Balyk, Omega-3 ýagyna diýseń baýdyr

fishHünärmenler, hepde-de iki gezek balyk iýmegi maslahat berýär
Hünärmenler, iýmitlenmede esasy orun tutýan Omega-3 ýagynyń düzümindäki kislotanyń balykda has köpdigini, bu sebäpli hem hepde-de iki gezek balyk iýilmeginiń gerekdigini nygtaýar. Egeý uniwersitetiniń Tebigat Bilimleri fakultetiniń Biohimiýa bölüminiń mugallymy prof. Dr. Azmi Telefonjy, Anadoly habar gullugyna beren beýannamasynda, ýagyń, adamyń iýmitlenişinde uly rol oýnaýandygyny, esasan hem Omega-3 ýagynyń düzümindäki kislotanyń iýmitlenişde has peýdaly bolandygyny aýtdy. Hünärmenler, Omega-3 ýagynyń düzümindäki kislotanyń göwüs ragy, ýürek we damar keselleri bilen irińli hassalyklara sezewar bolmak howpyny azaldýandygyny, ýokary gan basyşynyń öńüniń alynmagynda täsirli bolandygyny aýdan Telefonjy, “Balygyń düzümindäki bu ýag, ruhy keselleriń bejerilmeginde hem örän peýdalydyr. Şol bir wagtda organizmiń öz özüni goraýan ulgamyny güýçlendirmek aýratynlygy bar. Çagalaryń we zenanlariń iýmitlenişinde uly rol oýnaýar. Göwreli zenanlar, çaga emdirýän eneler we çagalar, düzüminde Omega-3 ýagy bolan iýmitleri iýmäge üns bermelidir. Omega-3 ýagynyń düzümindäki kislota, çagalardaky beýni we görüş ulgamynyń ösmegine hem ońyn täsirini ýetirýär”diýdi.
trtturkmen.com

2 Responses

  1. […] Balyk, Omega-3 ýagyna diýseń baýdyr […]

Leave a comment