
– Pap-test-rak öýjüklerini ýüze çykarýan çyrşak, howply çiş keselleriň öňüni almakda uly orna eýedir.

Bu barlaglar diňe bir howply çiş kesellerini irki döwürde ýüze çykarman, eýsem, aýalyň çaga öndürijilik ukybynyň hem uzak wagt saklanmagyna ýardam berýär.

  http://www.saglyk.info/makalalar/keseller-barada-maglumatlar/infeksiyon-dal/48-onkologiki-kesellerine-garsy-goresme-gini.html

//

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: