Çilim düwnüge getirýär

smokingDäwnük keseliniň esasy sebäbi bolan çilimkeşlik durmuşa geçirilen gadagançylyklara garamazdan saglyga howp salmagyny dowam edýär. Türkiýäniň Seljuk uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň mugallymy, medisina ylymlarynyň doktory Mehmet Artaç öýken düwnüginiň iň esasy sebäbiniň çilimdigini nygtady.  
Düwnükden goranmak üçin çilimden uzak durmagyň esasy şert bolup durýandygyny aýdýan onkolog lukman, hassahanalaryna gün geçdigiçe gelýän näsaglaryň köpelýändigini, jemgyýetde düwnüge duçar bolmak ýygylygynyň 100 müň adama 150 adamdygyny mälim etdi.
Öýken düwnüginiň 85 göteriminiň öz gözbaşyny çilimden alyp gaýdýandygyny tassyklaýan Artaç, çilim çekýänleriň bolsa 10-20 göteriminiň düwnük keseline duçar bolýandygyny mälim etdi. Öýken düwnügini öňünden kesgitlemek we bejergi geçirmek bilen baglanyşykly henize çenli hiç hili maksatnamanyň ýokdugyny nygtan Artaç şeýle diýdi: “Düwnük keselleri bilen baglanyşykly wakalaryň arasynda ilkinji orunda durýan öýken düwnüginiň iň esasy sebäbi adamyň heniz okuwçy wagtynda çilim çekip başlamagydyr. Çünki çilimi irki ýaşlarda çekip başlan adamyň ony goýmak mümkinçiligi bary-ýogy 30 göterimdir. Şonuň üçinem düwnügiň öňüni almak üçin orta mekdeplerde okaýan çagalaryň çilimden daşda durmagyny gazanmaly. Biz çagalarymyzy çilimden halas etmäge mejburdyrys. Ýogsa bir tarapdan düwnük keseli adam ömrüni parçalasa, beýleki tarapdan ony bejermek üçin edilýän uly çykdajylar döwlete ykdysady babatda uly ýük bolup durýar”. 
http:/ /zamantm.com

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: