Rak keseli ýaýbańlaşýar

breast-cancerRak keseli 2010-njy ýylda dünýädäki iń howply kesel bolar.
Rak keseliniń 2010-njy ýylda ýürek kesellerinden hem öńe geçip, dünýädäki iń howply kesel boljakdygy habar berildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyń, Halkara rak keselerini barlag edarasy tarapyndan taýarlanan raportda, rak keseline duçar bolanlaryń sanynyń barha köpelýändigi sebäpli, 2030-njy ýylda şol kesele ýolugan adamlaryń sanynyń iki esse ýokarlajakdygy nygtaldy. Ösüp barýan ýurtlarda çilim çekýänleriń sanyń ýokarlamagynyń, rak keseline ýolugan adamlaryń sanynyń köpelmeginde uly rol oýnaýandygy barada nygtalan raportda, Hytaý we Hindistan ýaly ösüp barýan ýurtlarda çilim çekýänleriń sanynyń dünýäde çilim çekýänleriń 40 göterimine deńdigine üns çekildi. Raportda, rak keseline ýoluganlaryń sanynyń barha ýokarlaýandygy we ýylyń ahyryna çenli şol kese duçar bolanlaryń sanynyń 12 milliona ýetmegine garaşylýandygy ýatladyldy. Şu ýyl rak keseli sebäpli aradan çykanlaryń sanynyń bolsa 7 milliona çenli baryp ýetjekdigi bildirildi.
trtturkmen.com

2 Responses

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: