Türkmenistanda ýokary okuwdan soňky ylmy kadrlary taýýarlamak ulgamyň gurlusy

turkmen-sinceTürkmenistanda ylmy isgärleri taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama (mundan beýläk — düzgünnama) aspiranturalaryň, adýunkturalaryň (mundan beýläk — aspirantura) we doktoranturalaryň guralys we isleýis tertibini hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy we ylmy-önümçilik edaralarynda (mundan beýläk — ylmy edaralar) ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejelerine dalasgärleriň dissertasiýalarynyň taýýarlaýys tertibini belleýär.
Ýörüte Düzgünnama maliýelesdiris çesmeleri kesgitleýär, aspiranturalaryň, doktoranturalaryň kabul etmegi we aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerini goraýjylaryň ylmy barlaglary ýerine ýetirmäge alymlyk derejesini goraýjylar hökmünde kabul edilmeginiň, olaryň umumylasdyrylmagyny, ylymlaryň kandidatlary we ylymlaryň doktorlary alymlyk derejelerini almaklygyň dissertasiýasyny goramaklyga ylmy islerini çap etmegiň we hödürlemegiň talaplaryny, tertibini belleýär we.

Doktorantura we aspirantura Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim we ylym derejelerini ýokarlandyrmaklaryna mümkinçilik döredýän, ýokary okuw bilim ulgamyndaky ylmy isgärleri taýýarlamagyň esasy bolup hyzmat edýar.

Alymlyk derejelerini goraýjylara (soiskatellere) doktorantura, aspirantura kabul edilmezden ýokary okuw mekdeplerine ýa-da ylmy edaralara berkidilen hünärmenleriň dissertasiýalarynyň üstünde islemeklerinine mümkinçilik berilýär.

Ylymlaryň kandidaty we (ýa-da) ylymlaryň doktory alymlyk derejesini goramak isleýän sahslary kabul etmeklige aspirantura we (ýa-da) doktorantura açylan edaralar hukuklydyr.

Doktorantura, aspirantura ýokary hünär derejeli ylmy we ylmy-mugallymçylyk isgärleri we zerur ylmy-barlag we maglumat binýatlary bolan ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda açylýar.

Doktorantura kada hökmünde ylymlaryň kandidaty ýa-da ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dissertasiýalary goramak boýunça ýöritelesdirilen dissertasion geňesleri bolan ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarda açylýar.

Doktoranturalary, aspiranturalary açmak ýa-da hereket edýän doktoranturada, aspiranturada ylmy hünärleri girizmek hakynda haýysnama degisli esaslandyrmalar we edaranyň alymlar geňesiniň ylmyň degisli pudagynda anyk hünärler boýunça ylmy isgärleri taýýarlamagyň maksadalaýyklygy we mümkinçiligi hakyndaky karary bilen bilelikde tabynlygyndaky degisli ministrlige, pudak edarasyna her hünär boýunça göz öňünde tutulýan ylmy ýolbasçylaryň (maslahatçylaryň), ylmy isgärleriň hünärleriniň hereket edýän at sanawyna laýyklykda hünärleriň sanawyny görkezmek bilen berilýär. Edaralarda hünärleriň pasportlary bolmadyk ýagdaýynda hünärleriň pasportynyň taslamasyny (taslamalaryny) hödürleýärler.

Ministrlik, pudak edarasy özüniň pudak tabynlygyndaky ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň haýysnamalaryna garaýar we doktoranturalary, aspiranturalary açmak hakyndaky tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňese iberýär (mundan beýläk — Ýokary geňes).

Ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde doktoranturalary, aspiranturalary açmak, seýle hem olaryň islerini bes etmek degisli seljeris isleri geçirilenden soňra Ýokary geňesiň buýrugy bilen amala asyrylýar.

Doktoranturalary, aspiranturalary açmagyň we ýokary okuw mekdeplerdäki hem-de ylmy edaralardaky aspiranturalara, doktoranturalara ylmy isgärleriň täze hünärlerini girizmegiň tertibi Ýokary geňes tarapyndan bellenilýär.

Doktoranturalaryň, aspiranturalaryň we alymlyk derejelerini goraýjylaryň institutlarynyň üsti bilen ylmy isgärleri taýýarlamak boýunça çäreleri maliýelesdirmek Türkmenistanyň Ylym we tehnika gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetinde bu maksatlar üçin bellenen tertipde göz öňünde tutulan serisdeleriň, seýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän edara görnüsli taraplaryň (büjet edaralaryndan basga) ýa-da fiziki sahslaryň, seýle hem dasary ýurtlaryň serisdeleriniň hasabyna amala asyrylýar. Aspirantura we doktorantura döredilen ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň hem-de olara kabul etmekligiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan sanawyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna maliýelesdirilýär.

Doktorantura, aspirantura kabul etmegiň we her bir hünär boýunça alymlyk derejesini goraýjy hökmünde hasaba almagyň gözegçilik sanlary her ýylda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, seýle hem Ýokary geňesiň tabynlygyndaky ylmy edaralaryň teklipleri boýunça, Türkmenistanyň önümçiligini we durmus-ykdysady gursawyny ösdürmegiň maksatlarynyň derňelmegi esasynda, bu guramalaryň ylmy barlaglarynyň derejesiniň, ýokary ylmy hünärli isgärleriniň bolmagyny, seýle hem zerur ylmy-barlag we maglumat binýatlarynyň we dissertasion geňesleriniň bolmagyny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalasylandan soňra Ýokary geňes tarapyndan bellenilýär.

Doktoranturalara, aspiranturalara girmeklige we alymlyk derejesini goraýjy hökmünde kabul edilmeklige Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň raýatlary bolan, degisli bilim we ylym derejeli sahslar hukuklydyr.

Doktorantura, aspirantura girmek we alymlyk derejesini goraýjy hökmünde hasaba aldyrmak üçin resminamalary kabul etmeklik her bir sahsyň haýysy boýunça ýa-da edaralaryň, seýle hem dasary döwletleriň ýollamnamasy boýunça aspiranturalar, doktoranturalar açylan edaralarda amala asyrylýar.

Dasary ýurtlaryň raýatlary, sol sanda GDA gatnasyjy döwletleriň raýatlary doktoranturalara, aspiranturalara kabul edilýär ýa-da Türkmenistanyň hökümetara ylalasyklarynyň we halkara sertnamalarynyň esasynda ýokary okuw mekdeplerine we ylmy edaralara alymlyk derejesini goraýjy hökmünde berkidilýär.

Türkmenistanyň çäklerinde hemiselik ýasaýan raýatlygy bolmadyk sahslary ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň doktoranturalaryna we aspiranturalaryna kabul etmeklik Türkmenistanyň raýatlary üçin göz öňünde tutulan tertipde amala asyrylýar.

Dasary döwletleriň we edaralaryň ýollamnamalary boýunça aspirantlary, doktorantlary, ylmy derejeleri goraýjylary taýýarlamak bilen baglanysykly ähli çykdajylary ýollamnama beren tarap (eger-de döwletara sertnamalarda basgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa) ýa-da aspirantura we (ýa-da) doktorantura açylan edaranyň we onuň arasyndkay sertnama laýyklykda fiziki sahs çekýär.

Aspiranturalaryň we doktoranturalaryň üsti bilen ylmy isgärleri taýýarlamagy amala asyrýan guramalar aspirantlary, doktorantlary we alymlyk derejesini goraýjylary beýleki edaralara, sol sanda dasary ýurtlara, özara ylalasyk boýunça we okaýanlaryň razylygy bilen ýa-da okaýanyň we kabul edýän tarapyň arasyndaky sertnama esasynda bir ýyla çenli möhlet bilen ibermäge hukukly. Su ýagdaýda, eger-de ýollamnama bereniň we kabul edýän tarapyň arasyndaky sertnamada basgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ähli çykdajylary ýollamnama beren tarap çekýär. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna okaýan aspirantlary we doktorantlary dasary ýurtlaryň guramalaryna ibermeklik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalasyp, Ýokary geňes amala asyrýar.

Aspiranturanyň we doktoranturanyň üsti bilen ylmy isgärleri taýýarlamagy amala asyrýan ylmy edaralar isgärleri taýýarlamagyň hili we netijeliligi üçin jogapkärçilik çekýärler.

Ýokary okuw mekdeplerindäki, ylmy edaralardaky doktoranturalaryň we aspiranturalaryň islerine, olaryň pudak tabynlygyna garamazdan, umumy we ylmy-usulyýet ýolbasçylygy we ylmy isgärleri taýýarlamak üçin gözegçiligi Ýokary geňes amala asyrýar.

Aspiranturanyň we doktoranturanyň üsti bilen ylmy isgärleri taýýarlamagy amala asyrýan edaralar her ýylda bellenen tertipde dolandyryjy gurama ylmy isgärleri taýýarlamak boýunça degisli maglumatlary bellenilen tertipde berýärler. Degisli ugurlary boýunça ylmy isgärleri taýýarlamaklygy amala asyrýan ministrlik we pudak edarasy hem-de beýleki ýokarda duran edaralaryň guramalary bu maglumatlary umumylykda jemleýärler we olary Ýokary geňese berýärler.

Su Düzgünnamanyň esasynda ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan Ýokary geňes bilen ylalasmaklyga degisli bolan, ýokary okuw mekdebinden soňky bilim ulgamynda pudagyň degisli aýratynlygyna laýyklykda, olary beýan edýän resminamalar nesir edilip bilner.

Ýokary okuw mekdebiniň bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygy tamamlan sahslara döwlet nusgasyndaky resminamalar berilýär.

Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň isgärlerine ylymlaryň kandidaty ýa-da ylymlaryň doktory alymlyk derejesini goramaklyga dissertasiýasyny tamamlamak üçin ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen, degisli dowamlylykda üc ýa-da alty aýdan ybarat bolan is ýerinden zähmet rugsady berilýär.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini goramaklyga dissertasiýasyny tamamlamaklyga (üç aý) we ylymlaryň doktory derejesini goramaklyga dissertasiýasyny tamamlamaklyga (alty aý) zähmet rugsady ylmy isiň derwaýyslygyny, geçiren ylmy barlaglaryň möçberini, zähmet rugsady wagtynda dissertasiýasyny tamamlamak mümkinçiligini hasaba almak bilen, esasy isini ylmy isi bilen utgasykly alyp barýan sahsa is ýeri boýunça wagtyny we möhletini görkezmek arkaly ýokary okuw mekdebiniň, ylmy edaranyň alymlar geňesiniň hödürnamasy boýunça berilýär.

I. Doktorantura

Doktorantura ylymlaryň kandidaty ylmy derejesi bolan kandidatlar kabul edilýär. Doktorantlary taýýarlamak okuwyň gündizki görnüsi boýunça amala asyrylýar.

Doktorantlary taýýarlamagyň möhleti üç aýdan ýokary geçmeli däldir.

Doktorantura kabul etmek hakyndaky arza doktorantlary taýýarlamaklygy amala asyrýan ylmy edaralaryň ýolbasçylarynyň ýa-da ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň adyna berilýär. Arza indiki resminamalar gosulýar:

— ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakyndaky diplomyň nusgasy;

— sahsy maglumatlar;

— doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň giňisleýin meýilnamasy;

— nesir edilen ylmy isleriniň, ylmy barlaglarynyň, patentleriniň sanawy we nusgasy, ýerine ýetirilen ylmy barlaglar we isläp taýýarlamalar hakynda hasabatlaryň sanawy.

Sahsyýetini tassyklaýan resminamany we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakyndaky diplomy doktorantura girýän adam getirip tabsyrýar.

Ýokary okuw mekdebiniň rektory ýa-da ylmy edaranyň ýolbasçysy doktorantura girmek isleýäniň resminamalaryna garaýar we degisli kafedranyň (bölümiň, barlamhananyň, bolümçäniň) netijenamasy we ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň alymlar geňesiniň karary esasynda kabul etmek hakynda buýruk çykarýar.

Doktorantura kabul edilen sahs Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, eýeleýän wezipesinden bosadylýar. Kabul edilendigi hakynda gözegçilik sany hasaby alnan doktorantlara kabul edilen gününden, ýöne öňki is ýerinden bosadylan gününden ir bolmadyk ýagdaýda döwlet tarapyndan töleg haklary (stipendiýa) tölenilýär.

Doktorantura kabul etmegiň möhleti ylmy-mugallymçylyk we ylmy isiniň is möhletinde (stazynda) hasaba alynýar.

Doktorant taýýarlyk döwründe dissertasiýany taýýarlamagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmäge we tamamlan dissertasiýasyny degisli netijenama almak üçin kafedra (bölüme, barlamhana, bölümçä, geňese) tabsyrmaga borçly.

Dissertasion barlaglar geçirilende doktoranta kömek bermek üçin onuň taýýarlyk geçýän ýerinde ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbasçysynyň buýrugy bilen ylymlaryň doktorlarynyň arasyndan ylmy maslahatçy bellenilip bilner. Zerurlyk bolanda maslahatçy hökmünde beýleki ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň esasy ylmy isgärleri we hünärmenleri hem çekilip bilner.

Bir edaradan beýleki edara doktorantlary geçirmeklik zerur serisdeleri bolanda, doktorantyň arzasy boýunça olaryň maslahatçylary bilen ylalasylyp amala asyrylýar, ýollamnama boýunça doktoranturalarda okaýanlar üçin bolsa, ýollamnama beren tarapyň razylygy boýunça özara ylalasyklar esasynda ylmy isgärleri taýýarlamagy amala asyrýan edaranyň ýolbasçysynyň buýrugy bilen amala asyrylýar.

Doktorantlar enjamlardan, barlamhanalardan, okuw-usulyýet is otaglaryndan, kitaphanalardan tölegsiz peýdalanýarlar, is saparlaryna, sol sanda dasary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine we ylmy merkezlerine gitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-mugallym isgärleri we ylmy edaralaryň ylmy isgärleri bilen deň derejede ylmy barlagynyň saýlan temasy boýunça isleri geçirmek üçin ekspedisiýalara gatnasmaga hukukly.

Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň alymlar geňesleri her ýylda doktorantlaryň hünär synagyny geçirýär, olaryň netijeleri boýunça olaryň doktoranturada mundan beýläk-de is alyp barmaklary hakynda karar kabul edýärler.

Dissertasiýasynyň is meýilnamasyny ýerine ýetirmedik doktorant ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen doktoranturadan çykarylýar.

Möhletinden öň doktoranturadan çykarylan doktorant öň tassyklanan is meýilnamasyny ýerine ýetiren ýagdaýynda, ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada, guramada bos orun bolan ýagdaýynda, ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen galan möhlete gaýtadan kabul edilip bilner.

Doktoranturada taýýarlygyň doly okuwyny geçen sahs doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin ylmy isgäriň wezipesine geçirilmeýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarda su Düzgünnamanyň 11-nji nokadyna laýyklykda, doktorantlary taýýarlamakda kabul etmegiň gözegçilik sany döwlet býujetiniň hasabyna amala asyrylýar.

Kabul etmegiň bellenilen çäginden artyk gözegçilik sany bilen doktorantlary taýýarlamaklyk edara görnüsli taraplaryň (býujetden dasary) ýa-da fiziki sahslaryň okuwyň bahasyny tölemek baglasylan sertnama esasynda amala asyrylyar.

Kabul etmegiň gözegçilik sanynyň hasabyna kabul edilen doktorantlara her ýylda dowamlylygy iki aý bolan dynç alys rugsady berilýär.

Doktorantlara doktorantura girmezden öňki is ýerinde bar bolan ähli hukuklary (ýasaýys jaýlaryny almaklyga, ylmy ady bermeklige hukuklar we beýleki hukuklar), seýle hem öňki is ornuna dolanyp barmak hukugy saklanyp galdyrylýar.

Doktorantlar dissertasiýasynyň is meýilnamasyny ýerine ýetiren ýagdaýynda tölegli ise hukukly.

Doktorantlaryň ylmy maslahatçylaryna töleg her bir doktorant üçin ýylda 50 sagadyň hasabyndan geçirilýär.

II. Ýokary okuw mekdepleriniň isgärlerini doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin ylmy isgär wezipesine geçirmek

Ýokary okuw mekdepleriniň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolan isgärleri doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin iki ýyla çenli möhlet bilen ylmy isgäriň wezipesine geçirilip bilner.

Ylmy isgärleriň wezipesine dalas edýän ylymlaryň kandidatlary esasy is ýeri boýunça ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyna doktorlyk dissertasiýasynyň giňisleýin meýilnamasyny we nesir eden ylmy isleriniň sanawyny gosmak bilen arza bilen ýüz tutup biler.

Ýokary okuw mekdebiň rektory degisli kafedranyň (fakultetiň, alymlar geňesiniň) netijenamasy we kandidatyň beren resminamalary esasynda doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagy üçin ony ylmy isgär wezipesine geçirmek hakynda buýruk çykarýar.

Ylymlaryň kandidatlaryny doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin ylmy isgär wezipesine geçirmeklik ýokary okuw mekdepleriniň zähmet haky serisdeleriniň mümkinçilikleriniň çäklerinde isgär ýazgysyna laýyklykda rektoryň buýrugy bilen resmilesdirilýär.

Ylmy isgär wezipesinde islän döwründe ol doktorlyk dissertasiýasy boýunça isi tamamlamaga we degisli netijenamany almak üçin ony kafedra bermäge borçly.

Ylmy isgärleriň wezipesine geçirilen ylymlaryň kandidatlary (mundan beýläk — ylmy isgärler) olaryň öz haýysy boýunça ylmy barlaglary geçirmek üçin ýokary okuw mekdeplerine ýa-da ylmy edaralara olaryň razylygy boyunça is saparyna iberilip bilner.

Ylmy isgäri is saparyna ibermeklige razylyk beren ýokary okuw mekdepleri we ylmy edaralar ony ylmy maslahatçylar bilen üpjün edýär, onuň isine gözegçiligi amala asyrýar we ylmy barlaglary geçirmek bilen baglanysykly ähli çykdajylary çekýärler. Zerurlyk bolanda ylmy isgäre dissertasion barlaglary geçirmek üçin kömek bermeklige rektoryň buýrugy bilen ylymlaryň doktorlarynyň, professorlarynyň arasyndan ylmy maslahatçy bellenilip bilner.

Ylmy isgärleriň ylmy maslahatçylarynyň zähmet haky her bir isgär üçin her ýylda 50 sagadyň hasabyndan geçirilýär.

Bir ýyl geçenden soňra ylmy isgärler isgär ýazgysynda duran ýokary okuw mekdebiniň alymlar geňesine dissertasiýa boýunça isleri hakynda hasabat berýär, olaryň netijeleri boýunça alymlar geňesi onuň mundan beýläk ylmy isgär wezipesinde indiki ýylyň dowamynda islemegine ýa-da öňki is ornuna dolanyp barmaga hödürnama berýärler.

Beýleki ýokary okuw mekdeplerine we ylmy edaralaryna is saparyna ugradylan adamlar is saparynda bolýan ýerindäki ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň alymlar geňesine ylmy hasabat berýärler. Geňesiň netijenamasy ylmy isgäriň isgär ýazgysynda duran ýokary okuw mekdebine iberilýär we ylymlaryň kandidatynyň mundan beýläk eýeleýän ylmy isgäriň wezipesinde bolmalydygy baradaky meseläni çözmekde göz öňünde tutulýar.

Ylmy isgärleriň wezipesine geçirilen ylymlaryň kandidatlary bu wezipede bolmaly möhleti dolanda döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna doktorantura girip bilmeýärler.

III. Aspirantura

Aspirantura bäslesik esasynda ýokary bilimi bolan adamlar kabul edilýär.

Aspiranturada okamaklyk önümçilikden aýrylmak (gündizki görnüsde) we önümçilikden aýrylmazlyk serti bilen amala asyrylýar. Önümçilikden aýrylmak ýoly bilen aspiranturada okamagyň möhleti üç ýyldan, önümçilikden aýrylmazlyk serti bilen bolsa, dört ýyldan geçmeli däldir.

Aspiranturada okuwyň doly möhletini öň geçen adamlar döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna aspiranturada gaýtadan okamaklyga hukuksyz.

Aspirantura kabul edilmegi hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala asyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň adyna arza bermek bilen amala asyrylýar we onuň ýanyna indiki resminamalary gosulýar:

— ýokary bilim hakynda diplomyň we onuň gosundysynyň nusgasy (dasary ýurtda bilim alan sahslar, sol sanda GDA gatnasyjy döwletleriň raýatlary üçin — degisli diplomyň nusgasy, seýle hem dasary döwletleriň bilim hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň ýokary bilim hakyndaky diplomyna deňligi hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň beren sahadatnamasynyň nusgasy);

— sahsy maglumatlar;

— nesir edilen ylmy isleriniň, ylmy barlaglaryň sanawy we ylmy ise baslanda bar bolan ylmy-barlag isleri we oýlap tapmalar ýa-da ýokary okuw mekdebiniň we ylmy edarasynyň kesgitlemegi esasynda referatlary boýunça hasabatlary;

— eger-de kabul edilen kandidatlyk synaglaryny tabsyran bolsa, kandidatlyk synaglaryny tabsyrandygy hakynda sahadatnama (dasary ýurtda kandidatlyk synaglaryny tabsyran sahs üçin kandidatlyk synaglaryny tabsyrmak hakynda görkezilen resminamanyň kanuny taýdan güýçlüdigi hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň beren güwänamasy);

Sahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary okuw mekdebi tamamlandygy hakynda diplomy (dasary ýurtda bilim alan sahs diplomyň we onuň deň gelýändigi hakynda sahadatnamanyň nusgasyny) aspirantura girýän adamyň özi getirip tabsyrýar.

Aspirantura kabul etmeklik Ýokary geňes bilen ylalasyk boýunça ýokary okuw mekdepler we ylmy edaralar tarapyndan her ýylda bellenilen möhletde geçirilýär.

Aspirantura kabul etmekligi geçirmek üçin ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň (prorektorynyň) ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň (ýolbasçynyň orunbasarynyň) baslyklyk etmeginde kabul edis is topary döredilýär. Kabul edis is toparynyň agzalary ýokary derejeli ylmy-mugallymlaryň we ylmy isgärleriň, sol sanda aspirantlaryň ylmy ýolbasçylarynyň arasyndan bellenilýär.

Kabul edis is topary kabul edilýän aspirantlaryň resminamalaryna garaýar.

Aspirantura girýänler göz öňünde tutulýan ýolbasçy bilen söhbetdeslik geçýärler. Ol söhbetdesligiň netijeleri hakynda kabul edis is toparyna habar berýär.

Is topary aspirantura giris synaglaryna goýbermek hakyndaky karary göz öňünde tutulýan ylmy ýolbasçynyň kabul edilýän bilen söhbetdesliginiň netijelerini hasaba almak bilen çykarýar we bir hepdäniň dowamynda kabul edilýäniň dykgatyna ýetirýär.

Aspirantura giris synaglaryna kabul etmek aspirantlary taýýarlamaga alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň we ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň bellän is topary tarapyndan geçirilýär. Is toparynyň düzümine synaglar geçirilýän hünärler boýunça professorlar we ylymlaryň doktorlary girýär. Is toparynyň düzüminde ylymlaryň doktorlary bolmadyk ýagdaýynda ylymlaryň kandidatlary, dosentler, dasary ýurt dili boýunça ylmy derejesi we ylmy ady bolmadyk, ýeterlik derejede dasary ýurt dilini bilýän, ýokary hünärli mugallymlar kabul edilýär.

Aspirantura girýänler indiki bäslesik giris synaglaryny ýokary okuw mekdepleri üçin degisli bolan maksatnamanyň çäklerinde tabsyrýarlar:

— hünär dersi boýunça;

— ylmy barlagy ýerine ýetirmek üçin aspirant üçin zerur bolan we ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň kesgitlän dasary ýurt dili boýunça.

Hünär dersi boýunça giris synagy ilkinji tabsyrylýar. Giris synaglaryny gaýtadan tabsyrmaklyga rugsat edilmeýär. Aspirantura tabsyrylan giris synaglary bir senenama ýylynyň dowamynda güýje eýe.

Aspirantura girende dolulygyna ýa-da bölekleýin kandidatlyk synaglary tabsyran sahslar degisli giris synaglaryndan bosadylýar.

Dasary ýurtlarda tabsyrylan dasary ýurt dili boýunça giris magistrlik synaglarynyň netijeleri, eger-de bu ders boýunça magistrlik synaglary magistriň sahsy okuw meýilnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, aspirantura giris synaglary hökmünde hasaba alynýar.

Aspirantura giris synaglaryna goýberilen sahslara synaglara taýýarlanmak üçin is orny boýunça ortaça zähmet hakyny saklamak bilen ýigrimi senenama gününiň dowamlylygynda zähmet rusgady berilýär.

Kabul edis is topary giris synaglarynyň netijeleri boýunça her bir dalasgär boýunça karar kabul edýär, sunlukda, ylmy islere we ylmy-mugallymçylyk islere has taýýarlykly adamlar bäslesik esasynda hasaba almaklyk üpjün edilýär.

Aspirantura kabul edilendigi hakynda buýruk ýa-da kabul etmekden boýun gaçyrylandygy hakynda habar kabul edis is toparynyň karary çykandan soňra bäs günüň dowamynda, ýöne okuwlar baslanmazyndan öň iki hepdeden gijikdirmezden aspirantura girýän adama habar berilýär.

Aspirantura kabul etmeklik ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen geçirilýär.

Aspiranturanyň gündizki bölümine kabul edilende adamlary isden bosatmaklyk Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. Gözegçilik sany hasaba alnyp, okuwyň gündizki görnüsine kabul edilen aspirantlara töleg haklary (stipendiýa) kabul edilen güni, ýöne öňki is ornundan bosadylan gününden ir bolmadyk möhletde geçirilýär.

Aspiranturanyň gündizki bölüminde okaýan aspirant su asakdakylara borçly:

— hususy meýilnamasyny doly ýerine ýetirmäge;

— pelsepe, dasary ýurt dili we ýöritelesdirilen ders boýunça kandidatlyk synaglary tabsyrmaga;

— «Habarlar tehnologiýalarynyň esaslary» dersi boýunça hasap tabsyrmaga;

— dissertasiýa boýunça isini tamamlamaga we ony kafedra (bölüme, barlamhana, bölümçä) degisli netijenamany almak üçin bermäge.

Sungat ugry boýunça döredijilik-ýerine ýetirijilik hünärlerinde okaýan aspirantlar okuwyny tamamlandan soňra degisli hünäri boýunça jemleýji isleri berýärler, ol ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň direktorynyň bellän ýörite is topary tarapyndan kabul edilýär.

Aspiranturanyň uçurymlarynyň aspiranturanyň gündizki bölüminde okan döwri ylmy-mugallymçylyk we ylmy isleriň möhleti (stazy) boýunça hasaba alynýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň kesgitlän möhletinde kafedralaryň (bölümleriň, bölümçeleriň, barlamhanalaryň) beren, aspirantlaryň hususy meýilnamalary we dissertasiýalarynyň temalary ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary (alymlar geňesi) ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçylary (alymlar geňesi) tarapyndan tassyklanýar. Aspirantyň tassyklanan hususy meýilnamany ýerine ýetirmegine ylmy ýolbasçy gözegçilik edýär.

Aspirantyň hususy meýilnamasy «Habarlar tehnologiýalarynyň esaslary» dersi boýunça kandidatlyk synaglara we hasaplara taýýarlygy we tabsyrmaklygy öz içine almalydyr, seýle hem aspirantyň dissertasiýasynyň temasynyň özboluslylygyny we hünär derejesini hasaba almak bilen dissertasiýasynyň temasy boýunça ylmy barlaglary, makalalary, nutuklary taýýarlamaklygy, ylmy maslahatlara, seminarlara gatnasmaklary we beýlekileri öz içine almalydyr. Kandidatlyk synaglary we hasaplary tabsyrmaklyk kada laýyklykda, önümçilikden aýrylmak serti bilen okaýan aspirant üçin okuwyň ilkinji ýylynyň dowamynda we önümçilikden aýrylman okaýan aspirant üçin okuwyň üçünji ýylynyň dowamynda tabsyrmaklyk meýilnamalasdyrylýar. Önümçilikden aýrylyp okaýan aspirant onuň taýýarlygyny amala asyrýan guramanyň gurlus birikmeleriniň (kafedrasynyň, bölüminiň, barlamhanasynyň we beýlekileriň) ýygnaklaryna gatnasmaga borçly.

Ylymlaryň doktorlarynyň ýa-da professorlarynyň arasynda saýlanyp alnan ylmy ýolbasçy ýokary okuw mekdepleriniň rektory ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysy tarapyndan her aspirant aspirantura kabul edilen wagtynda tassyklanylýar.

Aýratyn ýagdaýlarda ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da ylmy edaralaryň alymlar geňesiniň karary boýunça aspirantlary taýýarlamaklyga ylmy ýolbasçylara degisli hünärdäki YHSK-niň aspirantura ýolbasçylyk etmäge rugsady bolan ylymlaryň kandidaty, sonuň ýaly-da, dosent (uly ylmy isgär) alymlyk ady bolan hünärmenler çekilip bilner.

Ugurdas hünärleri utgasdyrmak arkaly ylym barlaglary ýerine ýetirýän aspirantlara iki ylmy ýolbasçy ýa-da ýolbasçy we maslahatçy edinmäge rugsat berilýär, olaryň biri ylymlaryň kandidaty bolup biler.

Bir ylmy ýolbasça berkidilýän aspirantlaryň sany onuň razylygy bilen ýokary okuw mekdepleriniň rektory ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysy tarapyndan kesgitlenýär.

Aspirant her ýylda kafedrada (bölümde, bölümçede, barlamhanada) hünär synagyndan geçýär. Bellenilen möhletde hususy meýilnamasyny ýerine ýetirmeýän aspirant ýokary okuw mekdepleriniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen aspiranturadan çykarylýar. Aspiranturadan çykarylanlar barada maglumatlar 10 günüň dowamynda Ýokary geňese iberilýär.

Möhletinden öň aspiranturadan çykarylan aspirant öň tassyklanan is meýilnamasyny ýerine ýetiren ýagdaýynda ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň we ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen galan möhlete gaýtadan dikeldilip bilner. Dikeldilen aspirantlar barada maglumatlar 10 günüň dowamynda Ýokary geňese iberilýär.

Döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna aspiranturanyň gündizki bölüminde okamagyň möhleti göwreliligi we çaga dogranlygy boýunça zähmet rugsady wagtynda, seýle hem degisli lukmançylyk netijenamasy bolan ýagdaýynda bir aýdan artyk dowamlylykda kesellän döwründe töleg haky (stipendiýa) gaznasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň rektorynyň ýa-da ylmy edaralaryň ýolbasçysynyň buýrugy bilen möhleti uzaldylýar. Önümçilikden aýrylmazdan we tölegli esasda aspiranturada okamagyň möhletini uzaltmagyň meselesi ýokary okuw mekdebiniň we ylmy edaranyň ygtyýarynda durýar,

Aspirantlar enjamlardan, barlamhanalardan, okuw-usulyýet is otaglaryndan, kitaphanalardan tölegsiz peýdalanýar, is saparlaryna, sol sanda dasary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerine we ylmy merkezlerine gitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-mugallym isgärleri we ylmy edaralaryň ylmy isgärleri bilen deň derejede ylmy barlagynyň saýlan temasy boýunça isleri geçirmek üçin ekspedisiýalara gatnasmaga hukukly.

Ylmy edebiýatlary almak üçin döwlet býujetiniň hasabyna okaýan her bir aspiranta iki aýlyk töleg haky (stipendiýa) möçberinde her ýylda kömek puly berilýär.

Bir ýokary okuw mekdebinden ýa-da ylmy edaradan beýlekilere aspirantlary geçirmeklik, seýle hem taýýarlygyň önümçilikden aýrylmazlyk serti bilen okuwyň taýýarlygynyň gündizki bölümine geçirmeklik ýa-da onuň tersine aspirantyň arzasy boýunça onuň ylmy ýolbasçysynyň razylygy bilen, aspirantuarda ýollamnama boýunça okaýanlar üçin ýollamnama beren tarapyň razylygy boýunça ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbasçysynyň buýrugy bilen serisdeleri bolan ýagdaýynda amala asyrylýar.

Aspiranturanyň gündizki bölüminde okaýan aspirantlar hususy meýilnamalary ýerine ýetiren ýagdaýynda isgär ýazgysyndaky wezipä geçirilmäge ýa-da tölegiň beýleki sertlerinde isleri ýerine ýetirmäge hukukly.

Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň alymlar geňesleri aspirantlaryň islerine gözegçiligi amala asyrýarlar; aspirantlaryň we olaryň ylmy ýolbasçylarynyň hasabatlaryny yzygiderli diňleýärler.

Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarda su Düzgünnamanyň 11 nokadyna laýyklykda, aspirantlary taýýarlamakda kabul etmegiň gözegçilik sany döwlet býujetiniň hasabyna amala asyrylýar.

Kabul etmegiň bellenilen çäginden artyk gözegçilik sany bilen aspirantlary taýýarlamaklyk edara görnüsli taraplaryň (býujetden dasary) ýa-da fiziki sahslaryň okuwyň bahasyny tölemeklige gönümel sertnamasy boýunça amala asyrylyar.

Aspiranturanyň gündizki bölüminde okaýan aspirantlar döwlet büjetiniň serisdeleriniň hasabyna bellenen tertipde töleg haky (stipeniýa) bilen üpjün edilýär; basga säherlerden gelenler umumy ýasaýys jaýy bilen üpjün edilýär.

Aspirantlaryň ylmy ýolbasçylarynyň zähmet haky her ýylda bir aspirant üçin, sol sanda aspiranta iki ýolbasçy (ýolbasçy we maslahatçy) tassyklananda 50 sagadyň hasabyndan geçirilýär.

Aspiranturanyň gündizki bölüminde okaýan aspirantlar her ýylda dowamlylygy iki aý bolan dynç alysdan peýdalanýarlar.

Aspiranturanyň gündizki bölümini tamamlanlar (sol sanda möhletinden öň tamamlanlar) we su Düzgünnamanyň 52, 53 nokatlarynda beýan edilen talaplar doly ýerine ýetirenlere bir aýlyk zähmet rugsady berilýär.

Döwlet býujetiniň serisdeleriniň hasabyna okaýan aspirantlara zähmet rugsady wagtynda töleg haky (stipendiýa) olaryň taýýarlyk geçmeklige gelen aspiranturasyndaky ýokary okuw mekdebi ýa-da ylmy edarasy tarapyndan tölenýär.

Önümçilikden aýrylmazlyk serti bilen aspiranturada okaýan aspirantlar ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen dowamlylygy otuz senenama gününden ybarat bolan gosmaça zähmet rugsadyny is ýeri boýunça almaga hukukly.

Aspirantyň her ýyldaky gosmaça zähmet rugsadyna is ýerinden aspiranturanyň ýerlesýän ýerine çenli we ondan yzyna gatnawy üçin sarp eden wagty ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen gosulýar. Görkezilen gatnaw tölegini is beriji gurama töleýär.

Aspiranturada önümçilikden aýrylmazlyk serti bilen okaýan aspirantlar hepdede bir is güni möçberinde bos gününi almaga hukukly, oňa alýan zähmet hakynyň elli göterim möçberinde, ýöne kanunda kepillendirilen iň az zähmet hakynyň möçberinden pes bolmadyk möçberde töleg tölenýär. Is beriji gurama aspirantlara olaryň islegi boýunça okaýan dördünji ýylynda zähmet hakyny saklamazdan hepdede iki bos is gününi bermäge hukukly.
ht tp://science.gov.tm/projects/pes/tm/turkmenistan.htm

2 Responses

  1. […] Türkmenistanda ýokary okuwdan soňky ylmy kadrlary taýýarlamak ulgamyň gurlusy […]

  2. […] Türkmenistanda ýokary okuwdan soňky ylmy kadrlary… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: