Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana- Türkmenistan

doctorEdaranyň gurluşy:
Hassahananyň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda işleýär. Merkezde 5 barlaghana (Gan aýlanyş, Ýylylygy sazlaýyş, Saglygy çaklaýyş, Eneleriň we çagalaryň fiziologiýasy, Ösümlikleriň melhemlik täsirini öwreniş barlaghanalary) we wiwariý işleýär.

Ylmy işlerde alnan esasy netijeler:
Tema: “Pnewmoniýa keselli näsaglarda beden gyzgynlyk sazlanyşygyny we suw-duz çalşygyny öwrenmek”.

Pnewmoniýa keselli näsaglarda, suw-duz çalşygynyň we böwrekleriň işjeňlik ýagdaýlary öwrenildi. Barlaglaryň netijesinde böwrekleriň purin maddalaryny daşaýyş, suw çykaryş, wolyumosazlaýjy we ionsazlaýjy mehanizmleriň bozulmasy anyklandy. Bu bozulmalar öýkeniň çişme hadysalarynyň derejesi bilen utgaşykly geçýär.

Tema: “Demirýol ulgamynda işleýän aýallaryň saglyk ýagdaýyny çaklamak we olarda sagaldyş çärelerini geçirmek”.

Saglygyň näsazlyk alamatlarynyň howpuna mukdar taýdan baha bermek we biologiki ýaşy kesgitlemek usullary arkaly demirýol ulgamynda işleýän aýallaryň saglyk ýagdaýlary öwrenildi. Alnan maglumatlara görä kesel ýüze çykmak howpy we biologiki garramaklyk derejesi boýunça operatorlar näsaglamak howpunyň ýokary toparyny düzýärler. Barlagdan geçen her bir zenana sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek maslahat berildi.

Tema: “Içki mäz keselleri döremek howpy bolan aýallarda böwregiň üstki mäzleriniň gabygynyň, galkan görnüşli mäziň, simpat-adrenal ulgamynyň işjeňlik ýagdaýlaryny barlamak”.

Demirýol ulgamynda işleýän içki mäz keselleriniň döremek howpy bar bolan zenanlaryň simpat-adrenal ulgamynyň, böwregiň üstki we galkan şekilli mäziniň işjeňlik ýagdaýy öwrenildi. Barlaglaryň netijesinde biologiki suwuklyklaryň düzümindäki gormonlaryň mukdary howp toparyna degişlilikde we hünärine baglylygy görkezildi. Alnan maglumatlar önümçilikdäki zyýanly we howply faktorlara düýpli baha bermekde ulanylyp bilner.

Tema: “Nesil öndüriji ýaşdaky zenanlarda ýürek-gan damar ulgamyndaky sazlyk we näsazlyk araçäk ýagdaýlary öwrenmek”

Demirýol ulgamynda zähmet çekýän nesil öndüriji ýaşdaky zenanlarda ýürek-gan damar ulgamynyň işinde dartgynlyk ýagdaýlary kesgitlendi. Netijelere görä ýaşyň ulalmagy bilen ýürek we gan-damar ulgamynda dartgynlyk ýagdaýyň ýokary bolmagy anyklandy. Iş ýagdaýyna görä keseliň döremek howpy operatorlar toparynda ýokary bolmagy kesgitlenildi.

Geçirilen ylmy maslahatlar:
Fiziologiýa ylmy-kliniki hassahanada deslapky ýylyň Baýdak aýynyň 7-8-ne ýurdumyzyň içkeselleri we maşgala lukmanlarynyň, pulmonologlaryň, TDLI-nyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramy we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň doglan güni mynasybetli “Öýkeniň mahsus bolmadyk keselleriniň ilkinji öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmegiň ugurlary – içki kesel dörediji howply sebäplere garşy aýgytly göreş” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Türkmen döwlet lukmançylyk instituty tarapyndan gurnaldy. Maslahata 224 lukman gatnaşyp, ol 4 bölümçede geçirildi:

Öýkeniň dowamly mahsus däl keselleriniň basgançaklaýyn döreýiş nukdaýnazarlary içki keseliň öň ýagdaýlaryň anyklanyşy, bejerilişi we ony kämilleşdirmekde Türkmenistanda ösýän birnäçe otlaryň ähmiýeti;
Saglyk öýleri ýagdaýynda öýkeniň dowamly mahsus däl keselleriniň keseliň öň ýagdaýyndaky ilatyň saglygyny dikeldiş çäreleri we olaryň netijesi;
Çagalarda öýkeniň dowamly mahsus däl keselleriniň keseliň öň ýagdaýynyň anyklanyşy, bejerilişi, olaryň saglygyny dikeldiş ugurlary;
Öýkeniň täze döremeleriniň keseliň öň ýagdaýynyň ýaýraýşy, anyklanyşy, öňüni alyş çäreleri.
Maslahatyň netijeleri boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine teklipler edildi.
science.gov.tm

2 Responses

  1. […] Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana- Türkmenistan […]

  2. […] Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana- Türkmenistan […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: