BMG-da Çilimkeşlige garşy göreş

stop-smokingBMG-nyń Baş Asambleýasy binada çilim çekilmeginiń gadagan edilmegini isledi

ABŞ-nyń Nýu-Ýork şáherindáki BMG-nyń 40 gatly binasy házirlikçe çilimkeşler üçin jennet ýalydyr. Nýu-Ýork ştatynda çilim çekmek gadagançylygy, halkara diplomatik statusa eýe bolan Nýu-Ýork şáherindáki BMG-nyń binasyny hem öz içine alýar. BMG-nyń Baş Asambleýasynde bir agyzdan kabul edilen, emma kanuny güýji bolmadyk karar taslamasynda binada çilim çekilmeginiń we satylmagynyń gadagan edilmegi islendi. BMG-nyń Baş Asambleýasynyń başlygy Miguel D’Eskoto Brokmanyń metbugat geńeşçisi Enrik Ýewes, Baş Asambleýada ara alnyp maslahatlaşylan çilim çekmegi gadagan etmek baradaky kanunyń güýje girmegi üçin BMG-nyń Baş sekretary Ban Gi-Munyń çáre görmegini islándiklerini beýan etdi. 192 agzaly BMG-da çilim çekmegiń we satylmagynyń gadagan edilmegi meselesinde Baş Asambleýada bir agyzdan kabul edilen kararyń durumuşa geçirilme mümkinçiliginiń gaty az bolandygy öńe sürülýár.

trtturkmen.com

3 Responses

  1. […] saglyk ýarmarkasy Tüssesiz howa tásirli boldyDünýániń iń kámil operasiýa roborty BMG-da Çilimkeşlige garşy göreşÖýken ragynda ösgülewige üns berilmeliDeri ragyna garşy sanjymGarrylyk çagynda az uklamak […]

  2. […] BMG-da Çilimkeşlige garşy göreş […]

Leave a comment